Mikaý
2 «Düşeginde duzak gurmak hakda oýlanýanlaryň,
Päliýaman adamlaryň waý halyna!
Olar daň atanda niýetini amala aşyrýarlar,
Sebäbi il-günüň ygtyýary olaryň elinde+.
2 Olar islän mellegini alýarlar+,
Islän öýlerine eýe çykýarlar.
Adamy aldap, öýüni elinden alýarlar+,
Mirasdüşeri mirasyndan mahrum edýärler.
3 Şonuň üçin Ýehowa şeýle diýýär:
4 Şol günlerde halklaryň dilinden düşmersiňiz,
Olar siziň üçin agy aýdarlar+.
Olar: „Bizi taladylar!+
Alla halkymyň paýyny alyp, ýat adamlara berdi.
Paýymyzy elimizden kakyp aldy+.
Melleklerimizi dönükleriň eline berdi“ diýer.
5 Ölçeg ýüpi bilen ýer paýlaryny ölçäp berjek adam,
Ýehowanyň halkynyň arasyndan tapylmaz.
6 Olar: „Wagyz etmäň!
Beýle zatlar hakda wagyz etmäň.
Biz masgara bolmarys!“ diýýärler.
7 Eý Ýakup öýi, siz:
„Ýehowanyň sabyr käsesi doldumy?
Ol şeýle işleri edermi?“ diýenlerini eşitdiňizmi?
Meniň wadalarym dogruçyllaryň bähbidine dälmi?
8 Soňky döwür halkym maňa duşman boldy.
Söweşden gelýän esger ýaly
Arkaýyn geçip barýan ötegçileriň
Göz-görtele şaý-seplerini, donuny sypyryp alýarsyňyz*.
9 Halkymyň gelinlerini asuda öýlerinden kowýarsyňyz,
Çagalaryny meniň berekedimden mahrum edýärsiňiz.
10 Bar git, sebäbi bärde asudalyk ýok,
11 Şemaly kowalaýan, aldaw bilen ýaşap:
„Geliň, şerap, çakyr hakda wagyz edeýin“ diýýän adam,
Diňe şu halkyň wagyzçysy bolar+.
13 Halk diwary ýykýanyň yzyna düşer.
Olar ýykylan diwardan geçip, derwezeden çykyp giderler+.
Olaryň patyşasy öňlerinden ýörär,
Ýehowa olara ýol görkezer»+.