Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Işaýa 5
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

Işaýa kitabynyň mazmuny

      • Ýehowanyň üzüm bagy hakda aýdym (1—7)

      • Ýehowanyň üzüm bagy weýran ediler (8—24)

      • Hudaý halkyna gaharlanýar (25—30)

Işaýa 5:1

Parallel aýatlar

  • +Zb 80:8; Işa 5:7; Ýer 2:21; Luk 20:9

Işaýa 5:2

Parallel aýatlar

  • +Mat 21:33; Mar 12:1
  • +Hoş 10:1

Işaýa 5:3

Parallel aýatlar

  • +Mik 6:2

Işaýa 5:4

Parallel aýatlar

  • +2Tr 36:15; Hyz 24:13

Işaýa 5:5

Parallel aýatlar

  • +3Ms 26:31, 33; Neh 2:3; Zb 79:1

Işaýa 5:6

Parallel aýatlar

  • +5Ms 29:22, 23; Ýer 25:11; 45:4
  • +Işa 32:13
  • +5Ms 11:16, 17

Işaýa 5:7

Parallel aýatlar

  • +Zb 80:8; Ýer 12:10
  • +Mik 6:8
  • +5Ms 15:9

Işaýa 5:8

Parallel aýatlar

  • +Mik 2:1, 2
  • +1Pa 21:15, 16

Işaýa 5:9

Parallel aýatlar

  • +2Tr 36:20, 21; Işa 27:10

Işaýa 5:10

Çykgytlar

  • *

    Sözme-söz: On jübüt. Ýagny on jübüt öküziň bir günde sürýän ýeri.

  • *

    Goşmaça maglumata serediň: B14.

  • *

    Goşmaça maglumata serediň: B14.

  • *

    Goşmaça maglumata serediň: B14.

Parallel aýatlar

  • +5Ms 28:15, 17; Ýow 1:17

Işaýa 5:11

Parallel aýatlar

  • +Luk 21:34; Rim 13:13

Işaýa 5:12

Çykgytlar

  • *

    Arfanyň bir görnüşi.

Işaýa 5:13

Parallel aýatlar

  • +Işa 27:11; Ýer 8:7; Hoş 4:6
  • +Agy 4:9

Işaýa 5:14

Çykgytlar

  • *

    Sözlüge serediň.

