Zebur
Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. Gitit*. Asafyň aýdymy+.
81 Güýç-kuwwat berýän Hudaýa+ joşup aýdym aýdyň,
Ýakubyň Hudaýyna ýeňiş aýdymyny aýdyň.
2 Saz çalyň, deprek kakyň,
Şirin owazly arfa çalyň, çeň* çalyň.
4 Ysraýyla berlen kanun,
Ýakubyň Hudaýynyň permany şeýledir+.
Men nätanyş sesiň* şeýle diýenini eşitdim:
6 «Onuň egninden agyr ýüküni aldym+,
Sebet götermekden dyndardym.
Meriba* suwlarynda seni synadym+. (Sela)
8 Eşit, eý halkym, saňa öwüt-nesihat bereýin.
Eý Ysraýyl, käşgä meni diňlesediň!+
9 Araňyzda keseki taňry bolmasyn,
Başga taňra sežde etmäň+.
10 Men siziň Hudaýyňyz Ýehowadyryn,
Sizi Müsürden çykaran mendirin+.
Agzyňyzy giňden açyň, men sizi doýraýyn+.
11 Emma halkym sesimi diňlemedi,
Ysraýyl maňa tabyn bolmady+.
14 Şonda duşmanlaryny derrew boýun egdirerdim,
Ýagylaryna garşy söweşerdim+.
15 Ýehowany ýigrenýän adamlar öňünde dyza çökerler,
Olar ebedilik heläk bolarlar.