Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w07 1/11 sah. 13—15
  • Abadýa, Ýunus we Mika kitaplaryndan peýdaly pikirler

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Abadýa, Ýunus we Mika kitaplaryndan peýdaly pikirler
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • EDOM «HEMIŞELIK ÝOK EDILER»
  • (Abadýa 1—21)
  • «NINEWE ÝYKYLAR»
  • (Ýunus 1:1—4:11)
  • «OLARYŇ SAÇYNYŇ DÜŞEN ÝERI KÖPELER»
  • (Mika 1:1—7:20)
  • «Ýehowanyň ady» bilen ýöremegi dowam ediň
  • Ol rehimdar bolmagy öwrendi
    Olaryň imanyndan görelde alyň
  • Ýehowa Ýunusa sabyr etdi
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Ol eden ýalňyşyndan sapak edindi
    Olaryň imanyndan görelde alyň
  • Ýunus kitabynyň mazmuny
    Mukaddes Kitap
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
w07 1/11 sah. 13—15

Ýehowanyň Sözi diri

Abadýa, Ýunus we Mika kitaplaryndan peýdaly pikirler

«ABADÝANYŇ görnüşi» (Abadýa 1). Mukaddes Ýazgylardaky Abadýa kitaby şeýle sözler bilen başlanýar. B. e. öň 607-nji ýylda Abadýa ýazyp gutaran kitabynda adyndan başga özi barada hiç zat aýtmaýar. Mundan II asyr gowrak öň Ýunus pygamber missioner gullugynda başdan geçirenlerini açyk beýan edýär. Abadýa we Ýunus pygamberleriň ýaşan döwri aralygynda, ýagny b. e. öň 777— 717-nji ýyllarda Mika altmyş ýyl pygamberlik edýär. Mika pygamber özi barada diňe Moreşef [obasyndandygyny] we «Ýotam, Ahaz we Hizkiýa ýehudy patyşalaryň döwründe» Hudaýyň Sözüniň oňa berlendigini aýdýar (Mika 1:1). Pygambere oba ýaşaýşynyň gowy tanyşdygy, habarynyň esasy pikirlerini nygtamak üçin getirýän mysallary görkezýär.

EDOM «HEMIŞELIK ÝOK EDILER»

(Abadýa 1—21)

Abadýa Edom barada: «Sen doganyň Ýakuba zulum edeniň üçin, utanja galarsyň we hemişelik ýok edilersiň» diýýär. Edomlylaryň Ýakubyň ogullaryna — ysraýyllylara eden soňky zulumy pygamberiň gowy ýadyndady. B. e. öň 607-nji ýylda babyllylar Iýerusalimi weýran edende edomlylar «çetde durup» hüjüm eden «ýat ýerli adamlar» bilen şertler baglaşdy (Abadýa 10, 11).

Emma Ýakubyň öýi dikelmelidi. Abadýa pygamber şeýle diýdi: «Gaçyp gidenler Sion dagynda bolar we ol mukaddes bolar» (Abadýa 17).

Sowallaryň jogaby:

5—8 — Edomyň weýran edilmegi gije ogrularyň we üzüm ýygymçylarynyň gelip weýran etmegi bilen deňeşdirilmegiň esasy manysy näme? Eger-de Edoma ogrular gelen bolsa, olar diňe gerekli zadyny alardy. Üzüm ýygymçylary gelen bolsa, özünden soň birnäçe üzüm galdyrardy. Emma Edom weýran edilende «onuň bilen şert baglaşan» — ylalaşan babyllylar onuň ähli hazynasyny tapyp, ogurladylar (Ýeremiýa 49:9, 10).

10 — Edom nädip «hemişelik ýok edildi»? Edom raýatlary we dolandyryş sistemasy bolan bir döwletdi. Ol belli bir ýerde ýerleşýärdi. Pygamberlik edilişi ýaly Edom ýok edildi. Babyl patyşasy Nabonidus b. e. öň VI asyryň ortalarynda Edomy basyp aldy. B. e. öň IV asyrda Edoma nebaty halky göçüp barýar. Edomlylar bolsa Ýahudanyň günortasyndaky Negefde, soňra Edumeýa diýip atlandyrylan ýere göçdüler. B. e. 70-nji ýylynda rimliler Iýerusalimi weýran edýär we edom halky hemişelik ýok edilýär.

