Galatýalylar
1 Men Pawlus, bir ýa-da köp adam tarapyndan däl-de, Isa Mesih+ we ony direlden Atamyz Hudaý tarapyndan resul bellendim+. 2 Men ýanymdaky doganlar bilen Galatýadaky ýygnaklara hat ýazýaryn.
3 Atamyz Hudaý we Halypamyz Isa Mesih size ýagşylyk* etsin, parahatlyk bersin! 4 Atamyzyň we Hudaýymyzyň isleýşi ýaly+, Mesih bizi şu zalym dünýäden* halas etjek bolup+, günälerimiz üçin janyny gurban etdi+. 5 Hudaýa baky we ebedi şöhrat bolsun! Omyn!
6 Hudaý sizi Mesihiň ýagşylygy arkaly çagyrdy. Siz bolsa ondan şeýle çalt ýüz öwrüp, başga hoş habary kabul etdiňiz. Men-ä siziň bolşuňyzy geň gördüm+. 7 Elbetde, başga hiç hili hoş habar ýok. Ýöne käbir adamlar siziň aňyňyzy zäherläp+, Mesih baradaky hoş habary ýoýjak bolýarlar. 8 Eger biziň wagyz eden hoş habarymyzdan başga hoş habary gökden bir perişde gelip yglan etse ýa-da biziň birimiz aýtsak, goý, şoňa nälet bolsun! 9 Öň aýdyşymyz ýaly, ýene-de aýdýaryn: eger biri siziň kabul eden hoş habaryňyzdan başga zady wagyz etse, goý, oňa nälet bolsun!
10 Men adamlara ýaranjak bolýarynmy ýa-da Hudaýa? Eger adamlara ýaranjaňlyk edýän bolsam, Mesihiň guly bolmazdym. 11 Doganlar, bilip goýuň, wagyz eden hoş habarym adamlaryňky däldir+. 12 Hoş habary maňa adamlar aýtmady ýa-da adamlar öwretmedi, maňa Isa Mesih ylham arkaly aýtdy.
13 Elbetde, ýehudy dinine uýýarkam+, meniň nähili adam bolandygymy eşidensiňiz. Men Hudaýyň ýygnagyny güýçli yzarlapdym, ony ýok etmek isleýärdim+. 14 Men ýehudy dinine deň-duşlarymdan we ildeşlerimden has berk ýapyşýardym, ata-babalarymyň däp-dessurlaryny yhlasly berjaý edýärdim+. 15 Emma Hudaý meni ýagty jahana indirdi, ýagşylygy bilen çagyryp+, şuny makul bildi: 16 Ogluny maňa mälim edip, başga halklara hoş habary wagyz etmegi tabşyrdy+. Alla meni saýlanda, adamlardan* maslahat soramaga howlukmadym. 17 Menden öň resul bolanlaryň ýanyna Iýerusalime-de gitmedim, ýöne Arabystana gitdim, soňra Damasga dolandym+.
18 Men üç ýyldan soň, Kifany*+ görmek üçin Iýerusalime baryp+, ýanynda 15 gün boldum. 19 Emma beýleki resullardan diňe Halypamyzyň dogany Ýakuby+ gördüm. 20 Size ýazýan zatlarymyň ýalan däldigine Hudaýyň öňünde ant içýärin.
21 Soňra men Siriýanyň we Kilikiýanyň töweregindäki etraplara bardym+. 22 Ýöne Ýahudadaky Mesihiň ýygnaklary meni tanamaýardy. 23 Olar men hakda: «Öň bizi yzarlap+, ýok etmekçi bolan adamyň+ özi indi hoş habary wagyz edýär» diýen gürrüňi eşidipdirler. 24 Şeýlelikde, olar men sebäpli Hudaýy şöhratlandyrdylar.