Parallel aýatlar

  • +5Ms 28:63

Işaýa 5:16

Parallel aýatlar

  • +Işa 6:3; Ylh 4:8
  • +5Ms 32:4

Işaýa 5:19

Parallel aýatlar

  • +Ýer 5:12; 17:15; Hyz 12:22

Işaýa 5:20

Parallel aýatlar

  • +Nak 17:15; Mel 2:17

Işaýa 5:21

Parallel aýatlar

  • +Nak 3:7; Rim 12:16

Işaýa 5:22

Parallel aýatlar

  • +Nak 23:20; 31:4, 5

Işaýa 5:23

Parallel aýatlar

  • +5Ms 16:19; Işa 1:23; Mik 3:11
  • +1Pa 21:13; Nak 17:15

Işaýa 5:24

Parallel aýatlar

  • +5Ms 31:20; 2Pa 17:13, 14; Neh 9:26; Işa 1:4

Işaýa 5:25

Parallel aýatlar

  • +5Ms 31:16, 17; 2Tr 36:15, 16; Agy 2:2
  • +Ýer 16:4

Işaýa 5:26

Parallel aýatlar

  • +Ýer 52:4
  • +5Ms 28:49, 50; Ýer 5:15
  • +Ýer 4:13

Işaýa 5:28

Parallel aýatlar

  • +Hab 1:8

Işaýa 5:29

Parallel aýatlar

  • +Ýer 50:17

Işaýa 5:30

Parallel aýatlar

  • +Ýer 6:23
  • +Ýer 4:23

Umumy salgylar

Işa. 5:1Zb 80:8; Işa 5:7; Ýer 2:21; Luk 20:9
Işa. 5:2Mat 21:33; Mar 12:1
Işa. 5:2Hoş 10:1
Işa. 5:3Mik 6:2
Işa. 5:42Tr 36:15; Hyz 24:13
Işa. 5:53Ms 26:31, 33; Neh 2:3; Zb 79:1
Işa. 5:65Ms 29:22, 23; Ýer 25:11; 45:4
Işa. 5:6Işa 32:13
Işa. 5:65Ms 11:16, 17
Işa. 5:7Zb 80:8; Ýer 12:10
Işa. 5:7Mik 6:8
Işa. 5:75Ms 15:9
Işa. 5:8Mik 2:1, 2
Işa. 5:81Pa 21:15, 16
Işa. 5:92Tr 36:20, 21; Işa 27:10
Işa. 5:105Ms 28:15, 17; Ýow 1:17
Işa. 5:11Luk 21:34; Rim 13:13
Işa. 5:13Işa 27:11; Ýer 8:7; Hoş 4:6
Işa. 5:13Agy 4:9
Işa. 5:145Ms 28:63
Işa. 5:16Işa 6:3; Ylh 4:8
Işa. 5:165Ms 32:4
Işa. 5:19Ýer 5:12; 17:15; Hyz 12:22
Işa. 5:20Nak 17:15; Mel 2:17
Işa. 5:21Nak 3:7; Rim 12:16
Işa. 5:22Nak 23:20; 31:4, 5
Işa. 5:235Ms 16:19; Işa 1:23; Mik 3:11
Işa. 5:231Pa 21:13; Nak 17:15
Işa. 5:245Ms 31:20; 2Pa 17:13, 14; Neh 9:26; Işa 1:4
Işa. 5:255Ms 31:16, 17; 2Tr 36:15, 16; Agy 2:2
Işa. 5:25Ýer 16:4
Işa. 5:26Ýer 52:4
Işa. 5:265Ms 28:49, 50; Ýer 5:15
Işa. 5:26Ýer 4:13
Işa. 5:28Hab 1:8
Işa. 5:29Ýer 50:17
Işa. 5:30Ýer 6:23
Işa. 5:30Ýer 4:23
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
  • 16
  • 17
  • 18
  • 19
  • 20
  • 21
  • 22
  • 23
  • 24
  • 25
  • 26
  • 27
  • 28
  • 29
  • 30
Mukaddes Kitap
Işaýa 5:1—30

Işaýa

5 Rugsat beriň, söwer ýaryma aýdym aýdaýyn!

Mähribanymy we onuň üzüm bagyny wasp edeýin!+

Mes toprakly depede söwer ýarymyň üzüm bagy bardy.

 2 Ol mellegini agdaryp, daşlardan arassalady,

Saýlama gyzyl üzüm nahallaryny oturtdy.

Üzüm bagynyň ortasynda bir diň saldy,

Üzüm sykmak üçin çukur gazdy+.

Soňra bol hasyl alaryn diýip umyt etdi,

Ýöne tamasy puç boldy,

Ol ýabany üzüm bolup çykdy+.

 3 Ol şeýle diýýär: «Eý Iýerusalim ilaty, ýahuda halky,

Üzümçiligim bilen dawamy çözüň!+

 4 Men üzüm bagym üçin elimde baryny etdim.

Mundan başga näme edeýin?+

Men bol hasyla garaşdym,

Emma ol ýabany üzüm bolup çykdy.

 5 Rugsat beriň,

Üzümçiligime näme etjegimi aýdaýyn.

Men onuň haýatlaryny ýykaryn,

Üzümçiligi oda ýakaryn+.

Daşdan salnan diwarlaryny ýumraryn.

Ony aýak astyna alyp depelärler.

 6 Ony harabaçylyga öwrerin+,

Hiç kim şahalaryny çyrpmaz, ýerini ýumşatmaz.

Haşal ot hem tikenekler basar+.

Emrim bilen bulut ýagmyr ýagdyrmaz+.

 7 Ysraýyl öýi Serkerdebaşy Ýehowanyň üzümçiligidi+,

Ýahuda halky onuň arzyly mellegidi.

Ol halkynyň adalatly bolmagyna garaşdy+,

Emma olar adalatsyzlyk etdi.

Ol halkynyň dogruçyl bolmagyna garaşdy,

Emma ezilenleriň sesini eşitdi»+.

 8 Öý üstüne öý alýanyň+,

Ýer üstüne ýer alýanyň waý halyna!+

Ol başgalara bir garyş ýer goýmaýar,

Bütin ýurdy öz eline geçirýär.

 9 Men Serkerdebaşy Ýehowanyň ant içendigini eşitdim.

Ençeme beýik hem kaşaň jaýlar boşap galar,

Harabaçylyga döner+.

10 Dört gektar* üzüm bagy bir çelek* şerap berer,

Bir ganar* tohum bir çuwal* bugdaý berer+.

11 Daň bilen turup, şerap içýäniň waý halyna!+

Ýarygijä çenli şerap içip lül bolýanyň waý halyna!

12 Olar meýlis gurap, arfanyň, çeň* saz guralynyň,

Depregiň, tüýdügiň owazyna meýmiräp şerap süzýärler.

Emma Ýehowanyň işleri hakda oýlanmaýarlar,

Onuň elleriniň işine ünsem bermeýärler.

13 Men hakda bilim almak islemeýän halkym sürgün ediler+,

Onuň at-abraýly adamlary aç gezer+,

Suwsuzlykdan ýaňa halkymyň agzy kepär.

14 Doýmaz-dolmaz mazar*

Agzyny giňden açar+.

Ýurduň han-begleri, keýp çekýän şadyhorram halky,

Mazaryň düýbüne düşer.

15 Ynsan büküler,

Adam masgara bolar,

Tekepbirler gabagyny ýerden galdyrmaz.

16 Serkerdebaşy Ýehowa çykaran hökümi bilen şöhratlanar,

Mukaddes hak Alla+ adalaty dikeldip,

Mukaddesligini görkezer+.

17 Semiz mallaryň otlan ýerleri boşap galar,

Olar ýat adamlaryň eline geçer,

Öri meýdanlarynda guzular otlar.

18 Ýalançylaryň waý halyna!

Olar araba daňylan mal ýaly,

Günälerini we ýazyklaryny süýreýärler.

19 «Hudaý etjek işini çaltrak etsin,

Aýdanyny tiz ýerine ýetirsin, bizem göreli.

Ysraýylyň Mukaddes Hudaýy niýetini amala aşyrsyn,

Bizem gözümiz bilen göreli»+ diýýänleriň waý halyna!

20 Ýagşa ýaman, ýamana ýagşy diýýäniň+,

Garaňkylyga ýagtylyk, ýagtylyga garaňkylyk diýýäniň,

Aja süýji, süýjä ajy diýýäniň waý halyna!

21 Akyllydyryn öýdýäniň,

Paýhaslydyryn öýdýäniň waý halyna!+

22 Şeraby köp içýäniň,

Ökdelik bilen ýasaýanyň waý halyna!+

23 Para üçin erbedi aklap+,

Dogruçylyň hakyny iýýäniň waý halyna!+

24 Otda samanyň ýanyşy ýaly,

Guran otuň ýanyp kül bolşy ýaly,

Olar hem köki-damary bilen çüýrär,

Nesilleri tozan kimin ýele sowrular.

Olar Serkerdebaşy Ýehowanyň kanunyna gulak asmadylar,

Ysraýylyň Mukaddes Hudaýynyň sözüni diňlemediler+.

25 Şonuň üçin Ýehowanyň gahary halkyna garşy lowlaýar,

Ol güýçli goluny uzadyp, olara temmi berer+.

Daglar lerzana geler,

Olaryň jesetleri köçelerde tezek kimin çaşyp ýatar+.

Şonda-da Onuň gahary köşeşmedi,

Jeza bermek üçin galdyran goluny ýatyrmady.

26 Ol uzakdaky milleti çagyrmak üçin tuguny dikdi+,

Sykylyk çalyp, ýeriň aňry çetinden olary çagyrdy+.

Ine, olar göz açyp-ýumasy salymda geler+.

27 Olaryň hiç biri ysgyndan gaçmaýar, büdremeýär,

Hiç biri irkilmeýär, uklamaýar.

Bilindäki guşagyny gowşatmaýar,

Çarygynyň bagy üzülmeýär.

28 Olaryň oklary ýitidir,

Ýaýlary berk çekilendir,

Atlarynyň toýnaklary çakmakdaşy ýalydyr,

Arabalary tüweleý kimin tozap gelýändir+.

29 Olar arslan kimin,

Ýolbars kimin arlaýar+.

Olar hyrlap, awuna topular,

Awuny agzyndan hiç kim halas edip bilmez.

30 Şol gün olar awuny tutup hyrlar,

Möwç urýan deňiz kimin güwwüldär+.

Ýurdy tümlük gaplap alar,

Asmany gara bulut örter, muny hemmeler görer+.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş