Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • my hek. 70
  • Ýunus hem-de uly balyk

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýunus hem-de uly balyk
  • Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Meňzeş maglumat
  • Ýehowa Ýunusa sabyr etdi
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Ol eden ýalňyşyndan sapak edindi
    Olaryň imanyndan görelde alyň
  • Ýunus kitabynyň mazmuny
    Mukaddes Kitap
  • Ol rehimdar bolmagy öwrendi
    Olaryň imanyndan görelde alyň
Başgalary
Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
my hek. 70

70-NJI HEKAÝA

Ýunus hem-de uly balyk

SUWUŇ içindäki adama seret. Oňa nähili howp abanýanyny görýäňmi? Ony balyk ýuwutjak bolýar! Ol adamyň kimdigini bilýäňmi? Ol Ýunus. Ol nädip beýle ýagdaýa düşdükä? Gel, bileli.

Ýunus Ýehowanyň pygamberi. Elişa pygamber ölenden bäri, kän wagt geçmändi. Ýehowa Ýunusa: «Beýik Ninewe şäherine bar. Şäheriň ýaşaýjylarynyň edýän işi gaty erbet we seniň bu barada olara aýtmagyňy isleýärin» diýýär.

Emma Ýunusyň gidesi gelmeýär. Ol Nineweden başga tarapa gidýän gämä münýär. Ýehowa ondan närazy. Şonuň üçin Ýehowa güýçli şemal turuzýar. Şemal şeýle bir güýçli welin, gämi suwa çümüp başlaýar. Deňizçiler gorkudan ýaňa, taňrylaryndan kömek dileýär.

Şonda Ýunus olara: «Men gögi we ýeri ýaradan Ýehowa Hudaýa sežde edýärin. Häzir bolsa, Ýehowanyň aýdanyny etmejek bolup, gaçyp barýaryn» diýdi. Deňizçiler haýran galyp: «Şemal ýatar ýaly, biz näme etmeli?» diýýärler.

Ýunus: «Meni deňze taşlaň, şonda deňiz ýuwaşar» diýýär. Deňizçiler ony taşlaslary gelmedi. Emma şemal barha güýçlenýär. Olar ahyry Ýunusy deňze taşlaýarlar. Şobada şemal ýatyp, deňiz ýene-de ýuwaşaýar.

Suwuň içinde Ýunusy uly balyk ýuwudýar. Emma Ýunus ölmeýär. Üç gije-gündiz ol balygyň garnynda bolýar. Ol Ýehowa gulak asmanyna we Ninewe şäherine gitmänine gynanýar. Ol näme ederkä?

Ýunus Ýehowadan kömek sorap doga edýär. Şonda Ýehowa balyga Ýunusy kenara çykardýar. Şondan soň, Ýunus Ninewe şäherine gidýär. Bu waka Ýehowanyň aýdanyny etmegiň wajypdygyny öwredýär gerek?

Mukaddes Ýazgylaryň Ýunus kitaby.

Öwrenmek üçin soraglar

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş