Ýermeýa
17 «Ýahudanyň günäsi demir galam bilen ýazylandyr,
Ýüreklerine, gurbanlyk ojaklarynyň* şahlaryna
Göwher daşynyň ujy bilen oýulyp ýazylandyr.
2 Olaryň ogullary baýyrdaky, daglardaky,
Gür ýaprakly agaçlaryň aşagyndaky+
Gurbanlyk ojaklaryny, keramatly pürslerini*+ ýatlaýarlar.
3 Ýurtda eden günäleriňiz sebäpli,
4 Size beren mirasymy öz eliňiz bilen dargadarsyňyz+.
Ol hiç wagt sönmez».
5 Ýehowa şeýle diýýär:
6 Ol çölde ýeke ösen agaç kimin bolar,
Gowy günleri görmez.
Hiç kimiň ýaşamaýan şor ýerlerinde,
Gurak çöllerde mesgen tutar.
8 Ol suwuň ýakasynda ekilen agaç ýaly bolar,
Köki çeşmäniň boýuna ýaýrar.
Ol jöwzany duýmaz,
Ýapraklary hemişe al-ýaşyl öwser+.
Gurakçylyk ýyly saralyp solmaz.
Miwesi egsilmez.
9 Ynsan ýüregi ähli zatdan hilegär, hiç zatdan gaýtmaýar*+.
Kim oňa düşünip biler?
11 Haram baýlyk toplan adam+,
Guzlamadyk ýumurtgasyny basyp oturan käkilik ýalydyr.
Ol ömrüniň ortasynda baýlygyndan mahrum bolup,
Ahyrsoňy akmaklygy bilner».
12 Hudaýyň şöhratly tagty ilkibaşdan beýikdir+,
Mukaddes mekanymyzdyr.
13 Eý Ýehowa, ysraýyl halkynyň umydy!
Senden ýüz öwrenler masgara bolarlar.
Imandan dänenleriň ady çägäniň ýüzüne ýazylar+.
Sebäbi olar dirilik suwunyň gözbaşyny,
Ýehowany taşlap gitdiler+.
14 Eý Ýehowa, derdime derman ber, sagalaýyn.
Meni halas et, gutulaýyn+.
Sebäbi saňa alkyş aýdýaryn.
15 Olar maňa:
«Hany Ýehowanyň beren sözi?+
Goý, ol sözünde dursun!» diýýärler.
16 Men çopan bolmakdan boýun gaçyrmadym,
Seniň ýollaryňdan ýöredim.
Heläkçiligi görmek islemedim.
Agzymdan çykan sözleri bilýärsiň,
Men huzuryňda gepledim.
17 Betbagtçylyk inende penam sensiň,
Men gorkmaýyn.
18 Men utanmaýyn,
Goý, duşmanlarym utansyn+.
Men gorkmaýyn,
Goý, olar gorksun.
Olaryň başyna betbagtçylyk inder+,
Duşmanlary gyryp, bütinleý ýok et.
19 Ýehowa maňa şeýle diýdi: «Ýahuda patyşalarynyň* girip-çykýan esasy derwezesine bar. Soňra Iýerusalimiň başga derwezelerine bar-da, şol ýerde dur+. 20 Olara şuny aýt: „Derwezelerden girýän Ýahuda patyşalary, ýahuda halky we Iýerusalimiň ilaty, Ýehowanyň sözüni diňläň. 21 Ýehowa şeýle diýýär: „Ünsli boluň, Sabat güni ýük götermäň, Iýerusalimiň derwezelerinden ýük geçirmäň+. 22 Sabat güni öýüňizden ýük çykarmaň. Hiç hili iş etmäň+. Ata-babalaryňyza tabşyryşym ýaly, Sabat gününi mukaddes hasaplaň+. 23 Emma olar meni diňlemediler, gulak asmadylar. Kesirlik edip, maňa boýun bolmadylar, terbiýämi kabul etmediler“+.
24 Ýehowa şeýle diýýär: „Eger siz maňa gulak assaňyz, Sabat güni şäher derwezelerinden ýük geçirmeseňiz, Sabat gününi mukaddes hasaplasaňyz, hiç hili iş etmeseňiz+, 25 şonda Dawudyň tagtynda+ oturan patyşalar we han-begler atly hem arabaly şäheriň derwezelerinden girerler. Olar bilen ýahuda halky we Iýerusalimiň ilaty girer+. Şäher hemişe ilatly bolar. 26 Ýahudanyň şäherlerinden, Iýerusalimiň daş-töwereginden, Benýamin ýurdundan+, düzlüklerden+, daglaryndan we Negepden* adamlar geler. Olar Ýehowanyň öýüne ýakma gurbanlyklaryny+, sadakalary+, galla sadakalaryny+, ladan* we şükür gurbanlyklaryny getirerler+.
27 Maňa gulak asmasaňyz, Sabat gününi mukaddes hasaplaman ýük göterseňiz, Sabat güni Iýerusalimiň derwezelerinden ýük geçirseňiz, men Iýerusalimiň derwezelerini otlaryn we berk diňlerini ýakyp ýok ederin+, söndüren tapylmaz“»+.