Biziň üçin sapak:

3, 4. Edomlylar uly gat açan gaýaly beýik daglyk ýerde ýaşaýardy, şol sebäpli duşmanlara olary basyp almak aňsat däldi. Edomlylar özüne ynamly bolup, howpsuz ýaşýandyrys öýdýärdi. Emma Ýehowanyň höküminden gaçyp gutulyp bolmaz.

8, 9, 15. «Ýehowanyň gününde» ynsanyň güýji we paýhasy özüni halas edip bilmez (Ýeremiýa 49:7, 22).

12—14. Hudaýyň halkynyň çekýän kynçylyklaryna begenýänler üçin edomlylaryň mysaly gowy duýduryş. Ýehowa şeýle adamlary jezasyz goýmaz.

17—20. Ýakubyň ogullaryna degişli dikeldiliş baradaky pygamberlik b. e. öň 537-nji ýylda ysraýyllylaryň galyndysy Babyldan Iýerusalime gaýdyp gelende ýerine ýetdi. Ýehowanyň sözi hemişe, ýerine ýetýär. Biz onuň wadalaryna doly ynanyp bileris.

«NINEWE ÝYKYLAR»

(Ýunus 1:1—4:11)

Ýunus Hudaýyň «Beýik şäher Ninewä bar-da, oňa garşy hökümi yglan et» diýen buýrugyna gulak asman, Nineweden garşy tarapa gaçyp gitdi. Ýehowa «deňizde güýçli uly ýel öwsdürip», «uly balyga» Ýunusy ýuwtmagy buýurýar. Ol Ýunusa ýene-de düşündirip, ikinji sapar aşurlylaryň paýtagtyna gitmegi buýurýar (Ýunus 1:2, 4, 17; 3:1, 2).

Ýunus ol şähere baryp: «Ýene kyrk günden Ninewe ýykylar» diýip, açyk yglan edýär (Ýunus 3:4). Garaşylmazdan aşurlylar onuň habaryna seslenýär, Ýunus muňagahary gelýär. Ýehowa «suw kädisini» ulanyp, oňa rehim etmegi öwredýär (Ýunus 4:1, 6).

Sowallaryň jogaby:

3:3 — Ýunus Ninewe şäherini «üç gün aýlanan» bolsa, ol dogrudan-da şeýle uly boldumyka? Hawa. Gadymy döwürde Ninewe şäherine demirgazykdaky Horsabatdan başlap tä günortadaky Nimrud şäherleri girýärdi. Onuň ululygy dörtburçlak şekilindedi we perimetri 100 kilometrdi.

3:4 — Ýunus ninewelilere wagyz etmek üçin aşurlylaryň dilini öwrenmelidimi? Ýunus, mümkin, aşurlylaryň dilini bilendir ýa-da gudrat arkaly şol dilde gepländir. Belki, ol gorkuly habaryny ýewreý dilinde aýdandyr, kimdir biri bolsa terjime edendir. Şu soňky çaklama dogry bolsa, onda onuň habaryny has uly höwes bilen diňländirler.

Biziň üçin sapak:

1:1—3. Mesihçi wagyz etmek we şägirt taýýarlamak işine doly gatnaşmagyň deregine bilgeşleýin başga işler bilen meşgullansa, niýetiniň nädogrudygyny görkezýär. Ol Ýunus ýaly Hudaýyň beren ýumşuny ýerine ýetirmekden gaçýar.

1:1, 2; 3:10. Ýehowa rehimdarlygyny belli bir millete, jynsa, aýratyn adamlar toparyna bildirmeýär. «Reb hemmelere gowudyr, Onuň mähribanlygy ähli ýaradylanlarynyň depesindedir» (Zebur 145:9).

1:17; 2:10. Ýunusyň üç gije-gündiz uly balygyň içinde bolmagy, Isanyň ölüp-direlmegine degişli pygamberlikdi (Matta 12:39, 40; 16:21).

1:17; 2:10; 4:6. Ýehowa Ýunusy tupanly deňizden halas etdi. Şeýle-de Hudaý «Ýunusyň rahatlanmagy üçin, onuň üstüne kölege bolar ýaly suw kädisine ösmäge buýruk berdi». Şu günler Ýehowa gulluk edýänler Hudaýyna, onuň merhemetine bil baglap, Onuň gorajakdygyna we halas etjekdigine ynanyp bilerler (Zebur 13:5; 40:11).

2:1, 2, 9, 10. Ýehowa gullukçylarynyň dogalaryny eşidýär we ýalbaryşlaryna üns berýär (Zebur 120:1; 130:1, 2).

3:8, 10. Hak Hudaý «rehimi gelip» betbagtçylyk hakyndaky aýdan pikirini üýtgedip, «ony indirmedi». Näme üçin? Sebäbi nineweliler «erbet ýolundan öwrüldiler». Şu günlerem günä edýän adamlar ak ýürekden toba etseler, Hudaý olary höküm etmez.

4:1—4. Hudaýyň rehim etmegine hiç kim päsgel berip bilmeýär. Biz Ýehowanyň rehimdarlygyny tankytlamaly däl.

4:11. Şu günler Ýehowa sabyrlylyk edýär we Patyşalyk baradaky habar bütin ýer ýüzünde yglan edilýär. Geçmişde Ýehowanyň bir ýüz ýigrimi müň ninewelilere haýpy gelşi ýaly, şu günlerem «sag elini sol elinden saýgaryp bilmeýänlere» haýpy gelýär. Biz yhlasly wagyz edenimizde we şägirt taýýarlanymyzda adamlara haýpymyz gelmeli dälmi näme? (2 Petrus 3:9).

«OLARYŇ SAÇYNYŇ DÜŞEN ÝERI KÖPELER»

(Mika 1:1—7:20)

Mika Ysraýyl halkynyň we Ýahudanyň günäsini paş edip, olaryň paýtagtynyň haraba öwrüljekdigini we dikeldiljekdigini aýdýar. Samariýa «meýdandaky harabaçylyga» öwrüler. Şeýle-de butparaz Ysraýyl bilen Ýahudanyň «saçynyň düşmegine», ýagny masgara bolmaga mynasyp. Olar ýesirlige äkidilende saçynyň düşen ýeri köpeler we «bürgüdiň kellesine meňzär» — mümkin bu ýerde kellesinde seýrek gysga tüýi bolýan garaguş göz öňünde tutulýandyr. Ýehowa: «Men seni, Ýakup hökman ýygnaryn» diýip wada berýär (Mika 1:6, 16; 2:12). Iýerusalimiň azgyn ýolbaşçylary, günäkär pygamberleri sebäpli, Iýerusalim «haraba öwrüler». Ýöne Ýehowa «[halkyny] ýygnar». «Ysraýylyň hökümdary» «Beýtullaham Efratadan» geler (Mika 3:12; 4:12; 5:2).

Ýehowa Ysraýyla adalatsyzlyk etdimi? Onuň talaplarynyny ýerine ýetirmek kynmydy? Ýok. Ýehowa gullukçylaryndan diňe «adalatly bolmagy, merhemeti söýmegi we Hudaýy bilen pespäl ýöremegi» talap edýärdi (Mika 6:8). Mikanyň döwürdeşleri şeýle azdy welin, «olaryň iň gowy adamy tikenli gyrymsy agaç kimindi, iň dogruçyl adamy tikenli germewden-de beterdi. Olar adamlara zyýan ýetirip, azap berýärdiler. Pygamber şeýle sorag berýär: «[Ýehowa] ýaly Hudaý barmy?» Ýehowa ýene-de halkyna rehim edip, «ähli günälerini deňziň çuňlugyna zyňar» (Mika 7:4, 18, 19).

Sowallaryň jogaby:

2:12 — «Ysraýylyň galyndysyny ýygnamak» hakyndaky pygamberlik haçan ýerine ýetdi? Ol birinji gezek b. e. öň 537-nji ýylda ýehudylar Babyl ýesirliginden watanyna dolanyp gelende ýerine ýetdi. Bu pygamberlik şu günlerem «Hudaýyň Ysraýylynda» ýerine ýetýär (Galatýalylar 6:16). 1919-njy ýyldan başlap, mesh edilen mesihçiler «agyldaky sürä» ýygnalýar. 1935-nji ýyldan «başga goýunlaryň» «uly märekesi» olara goşulýar we agylda «köp adam sebäpli şowhun» bolýar (Ylham 7:9; Ýahýa 10:16). Olar bilelikde hakyky seždäni yhlasly goraýar.

4:1—4 — «Soňky günlerde» Ýehowa nädip «köp halklaryň arasynda kazy bolar we güýçli halklaryň bähbidi üçin ähli zady düzeder»? «Köp halklar» we «güýçli halklar» diýen jümle milletler toparyny hem-de syýasy güýçleri aňlatmaýar. Bu jümle ähli milletlerden bolan Ýehowa gulluk etmek isleýän adamlary aňladýar. Ýehowa kazy bolup olaryň ruhy bähbidi üçin ähli zady düzeder.

Biziň üçin sapak:

1:6, 9; 3:12; 5:2. Mikanyň ýaşan döwründe b. e. öň 740-njy ýylda, Samariýany aşurlylar weýran etdi (4 Patyşalar 17:5, 6). Şeýle-de aşurlylar Hizkiýa patyşanyň döwründe Iýerusalimi basyp aldylar (4 Patyşalar 18:13). B. e. öň 607-nji ýylda babyllylar Iýerusalimi otladylar (2 Taryhlar 36:19). Pygamberlik edilişi ýaly, Isa Mesih «Beýtullaham Efratada» doguldy (Matta 2:3—6). Ýehowanyň pygamberlik sözi hemişe ýerine ýetýär.

2:1, 2. «Hudaýyň Patyşalygyny we onuň dogrulygyny» däl-de, baýlygy birinji orunda goýup, Hudaýa gulluk eden bolmak, biziň üçin howpludyr (Matta 6:33; 1 Timoteos 6:9, 10).

3:1—3, 5. Ýehowa halkyna gözegçilik edýän adamlaryň adalatly bolmagyny isleýär.

3:4. Ýehowa dogalarymyza jogap bermegini islesek, biz günä edip, ikiýüzli bolmaly däl.

3:8. Biz diňe Ýehowanyň mukaddes ruhunyň kömegi arkaly wagyz edip, şol sanda Hudaýyň hökümini yglan edip bilýäris.

5:5. Bu pygamberlik eger-de Hudaýyň halkyna duşmanlar hüjüm edende, «ýedi [dolulygy aňladýan] çopanyň» we «sekiz şazadanyň» — ukyply adamlaryň — Ýehowanyň halkyna gözegçilik etjekdigini ynandyrýar.

5:7, 8. Şu günler mesh edilen mesihçiler köp halklar üçin «Ýehowanyň çygy kimin» —Hudaýyň berekedi bolýar. Sebäbi Hudaý olary Patyşalygy wagyz etmäge ulanýar. «Başga goýunlar» wagyz etmekde mesh edilenlere kömek edip, adamlara Hudaý bilen ýakyn gatnaşykda bolmaga ýardam edýär (Ýahýa 10:16). Adamlara hakykatdan şypa berýän şeýle işe gatnaşmak, biziň üçin uly hormat!

6:3, 4. Biz Ýehowa Hudaýymyzdan görelde alyp, ruhy taýdan gowşak we oňuşmagy kyn adamlara mähirli bolup, duýgudaşlyk bildirmeli.

7:7. Bu zalym dünýäde kynçylyklar bilen göreşip, ruhdan düşmeli däl. Biz Mika ýaly «sabyrlylyk bilen Hudaýymyza garaşmaly».

7:18, 19. Ýehowa ýalňyşlarymyzy höwes bilen bagyşlaýşy ýaly, bize garşy günä eden adamlary, biz hem höwes bilen bagyşlamaly.

«Ýehowanyň ady» bilen ýöremegi dowam ediň

Hudaýa we onuň halkyna garşy çykýanlar «hemişelik ýok ediler» (Abadýa 10). Biz Ýehowanyň duýduryşyna gulak assak we «erbet ýolumyzdan öwrülsek» onuň gahary ýatar (Ýunus 3:10). Soňky günlerde, ýagny biziň günlerimizde hakyky sežde ýalan dinlerden beýik bolar we Hudaýa gulak asýan adamlar oňa tarap eňer (Mika 4:1; 2 Timoteos 3:1). Geliň, «Ýehowa Hudaýymyz bilen asyrlar boýy we ebedi ýöremegi» ýüregimize düweliň (Mika 4:5).

Biz Abadýa, Ýunus we Mika kitaplaryndan gowy sapak edinip bileris! Olar mundan iki müň bäş ýüz ýyl öň ýazylan bolsa-da, hatda şu günlerem ondaky habarlar «diri we täsirlidir» (Ýewreýler 4:12).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş