1-NJI BAP
«Gidiň-de... şägirt taýýarlaň»
Resullar we häzirki mesihçiler
1—6. Dogan-uýalaryň dürli ýagdaýda wagyz edişini gürrüň beriň.
GANADA Rebeka atly uýamyz ýaşaýar. Ol mekdebini wagyz meýdançasy hasaplaýar. Mekdebe gidende hemişe ýany bilen edebiýat alyp gidýär. Ol arakesmede deň-duşlaryna wagyz edýär. Şeýdip, klasdaşlarynyň birnäçesi bilen okuw geçip başlaýar.
2 Madagaskar adasynda bir är-aýal ýaşaýar. Olar pioner bolup gulluk edýärler. Howa yssy bolsa-da, olar uzak obalara gidip wagyz edýärler. Munuň üçin 25 kilometr ýol sökýärler, gyzyklanýan adamlary tapyp, Mukaddes Kitapdan okuw geçýärler.
3 Paragwaý we Parana derýalarynyň kenarynda ýaşaýan adamlar entek hoş habary eşitmediler. Paragwaýda ýaşaýan dogan-uýalar beýleki 15 ýurtdan wagyz etmäge gelen wagyzçylar bilen bir gämi gurýarlar. Olar şol gämä münüp, iki derýanyň kenaryndaky adamlara hoş habary wagyz etmäge gidýärler. Gämi 45 tonna bolup, onuň içinde 12 adam ýaşap bilýär. Şeýdip, dogan-uýalar barmasy kyn ýerlerde yhlasly wagyz edýärler.
4 Tomus aýlary Alýaskadaky dogan-uýalara wagyz etmäge gowy mümkinçilik bolýar. Howa gowy bolansoň, Alýaska dürli ýurtdan köp adamlar gämide syýahat etmäge gelýärler. Dogan-uýalar hem mundan peýdalanyp, gämi duralgalaryna çykýarlar. Gelen adamlara öz ene dilinde edebiýat paýlaýarlar. Şeýle-de olar uçarly uzak obalara gidýärler. Olar aleýutlara, atabaskanlara, simşiýanlara we tlinkitlere wagyz edýärler.
5 Tehasda garrylar öýünde Larri atly dogan ýaşaýar. Ol betbagtçylyk sebäpli maýyp bolýar. Ýöräp bilmese-de, garrylar öýündäki adamlara wagyz edýär. Ol adamlara tizden Hudaýyň Patyşalygynyň geljekdigi, öňküsi ýaly ýene-de ýöräp biljekdigi hakda gürrüň berýär (Işa. 35:5, 6).
6 Mandalaýdaky dogan-uýalar Mýanmada boljak kongrese gidýärler. Olar üç gün gämide ýüzüp, gämä münen adamlara wagyz edýärler. Gämi her gezek bir obanyň ýa-da şäheriň golaýynda duranda dogan-uýalar düşüp şol ýerdäki adamlara wagyz edýärler. Her duralgada gämä ýene-de adamlar münýär. Dogan-uýalar olara-da wagyz edýärler.
7. Ýehowanyň Şaýatlary nädip wagyz edýärler? Olaryň maksady näme?
7 Ýokarda agzalan dogan-uýalaryň mysallaryndan görnüşi ýaly, Ýehowanyň yhlasly gullukçylary bütin dünýäde «Hudaýyň Patyşalygy barada birkemsiz wagyz edýärler» (Res. 28:23). Munuň üçin olar öýden-öýe, köçede aýlanýarlar, adamlara hat ýazýarlar we telefon arkaly jaň edýärler. Olar awtobusda gidip barýarka-da, seýilgähde gezelenç edip ýörkä-de, işde arakesmede we beýleki ýagdaýlarda her bir mümkinçilikden peýdalanyp Hudaýyň Patyşalygy barada gürrüň berýärler. Nähili ýagdaý bolsa-da, nähili usul ulansa-da, olaryň maksady bir: olar adamlara hoş habary ýetirmek isleýärler (Mat. 10:11).
8, 9. a) Hoş habaryň wagyz edilmegi näme üçin gudrat? b) I asyrdaky mesihçiler barada näme üçin öwrenmeli?
8 Ýehowanyň Şaýatlary 235-den gowrak ýurtda wagyz edýärler. Senem olar bilen adamlara hoş habary gürrüň berýändigiňe begenýänsiň. Käbir ýurtlarda Ýehowanyň Şaýatlaryna wagyz etmegi gadagan edýärler, olary yzarlaýarlar. Ýöne olar şonda-da Patyşalyk barada hoş habary birkemsiz wagyz edýärler. Dogrudanam, dünýäniň ähli künjeginde hoş habaryň wagyz edilmegi gudrat!
9 Oýlanyp görüň, Şeýtan adamlara hoş habary eşitdirmejek bolup her hili päsgelçilikleri döredýär. Ýöne hiç kim, hiç zat hoş habaryň wagyz edilmegine päsgel berip bilmedi. Näme üçin? Biz I asyrdaky mesihçileriň başlan işini dowam edýäris. Ýehowanyň Şaýatlary bütin ýer ýüzünde hoş habary wagyz edýärler. Biz şol mesihçiler barada öwrensek, Şeýtanyň wagyz işini saklamaga näme üçin güýjüniň ýetmeýändigini bileris.
Gaýragoýulmasyz iş
10. Isa ýer ýüzüne näme üçin geldi? Ol nämä düşünýärdi?
10 Mesihçiler ýygnagyny Isa pygamber döretdi. Ol adamlara Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz etmegi birinji orunda goýdy. Isa bütin ömrüne hoş habary wagyz etdi. Bir gezek ol: «Men Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habary başga şäherlerde-de wagyz etmeli, sebäbi men şonuň üçin geldim» diýdi (Luka 4:43). Ýöne Isa ýeke özüniň ähli adamlara wagyz edip ýetişmejekdigine düşünýärdi. Ölmeziniň öň ýany ol: «Patyşalyk baradaky hoş habar ähli milletlere wagyz ediler» diýdi (Mar. 13:10). Onda ähli milletlere hoş habary kimler we nädip wagyz eder?
«Gidiň-de, ähli halklardan şägirt taýýarlaň» (Matta 28:19)
11. Isa şägirtlerine näme tabşyrdy? Ol nämäni söz berdi?
11 Isa direlensoň, şägirtlerine görnüp şeýle diýdi: «Gidiň-de, ähli halklardan şägirt taýýarlaň. Olary Ata, Ogul we mukaddes ruhuň ady bilen suwa çümdüriň. Olara ähli tabşyryklarymy berjaý etmegi öwrediň. Men dünýäniň soňuna çenli siziň bilen bolaryn» (Mat. 28:19, 20). «Siziň bilen bolaryn» diýip, Isa şägirtlerine soňuna çenli wagyz etmäge, şägirt taýýarlamaga kömek etjekdigini aýtdy. Dogrudanam, şägirtlere Isanyň kömegi gerekdi. Sebäbi pygamberlige görä, olary «hemmeler... ýigrenmelidi» (Mat. 24:9). Şeýle-de Isa göge gitmänkä, şägirtlerine mukaddes ruhuň beriljekdigini aýtdy. Ol mukaddes ruhuň kömegi bilen «bütin ýer ýüzünde... wagyz edersiňiz» diýdi (Res. 1:8).
12. Biz haýsy soraglaryň jogabyny bilmeli we näme üçin?
12 Resullar we I asyrdaky mesihçiler Isanyň tabşyrygyna gulak asdylarmy? Olaryň sany az bolsa-da, güýçli yzarlansa-da, hoş habary birkemsiz wagyz etdilermi? Ýehowa mukaddes ruhy arkaly olara şägirt taýýarlamaga kömek etdimi? Her birimiz şu soraglaryň jogabyny bilmeli. Şol soraglaryň jogabyny Resullar kitabyndan bilip bolýar. Isa «dünýäniň soňuna çenli» wagyz ediljegini aýtdy. Bizem soňky günlerde ýaşaýarys. Şonuň üçin Isanyň tabşyrygyna gulak asmaly. Eger Resullar kitabyndaky wakalary öwrensek, hoş habary birkemsiz wagyz edip bileris.
Resullar kitabynyň mazmuny
13, 14. a) Resullar kitabyny kim ýazdy? Kitapdaky maglumatlaryň dogrudygyny nireden bilýäris? b) Resullar kitabynda näme barada ýazylan?
13 Resullar kitabyny kim ýazdy? Kitabyň hiç ýerinde ýazyjynyň ady agzalmaýar. Ýöne Lukanyň hoş habary bilen Resullar kitabyny şol bir adam, ýagny Luka ýazdy. Muny şol kitaplaryň giriş sözlerinden bilse bolýar (Luka 1:1—4; Res. 1:1, 2). Adamlar öňem Lukany ýazyjy diýip tanaýardylar. Şeýle-de «Luka lukman» we bolan wakalary derňäp, jikme-jik ýazýan adam hökmünde tanalypdyr (Kol. 4:14). Resullar kitabynda Isanyň göge galan wagtyndan başlap, Pawlusyň Rimde tussaglykda oturan wagtyna çenli bolan wakalar gürrüň berilýär. Olar 28 ýyly öz içine alýar. Şol wakalar b. e. 33-nji ýylyndan 61-nji ýylyna çenli bolup geçdi. Luka resullaryň eden işleri barada gürrüň berende «olar» diýen at çalyşmany ulandy. Ýöne käbir wakalary gürrüň berende «biz» diýen at çalyşmany ulandy. «Biz» diýen at çalyşma şol wakalara Lukanyň özüniň hem gatnaşandygyny görkezýär (Res. 16:8—10; 20:5; 27:1). Ýöne Luka gözi bilen görmedik wakalaryny Pawlusdan, Barnabasdan, Filipusdan we beýleki şägirtlerden sorap jikme-jik ýazdy.
14 Resullar kitabynda näme barada ýazylan? Luka Hoş habarynda Isanyň aýdan sözleri we eden işleri hakda ýazýar. Resullar kitabynda bolsa Isanyň şägirtleriniň aýdan sözleri we eden işleri hakda ýazýar. Köp adamlar Isanyň şägirtlerini sada, bilimsiz hasaplaýarlar. Ýöne Resullar kitabynda olaryň ägirt uly işleri edendigi gürrüň berilýär (Res. 4:13). Umuman, Resullar kitabynda mesihçiler ýygnagynyň döreýşi we ösüşi hakda ýazylan. Şeýle-de ondan I asyrdaky mesihçileriň yhlasly wagyz edişini, ulanan usullaryny bilse bolýar (Res. 4:31; 5:42). Mundan başga-da Ýehowanyň mukaddes ruhy arkaly şägirtlere wagyz etmäge kömek edişi hakda ýazylan (Res. 8:29, 39, 40; 13:1—3; 16:6; 18:24, 25). Resullar kitabynda Mukaddes Kitabyň esasy temasy hem nygtalýar. Onda Patyşalyk arkaly Hudaýyň adynyň mukaddes edilişi, yzarlamalar we garşylyklar bolsa-da hoş habaryň ýaýraýşy barada aýdylýar (Res. 8:12; 19:8; 28:30, 31).
15. Resullar kitabyny öwrenmegiň näme peýdasy bar?
15 Resullar kitabyny öwrendigiňçe öwrenesiň gelýär! Ol imanyňy berkidýär. I asyrdaky mesihçiler barada oýlansak, olardan görelde alyp, yhlasly we batyrgaý wagyz ederis. Şeýle-de Isanyň «gidiň-de... şägirt taýýarlaň» diýen tabşyrygyna höwes bilen gulak asarys. Şu kitaby okasak, Resullar kitabyna has gowy düşüneris.
Peýdaly gollanma
16. Şu kitaby öwrenmegiň näme peýdasy bar?
16 Şu kitap 1) Ýehowanyň mukaddes ruhy arkaly wagyz etmäge we şägirt taýýarlamaga kömek edýändigine ynandyrýar, 2) I asyrdaky mesihçilerden görelde alyp, yhlasly hem batyrgaý wagyz etmäge höweslendirýär, 3) Ýehowanyň guramasyna minnetdar bolmaga hem-de ýygnaklara gözegçilik edýän doganlara hormat goýmaga höweslendirýär.
17, 18. Şu kitap nähili ýazylan? Onuň şahsy okuwynda näme peýdasy bar?
17 Resullar kitabyndaky maglumatlar şu kitapda nädip düşündirilýär? Kitap sekiz bölümden ybarat. Her bölümde Resullar kitabyndaky bir parça düşündirilýär. Baplarda Resullar kitabyndaky her bir aýat düşündirilmeýär. Gaýtam ondaky wakalardan näme öwrenip bolýandygy we öwrenen zatlarymyza görä nädip ýaşamalydygy görkezilýär. Her babyň başynda esasy pikir bilen bir aýat getirilýär. Şol aýat bapda öwreniljek aýatlardan alnan.
18 Şu kitap şahsy okuw geçirmäge-de gowy kömek edýär. Ondaky owadan suratlara seredip, Mukaddes Kitapdaky wakany göz öňüne getirip bolýar. Kitabyň köp baplarynda çarçuwalar hem bar. Şol çarçuwalarda goşmaça maglumatlar bar. Olaryň käbirinde Hudaýa wepaly gulluk eden adamlar hakda ýazylan. Biz olaryň imanyndan görelde alyp bilýäris. Käbir çarçuwalarda bolsa Resullar kitabynda agzalýan ýer-ýurtlar, wakalar, däp-dessurlar we adamlar hakda ýazylan.
Bellenen ýeriňizde yhlasly wagyz ediň
19. Biz näme etmeli?
19 Şu kitap özüňi barlamaga höweslendirýär. Biz Ýehowa bir ýa-da birnäçe ýyl bäri gulluk etsek-de, wagtal-wagtal edýän gullugymyz we nämäni birinji orunda goýýandygymyz hakda oýlanmaly (2 Kor. 13:5). Meselem, özümize şeýle soraglary berip bileris: men wagyz etmegiň wajypdygyna düşünýärinmi? (1 Kor. 7:29—31). Hoş habary çekinmän, yhlasly wagyz edýärinmi? (1 Sel. 1:5, 6). Köpräk gulluk etmek üçin elimde baryny edýärinmi? (Kol. 3:23).
20, 21. Wagyz etmek we şägirt taýýarlamak näme üçin wajyp? Biz näme etmegi ýüregimize düwmeli?
20 Şu günler hoş habary wagyz etmek has-da wajyp. Dünýäniň soňy günsaýyn golaýlaşyp gelýär. Her bir adam halas bolar ýaly hoş habary eşitmeli. Elbetde, biz ýene näçe adamyň hoş habara seslenjekdigini bilmeýäris (Res. 13:48). Ýöne biz wagt barka akýürekli adamlary halas etmek isleýäris (1 Tim. 4:16).
21 I asyrdaky yhlasly wagyz eden dogan-uýalaryň göreldesine eýermegiň häzir tüýs wagty. Şu kitaby öwrenseňiz, öňküdenem batyrgaý hem yhlasly wagyz edersiňiz. Şeýle-de «Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habary birkemsiz wagyz etmegi» ýüregiňize düwersiňiz (Res. 28:23).