54-NJI SAPAK
Ýehowa Ýunusa sabyr etdi
Assiriýada Ninewiýa diýen şäher bardy. Ol ýeriň adamlary erbetdi. Ýehowa Ýunus pygamberi Ninewiýa iberýär. Ol adamlara Ýehowanyň habaryny aýtmalydy. Olar hem erbet işlerini goýmalydy. Ýöne Ýunus Ninewiýa däl-de, başga tarapa gidýär. Ol Tarşyşa gidýän gämä münýär.
Gämi ýüzüp barýarka, güýçli şemal bolýar. Gäminiň içindäkiler gaty gorkýarlar. Olaryň hersi öz hudaýyna dileg edip başlaýar. Olar: «Apy-tupan kim sebäpli bolýarka?» diýişýär. Ahyry Ýunus: «Men günäkär. Men sebäpli ýel bolýar. Ýehowany diňlemän gaçyp barýaryn. Meni deňze zyňsaňyz tupan ýatar» diýýär. Gämidäkileriň Ýunusy deňze zyňasy gelmeýär. Ýöne Ýunus gaýta-gaýta aýdansoň, ony deňze zyňdylar. Şemal şol bada ýatýar.
Ýunus gark bolup başlaýar. Ol ölerin öýdüp gorkup, Ýehowa doga edýär. Ýehowa bir uly balygy iberýär. Ol Ýunusy ýuwudýar, ýöne öldürmeýär. Ýunus balygyň içinde: «Ýehowa, men seniň hemişe aýdanyňy ederin» diýip doga edýär. Ýehowa hem Ýunusy halas edýär. Ýunus balygyň içinde üç gün ýatýar. Üç günden soň, balyk ony gury ýere çykarýar. Şeýdip, Ýunus diri galýar.
Ýehowa Ýunusy halas etdi. Indi ol Ninewiýa gitmese-de bolýarmy? Ýok. Ýehowa ony ýene-de Ninewiýa iberýär. Ýunus oňa gulak asyp gidýär. Ol erbet adamlara: «Ninewiýa şäheri 40 günden ýok bolar» diýýär. Şonda Ýunusyň garaşmadyk zady bolýar. Halk Ýunusy diňleýär. Olar erbet işlerini goýýarlar. Ninewiýanyň patyşasy: «Adamlar, Hudaýy çagyryň, toba ediň. Belki, ol bizi öldürmez» diýýär. Ýehowa halkyň düzelendigini görýär. Şonuň üçin hem Ninewiýa şäherini ýok etmeýär.
Ýunusyň muňa gahary gelýär. Ýadyňda bolsa, Ýehowa Ýunusa sabyrly bolup, ony halas edipdi. Ýöne Ýunus Ninewiýadaky adamlara gynanmady. Gaýtam ol öýkeläp, şäheriň daşyna çykyp gidýär we suwkädiniň aşagynda oturýar. Biraz wagtdan kädi guraýar. Ýunusyň ýene gahary gelýär. Ýehowa Ýunusa: «Sen Ninewiýadaky adamlara gynanman, suwkädä gynanýarsyň. Meniň bolsa adamlara ýüregim awaýar. Şonuň üçinem olary halas etdim» diýýär. Şu wakadan näme öwrenýäris? Ninewiýadaky adamlaryň jany ösümlikden has gymmatly.
«Ýehowa... siziň üçin sabyr edýär. Sebäbi ol hemmeleriň toba edip, halas bolmagyny isleýär» (2 Petrus 3:9).