-
Zebur 107:22Mukaddes Kitap
-
-
22 Goý, olar minnetdarlyk gurbanlygyny bersin+,
Onuň işlerini şatlyk bilen yglan etsin.
-
-
Zebur 116:17Mukaddes Kitap
-
-
17 Saňa minnetdarlyk gurbanlygyny bererin+,
Ýehowanyň adyny çagyraryn.
-
-
Ýermeýa 33:10, 11Mukaddes Kitap
-
-
10 Ýehowa şeýle diýýär: „Siziň: „Haraba öwrüler, ol ýerde ne adam, ne mal-gara galar“ diýen ýurduňyzda, Ýahuda galalarynda, boşap galan, ilatsyz, mal-garasyz Iýerusalimiň köçelerinde 11 şatlyk we gülki sesi+, ýigit bilen gelniň sesi eşidiler. Adamlar: „Serkerdebaşy Ýehowa şükür ediň, sebäbi Ýehowa ýagşydyr+, wepaly söýgüsi* ebedidir!“+ diýerler.
Olar Ýehowanyň öýünde şükür gurbanlyklaryny bererler+. Sebäbi men ýesirleri watanyna getirerin. Olaryň ýagdaýy öňküsi ýaly bolar“. Muny Ýehowa aýdýar».
-