Asafyň aýdymy+.
82 Hudaý mukaddes ýygnaga baryp oturdy+.
Taňrylaryň arasynda şeýle höküm çykardy+:
 2 «Siz haçana çenli adalatsyzlyk etjek?+
Siz haçana çenli erbetleriň tarapyny tutjak?+ (Sela)
 3 Garyplaryň, ýetimleriň hakyny alyp beriň+.
Mätäçlere, garyp-gasarlara adalatly boluň+.
 4 Garyp-gasarlary halas ediň,
Erbetleriň elinden azat ediň».
 5 Olar hiç zat bilmeýär, hiç zada düşünmeýär+,
Tümlükde gezýär.
Ýeriň düýpleri sarsýar+.
 6 Men diýdim: «Siz taňrylar+,
Ähliňiz Allatagalanyň ogullary.
 7 Emma siz ähli adamlar ýaly ölersiňiz+.
Beýleki hökümdarlar kimin ýok bolarsyňyz»+.
 8 Ýa Alla, aýaga gal, ýer ýüzüni höküm et+,
Sebäbi ähli halklar seniňkidir.