Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Ýermeýa 11
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

Ýermeýa kitabynyň mazmuny

      • Ýahuda ähti bozýar (1—17)

        • Şäheriň sany näçe bolsa, taňrylaryň sany⁠-⁠da şonça (13)

      • Ýermeýa damagy çalynmaga äkidilýän guza meňzedilýär (18—20)

      • Ýermeýanyň ildeşleri garşy çykýar (21—23)

Ýermeýa 11:3

Parallel aýatlar

  • +5Ms 27:26; 28:15

Ýermeýa 11:4

Çykgytlar

  • *

    Sözme⁠-⁠söz: demir eredýän peçden.

Parallel aýatlar

  • +2Ms 13:3; 24:3; 5Ms 4:20
  • +3Ms 26:3, 12

Ýermeýa 11:5

Çykgytlar

  • *

    Ýa⁠-⁠da: Omyn!

Parallel aýatlar

  • +1Ms 15:18; 2Ms 3:8; 3Ms 20:24; 5Ms 6:3

Ýermeýa 11:7

Çykgytlar

  • *

    Sözme⁠-⁠söz: daň bilen turup.

Parallel aýatlar

  • +Ýer 7:13; 25:4; 35:15

Ýermeýa 11:8

Parallel aýatlar

  • +Işa 65:2; Ýer 7:24, 26; Hyz 20:8; Zek 7:11, 12

Ýermeýa 11:10

Parallel aýatlar

  • +Ser 2:11, 17; 1Şm 8:8; 2Pa 22:17
  • +2Tr 28:22, 23
  • +5Ms 31:16; 2Pa 17:6, 7; Hoş 6:7

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Garawul diňi»,

    15/3/2007, sah. 9

Ýermeýa 11:11

Parallel aýatlar

  • +2Pa 22:16; Ýer 6:19; Hyz 7:5
  • +Işa 1:15; Ýer 14:12; Hyz 8:18; Mik 3:4

Ýermeýa 11:12

Parallel aýatlar

  • +5Ms 32:37, 38; Ýer 2:28

Ýermeýa 11:13

Çykgytlar

  • *

    Sözlüge serediň: Gurbanlyk ojagy.

Parallel aýatlar

  • +Ýer 7:9, 10

Ýermeýa 11:14

Parallel aýatlar

  • +Ýer 7:16; 14:11

Ýermeýa 11:15

Çykgytlar

  • *

    Ýagny Ýahuda.

  • *

    Ýagny ybadathanada berilýän gurbanlyklar.

Ýermeýa 11:17

Parallel aýatlar

  • +Işa 5:2; Ýer 2:21
  • +Ýer 19:5, 15

Ýermeýa 11:19

Parallel aýatlar

  • +Ýer 18:18

Ýermeýa 11:20

Çykgytlar

  • *

    Ýa⁠-⁠da: duýgulary. Sözme⁠-⁠söz: böwrekleri.

Parallel aýatlar

  • +1Tr 28:9; Ýer 17:10; 20:12

Ýermeýa 11:21

Parallel aýatlar

  • +Ýer 1:1
  • +Işa 30:10; Ams 2:12; 7:16

Ýermeýa 11:22

Parallel aýatlar

  • +2Tr 36:17; Agy 2:21
  • +Ýer 18:21

Ýermeýa 11:23

Parallel aýatlar

  • +Ýuş 21:8, 18

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Salgylar mwb (2017)», 5/2017, sah. 1

Umumy salgylar

Ýer. 11:35Ms 27:26; 28:15
Ýer. 11:42Ms 13:3; 24:3; 5Ms 4:20
Ýer. 11:43Ms 26:3, 12
Ýer. 11:51Ms 15:18; 2Ms 3:8; 3Ms 20:24; 5Ms 6:3
Ýer. 11:7Ýer 7:13; 25:4; 35:15
Ýer. 11:8Işa 65:2; Ýer 7:24, 26; Hyz 20:8; Zek 7:11, 12
Ýer. 11:10Ser 2:11, 17; 1Şm 8:8; 2Pa 22:17
Ýer. 11:102Tr 28:22, 23
Ýer. 11:105Ms 31:16; 2Pa 17:6, 7; Hoş 6:7
Ýer. 11:112Pa 22:16; Ýer 6:19; Hyz 7:5
Ýer. 11:11Işa 1:15; Ýer 14:12; Hyz 8:18; Mik 3:4
Ýer. 11:125Ms 32:37, 38; Ýer 2:28
Ýer. 11:13Ýer 7:9, 10
Ýer. 11:14Ýer 7:16; 14:11
Ýer. 11:17Işa 5:2; Ýer 2:21
Ýer. 11:17Ýer 19:5, 15
Ýer. 11:19Ýer 18:18
Ýer. 11:201Tr 28:9; Ýer 17:10; 20:12
Ýer. 11:21Ýer 1:1
Ýer. 11:21Işa 30:10; Ams 2:12; 7:16
Ýer. 11:222Tr 36:17; Agy 2:21
Ýer. 11:22Ýer 18:21
Ýer. 11:23Ýuş 21:8, 18
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
  • 16
  • 17
  • 18
  • 19
  • 20
  • 21
  • 22
  • 23
Mukaddes Kitap
Ýermeýa 11:1—23

Ýermeýa

11 Ýehowa Ýermeýa şeýle diýdi: 2 «Goý, her kes ähtiň sözlerini eşitsin.

Olary ýahuda halkyna, Iýerusalim ilatyna aýt. 3 Ysraýyl Hudaýy Ýehowa yglan edýär diý: „Ähtimiň sözlerine tabyn bolmadyklara nälet bolsun+. 4 Men ata⁠-⁠babalaryňyzy Müsürden, gyzgyn tamdyrdan* çykaran günüm tabşyryk beripdim+. Olara şeýle diýdim: „Maňa gulak asyň, ähli tabşyryklarymy ýerine ýetiriň. Şonda siz meniň halkym, men hem siziň Hudaýyňyz bolaryn+. 5 Ata⁠-⁠babalaryňyza süýt we bal akýan ýurdy bermek üçin içen antymy, beren wadamy ýerine ýetirerin“+. Görşüňiz ýaly, siz şol ýurtda ýaşaýarsyňyz“».

Men: «Eý Ýehowa, goý, şeýle bolsun!*» diýdim.

6 Ýehowa maňa şeýle diýdi: «Ýahudanyň şäherlerinde we Iýerusalimiň köçelerinde yglan et: „Ähtiň sözlerini eşidiň, olary ýerine ýetiriň. 7 Men ata⁠-⁠babalaryňyzy Müsürden çykaran günümden bäri, olara gaýta⁠-⁠gaýta* duýduryp: „Maňa gulak asyň“ diýdim+. 8 Emma olar diňlemediler, gulak asmadylar, kesirlik etdiler we zalym ýüreklerine eýerdiler+. Buýruklarymy berjaý etmediler, ähtimiň sözlerini ýerine ýetirmediler. Şonuň üçin men ähtde ýazylan näletleri olaryň başyna inderdim“».

9 Ýehowa maňa şeýle diýdi: «Ýahuda halky we Iýerusalim ilaty maňa garşy dil düwüşdiler. 10 Olar maňa gulak asmadyk ata⁠-⁠babalarynyň günälerini gaýtaladylar+. Başga taňrylara çokundylar, olara gulluk etdiler+. Ysraýyl we Ýahuda öýi ata⁠-⁠babalary bilen baglaşan ähtimi bozdular+. 11 Şol sebäpli Ýehowa şeýle diýýär: „Olaryň başyna betbagtçylyk indererin+, gutulyp bilmezler. Kömek sorap çagyranlarynda, olary diňlemerin+. 12 Şonda Ýahudanyň şäherleri we Iýerusalimiň ilaty gurbanlyk beren taňrylaryndan hemaýat sorarlar+, emma olar halky betbagtçylykdan halas edip bilmezler. 13 Eý Ýahuda, seniň şäherleriň sany näçe bolsa, taňrylaryň sany⁠-⁠da şonçadyr. Ýigrenji taňra, Bagala gurbanlyk bermek üçin guran ojaklaryňyzyň* sany Iýerusalimiň köçeleriniň sanyna ýetdi“+.

14 Indi halk üçin doga etme. Olar üçin aglap, maňa ýüz tutma, ýalbarma+. Olaryň başyna betbagtçylyk inende, menden kömek sorarlar, emma olary diňlemerin.

15 Mähriban halkymyň öýüme gelmäge näme haky bar?

Sebäbi olaryň köpüsi henizem zalymlyk edýärler.

Seniň* beren gurbanlyklaryň*

Betbagtçylykdan halas edip bilermi?

Şonda şatlanyp bilersiňmi?

16 Bir wagtlar Ýehowa saňa gür ýaprakly,

Datly miweli, owadan zeýtun agajy diýýärdi.

Alla ony oda taşlanda uly goh⁠-⁠galmagal turdy.

Duşmanlar agajyň şahalaryny çapdylar.

17 Seni eken+ Serkerdebaşy Ýehowa başyňa betbagtçylyk inderer. Sebäbi Ysraýyl we Ýahuda öýi zalym işleri etdiler, Bagala gurbanlyk berip meni ynjatdylar»+.

18 Eý Ýehowa, meni habarly etdiň,

Halkyň edýän işlerini görkezdiň.

19 Men damagy çalynmaga äkidilýän guzy kimindim,

Maňa duzak gurandyklaryny bilmeýärdim+.

Olar: «Geliň, miweli agajy kesip taşlalyň.

Ady ýatlanmaz ýaly,

Ýagty jahandan ýok edeliň» diýdiler.

20 Emma Serkerdebaşy Ýehowa adalatly höküm çykardy.

Ol oý⁠-⁠pikirleri*, ýürekleri barlaýandyr+.

Ýa Alla, olardan ar alşyňy göreýin,

Men arz⁠-⁠şikaýatymy saňa aýtdym.

21 Janymyň kastyna çykan Anatot+ halky: «Ýehowanyň adyndan pygamberlik etme+, ýogsam biziň elimizden ölersiň» diýýärler. Ýehowanyň olara aýdan sözi şudur. 22 Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: «Olardan hasabat soraryn. Ýigitleri gylyçdan geçiriler+, ogul⁠-⁠gyzlary açlykdan gyrlar+. 23 Hiç kim aman galmaz. Men Anatot+ halkyndan hasabat sorajak ýylym başlaryna betbagtçylyk indererin».

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş