Işaýa
28 Efraýym+ serhoşlarynyň owadan* täjiniň* waý halyna!
Onuň gözelligi gül kimin solar.
Mes toprakly depedäki şäheriň waý halyna!
Onuň ilaty şeraba göwün beripdir.
2 Ine, Ýehowa güýçli pälwany iberer.
Ol buz we harasat kimin,
Gara bulut we apy-tupan kimin gelip,
Täji alar we gazap bilen ýere pylçap urar.
4 Mes toprakly depedäki şäheriniň gözelligi
Gül kimin solar.
Ol tomus gelmänkä, bişen injir kimin bolar,
Ony gören adamlar miwesini iýer.
5 Şol gün Serkerdebaşy Ýehowa aman galan halky+ üçin owadan täje we gülden edilen täje meňzär. 6 Ol kazylary adalatly höküm çykarmaga höweslendirer, şäher derwezesinde duşmany garşy alýan ýigitlere batyr ýürek berer+.
7 Ruhanylar we pygamberler şerap içip ýoldan çykýar.
Olar lül bolup yraň atýar.
Içgiden doýup azaşýar.
Şerap olaryň akylyny alýar.
Içgiden yraň atýar.
Görýän görnüşleri* olary aldaýar.
Adalatly karar çykaryp bilmeýär+.
8 Saçaklary gusukdan dolýar,
Arassa ýer galmaýar.
9 Olar şeýle diýýärler:
«Ol kime akyl satýar? Kime habar berýär?
Ýaňy süýtden aýrylan çagalaramy?
Süýtden kesilen balalaramy?
10 Sen: „Tabşyryk üstüne tabşyryk,
Tabşyryk üstüne tabşyryk,
Ölçeg üstüne ölçeg, ölçeg üstüne ölçeg*+.
Biraz şu ýerde, biraz ol ýerde“ diýýärsiň».
11 Şonuň üçin ol halky bilen düşnüksiz* ýat dilde gepleýänler arkaly gepleşer+. 12 Hudaý olara şeýle diýipdi: «Bärde dynç alynýar. Ýadap gelenler dynç alsynlar. Bärsi dynç alynýan ýer». Emma olar diňlemek islemediler+. 13 Ýehowa olara ýene-de şeýle diýer:
«Tabşyryk üstüne tabşyryk, tabşyryk üstüne tabşyryk,
Ölçeg üstüne ölçeg, ölçeg üstüne ölçeg*+.
Biraz şu ýerde, biraz ol ýerde».
14 Öwünjeňler, Ýehowanyň sözüni diňläň,
Iýerusalim halkynyň baştutanlary!
15 Siz şeýle diýýärsiňiz:
Suwlar sil kimin dolup daşsa-da,
Bizi gark edip bilmez.
Sebäbi ýalany pena edindik,
Aldawyň arkasynda gizlendik»+.
16 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär:
Ol daşa iman eden howsala düşmez+.
Ýalanyň galasyna buz ýagdyryp, ýer bilen ýegsan ederin,
Gaçybatalgasyny sile basdyraryn.
Suwlar dolup-daşyp, sizi gark eder.
Olar gorkmasa, aýdylana düşünmez»*.
20 Düşek uzalyp ýatardan gysga bolar,
Ýorgan bürenip ýatardan insiz bolar.
21 Ýehowa Perazim dagynda beýgelşi ýaly beýgeler.
Gibgon jülgesindäki ýaly, ýerinden galar+.
Şeýdip, ol işini — täsin işini,
Amallaryny — geň amallaryny berjaý eder+.
22 Ýaňsylap gülmäň+,
Ýogsam size salnan gandallar has-da gysylar.
Älemiň Hökümdary, Serkerdebaşy Ýehowanyň
Ýurdy ýok etjekdigini eşitdim+.
23 Gulak salyň, meni diňläň,
Üns beriň, aýdýanlarymy eşidiň!
24 Daýhan tohum sepmän, uzakly gün ýer sürüp gezermi?
Mellegini dyngysyz tekizläp ýörermi? Ýok!+
25 Ol ýeri tekizlänsoň,
Gara ziräni we adaty ziräni sepmezmi?
Mellegine bugdaý, dary, arpa ekmezmi?
26 Alla ynsana tälim berer,
Dogry ýoly öwreder+.
27 Gara zire harmanda döwülmeýär+,
Ziräniň üstünde döwek arabasy ýöredilmeýär.
Gara zire taýak bilen,
Zire tokmak bilen döwülýär.
28 Harmanda galla un bolýança döwülýärmi?