Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w07 1/11 sah. 22—26
  • Ýehowanyň Sözi hemişe ýerine ýetýär

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýehowanyň Sözi hemişe ýerine ýetýär
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Ýehowa halkyny azat edýär
  • Ýehowa halkyny goraýar
  • Ýehowa halkynyň aladasyny edýär
  • Şu günlerdäki azatlyk
  • Biziň günlerimizde Ýehowanyň goragy
  • Şu günler Ýehowa halkynyň aladasyny edýär
  • Ýehowa Ýuşany saýlady
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Ýaşlykdan Ýehowa gulluk et
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
w07 1/11 sah. 22—26

Ýehowanyň Sözi hemişe ýerine ýetýär

«Hudaýyňyz Ýehowanyň size aýdan ähli ýagşy sözleriniň biride ýerine ýetmän galmady... Siziň üçin bary ýerine ýetdi» (ÝEŞUW 23:14).

1. Ýeşuw kimdi we ol durmuşynyň ahyrynda näme etdi?

ÝEŞUW dogumly hem gaýduwsyz goşun serkerdesi we Hudaýa iman edýän wepaly adamdy. Ol Musa bilendi we Hudaý ony ysraýyl halkyny elhenç çölden çykaryp, süýt bilen bal akýan diýara eltmek üçin saýlady. Bu uly hormata mynasyp bolan Ýeşuw durmuşynyň ahyrynda ysraýyl ýaşulularyna iň soňky hoşlaşyk sözleri bilen ýüzlendi. Ýeşuwyň tolgundyryjy sözleri, ony diňleýänleriň imanyny berkitdi. Onuň sözleri biziň hem imanymyz berkidip biler.

2, 3. Ýeşuw ysraýyl ýaşulularyna ýüzlenende, Ysraýylyň ýagdaýy nähilidi we Ýeşuw olara näme diýdi?

2 Geliň, Mukaddes Ýazgylardaky bir wakany göz öňüne getirip göreliň: «Ýehowa Ysraýyla bütin daş-töweregindäki duşmanlardan dynçlyk berýär, şondan ençeme gün geçen soň, Ýeşuw gartaşyp, ýaşy birçene baranda, Ýeşuw ähli ysraýyllylary, olaryň ýaşulularyny, baştutanlaryny, kazylaryny we ýolbaşçylaryny çagyryp, şeýle diýdi: «Men gartaşdym we ýaşym birçene ýetdi» (Ýeşuw 23:1, 2).

3 Şol wagty Ýeşuw takmynan ýüz on ýaşyndady. Ol Hudaýyň halkynyň has ähmiýetli taryhy döwründe ýaşady. Ýeşuw Hudaýyň beýik işleriniň şaýady boldy we Ýehowanyň köp wadalaryny berjaý edişini gördi. Şol sebäpli, ol berk ynam bilen: «Hudaýyňyz Ýehowanyň size aýdan ähli ýagşy sözleriniň biride ýerine ýetmän galmandygyny bütin ýüregiňiz we janyňyz bilen bilýärsiňiz. Siziň üçin bary ýerine ýetdi» diýdi (Ýeşuw 23:14).

4. Ýehowa ysraýyllylara näme wada berdi?

4 Ýeşuwyň ýaşan döwründe Ýehowanyň haýsy sözleri ýerine ýetdi? Geliň, Ýehowanyň ysraýyllylara beren üç wadasyna seredeliň. Ol ysraýyllylary gulçulykdan azatlyga çykarjakdygyny, olary gorajakdygyny we aladasyny etjekdigini wada berýär. Ýehowa şular ýaly wadany şu döwürdäki halkyna-da berýär. Biz ýaşaýşymyzyň dowamynda olaryň ýerine ýetişini görýäris. Ýehowanyň şu günler edýän uly işlerine seretmezden öň, geliň, Ýeşuwyň günlerine üns bereliň.

Ýehowa halkyny azat edýär

5, 6. Ýehowa ysraýyllary Müsürden nädip azat etdi we bu nämäni subut etdi?

5 Ysraýyllylar Müsürde gulçulykda bolan mahaly, Hudaýa ýalbarýarlar we Ýehowa olary eşidýär (Çykyş 2:23—25). Ýehowa ýanyp duran gyrymsy agaçdan Musa şeýle diýdi: «Men olary [halkymy] müsürlileriň elinden halas etmek üçin, olary ol ýurtdan gowy, giň ýurda, süýt bilen bal akýan ýurda... çykarmak üçin aşak indim» (Çykyş 3:8, MKS). Ýehowanyň beren wadasyny ýerine ýetirendigini görmeklik, nähili tolgundyrýar! Haçanda Faraon ysraýyllary Müsürden goýbermejek bolanda, Musa oňa Nil derýasynyň suwuny Hudaýyň gana öwürjekdigini aýdýar. Şeýle-de bolýar. Nil derýasynyň suwy gana öwrülýär. Derýadaky balyklar ölýär we onuň suwuny içip bolmaýar (Çykyş 7:14—21). Faraon kesirlik etdi. Ýehowa ýene-de dokuz sany jeza berýär we öňünden olary jikme-jik beýan edýär (Çykyş 8—12-nji baplar). Onunjy jezada Ýehowa müsürlileriň nowbaharlary öldürenden soň, Faraon ysraýyllara ýurdy terk etmegi buýurýar — ysraýyllylar hem Müsürden gidýärler! (Çykyş 12:29—32).

6 Ýehowa Ysraýyllylary azat edýär we olar Onuň saýlan halky bolýar. Bu Ýehowany hemişe wadasyny berjaý edýän Hudaý hökmünde şöhratlandyrdy. Şeýle-de Ýehowanyň ähli milletleriň taňrylaryndan beýikdigini subut etdi. Ýehowanyň halkyny azat edendigi barada okanymyzda, imanymyz berkeýär. Bu wakanyň şaýady bolanlaryň duýgusyny göz öňüne getirip görüň! Ýeşuw Ýehowanyň hakykatdan-da «bütin dünýäniň üstünde... hemmelerden beýikdigine» göz ýetirdi (Zebur 83:18).

Ýehowa halkyny goraýar

7. Ýehowa ysraýyllylary faraonyň goşunyndan nädip gorady?

7 Ýehowanyň halkyny goramak barada beren ikinji wadasy hakda näme diýse bolar? Bu wadany Ýehowanyň ysraýyllylary Müsür gulçulygyndan azat etmek we Wada edilen diýara eltmek barada beren sözi subut edýär. Faraon gazaba münüp, uly goşuny we ýüzlerçe ýaraglanan arabalary bilen ysraýyllylaryň yzyndan kowýar. Ysraýyllylar dag bilen deňziň arasynda galanda, tekepbir Faraon özüne has ynamly bolan bolsa gerek! Şonda Hudaý iki düşelgäniň arasyna bulut goýup, öz halkyny halas edýär. Müsürlileriň tarapy garaňky, ysraýyllylaryň tarapy bolsa ýagtydy. Müsürlileri bulut büräp duran mahaly, Musa Gyzyl deňze tarap hasasyny uzadýar we suw ikä bölünip, ysraýyllylara gaçmak üçin ýol açylýar, müsürlilere bolsa duzak gurulýar. Ýehowa faraonyň uly goşunyny ýok edip, halkyny goraýar (Çykyş 14:19—28).

8. a) Çölde we b) Wada edilen diýara golaýlaşanda Hudaý ysraýyllylary nädip gorady?

8 Ysraýyllylar Gyzyl deňizden geçensoň «zäherli ýylandan we içýandan doly giň we elhenç çölde, gury hem suwsuz ýerden» geçmelidiler (Kanunyň gaýtalanyşy 8:15). Ýehowa halkyny ol ýerde-de gorady. Wada edilen diýara golaýlaşanlarynda, olara näme garaşýardy? Güýçli kenganlylar ysraýyllylara garşy çykdy. Ýehowa Ýeşuwa şeýle diýdi: «Indi, sen we bütin halk turuň-da, Iordan derýasyndan geçip, Meniň Ysraýyl ogullaryna beren ýurduma gidiň. Ömrüňiň ähli günlerinde hiç kim seniň öňüňde durup bilmez; Men Musa bilen bolşum ýaly, seniň bilen-de bolaryn; seni gözden salmaryn, terk etmerin» (Ýeşuw 1:2, 5, MKS). Ýehowanyň bu sözleri-de ýerine ýetdi. Ýeşuw otuz bir patyşany alty ýyl dolmanka ýeňýär we Wada edilen diýaryň uly bölegini basyp alýar (Ýeşuw 12:7—24). Hudaý kömek etmedik bolsa, ol ýeri basyp alyp bolmazdy.

Ýehowa halkynyň aladasyny edýär

9, 10. Ýehowa çölde halkynyň aladasyny nädip etdi?

9 Indi, Ýehowanyň halkynyň aladasyny etjek diýen üçünji wadasyna seredeliň. Ysraýyllylar Müsürden azatlyga çykan badyna, Hudaý olara şeýle wada berýär: «Men Gökden çöregi ýagyş bilen ýagdyraryn we halk her gün çykyp... ýygnar». Ýehowa aýdyşy ýaly «Gökden çörek ýagdyrýar». «Ysraýyl ogullary muny görüp, biri-birinden: «Bu näme?» diýip soradylar. Bu Ýehowanyň wada beren çöregi — mannady (Çykyş 16:4, 13—15).

10 Ýehowa kyrk ýyl çölde ysraýyllylara iýmit we suw berip, olaryň aladasyny edýär. Hatda olaryň egin-eşikleri könelmedi we aýaklary çişmedi (Kanunyň gaýtalanyşy 8:3, 4). Ýeşuw bu ähli zatlaryň şaýady boldy. Ýehowa wada edişi ýaly, halkyny azat etdi, gorady we aladasyny etdi.

Şu günlerdäki azatlyk

11. 1914-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynda Rassell dogan Beýtelde nähili bildiriş etdi we nämäniň wagty geldi?

11 Şu günler barada näme diýse bolar? 1914-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 2-sinde, Annagüni irden, Mukaddes Ýazgylary Öwrenýänleriň işine ýolbaşçylyk edýän Çarlz Teýz Rassell Bruklindäki (Nýu-Ýork) Beýteliň naharhanasyna girip: «Ertiriňiz haýyrly bolsun!» diýip, şähdaçyklyk bilen ýüzlendi. Soňra ol begenç bilen: «Milletleriň döwri gutardy, olaryň patyşalarynyň gününiň soňy geldi» diýip bildiriş etdi. Ýene-de Älemiň Hökümdary Ýehowanyň halkyna arka durmaga wagty geldi. Ol özüne garaşdyrmady!

12. 1919-njy ýylda nähili azatlyk boldy we ol nähili bereketler berdi?

12 Mundan bäş ýyl geçensoň, Ýehowa halkyny ýalan diniň dünýä imperiýasy bolan «Uly Babyldan» azat edýär (Ylham 18:2). Biziň diňe käbirimiz şol azatlygyň şaýady bolduk. Ýöne biziň ählimiz onuň nähili bereket berendigini görýäris. Ýehowa hakyky seždäni dikeldip, oňa sežde etmek isleýänleri jebisleşdirdi. Bu barada Işaýa şeýle pygamberlik edýär: «Ahyrky günlerde Taňry öýüniň dagy daglaryň başynda berkarar ediler, depelerden beýik bolar we ähli milletler oňa tarap yňdarylar» (Işaýa 2:2, MKS).

13. Siz Ýehowanyň guramasynyň nähili derejede köpelendigini görýärsiňiz?

13 Işaýanyň sözleri ýerine ýetdi. 1919-njy ýylda mesh edilenleriň galyndysynyň bütindünýä wagyz işine başlamagy bilen, Hudaýa bolan hakyky sežde beýgeldi. 1930-njy ýyllarda «başga goýunlary» ýygnamagyň wajypdygy aýdyň boldy (Ýahýa 10:16). Başda olaryň sany müňlerçedi, soňra ýüz müňlerçe boldy, häzir olaryň millionlarçasy hakyky seždäni goldaýar! Ýahýa resulyň gören görnüşinde olar «her milletden, her taýpadan, her halkdan we her dilden bolan hiç kimiň sanap bilmejek bir uly märeke» hökmünde suratlandyrylýar (Ylham 7:9). Siz şu günler näme görýärsiňiz? Siz hakykaty bileniňizde, ýer ýüzünde Ýehowanyň Güwäçileriniň sany näçedi? Häzir Ýehowa gulluk edýänleriň sany alty million ýedi ýüz müňden gowrak. Biz Ýehowa halkyny Beýik Babyldan azat edip, bütin dünýäde oňa sežde edýänleriň köpelmegine mümkinçilik berendiginiň şaýady.

14. Gelejekde ýene-de nähili azatlyk bolar?

14 Gelejekde bize ýene-de bir azatlyk garaşýar — bu hadysa ýer ýüzünde ýaşaýan ähli adamlara täsir eder. Ýehowa güýjüni görkezer: oňa garşy çykýanlary ýer ýüzünden ýok edip, halkyny täze dünýä girizer, onda diňe dogrulyk höküm sürer. Erbetligiň ýok edilişini we adamzadyň taryhynda täze we bagtly zamany görmek, diýseň ajaýyp bolar! (Ylham 21:1—4).

Biziň günlerimizde Ýehowanyň goragy

15. Näme üçin şu günler Hudaýyň halky Ýehowanyň goragyna mätäç?

15 Ýeşuwyň günlerinde ysraýyllylar Ýehowanyň goragyna mätäçdi. Şu günler Ýehowanyň halky goraga mätäçmi? Hawa! Isa şägirlerine şeýle duýduruş berdi: «Sizi gaýga basdyrarlar, öldürerler, Meniň adym üçin hemme milletler sizi ýigrener» (Matta 24:9). Ýehowanyň Güwäçileri köp ýyldan bäri dürli ýurtlarda garşylyklara we zalym yzarlamalara döz gelýärler. Ýehowanyň öz halkyny goldaýandygy aýdyň (Rimliler 8:31). Ýehowanyň Sözünde Patyşalyk baradaky wagzy we şägirt taýýarlamak işini, onuň halkyna garşy hiç bir ýaragyň togtadyp bilmejekdigi aýdylýar (Işaýa 54:17).

16. Siz Ýehowanyň halkyny goraýandygynyň haýsy subutnamalaryny görýärsiňiz?

16 Ýehowanyň halkyny bu dünýäniň ýigrenýändigine garamazdan, olar gün-günden köpelýärler. Ýehowanyň Güwäçileri 236 döwletde gülläp ösýär. Bu Ýehowanyň halkyny ýok etmek we bizi dymdyrmak isleýän adamlardan, Onuň goraýandygyny subut edýär. Siziň ýaşaýan döwrüňizde, Hudaýyň halkyny zalymlyk bilen yzarlan güýçli syýasy we dini ýolbaşçylaryň atlary ýadyňyzdamy? Olara näme boldy? Häzir olar nirede? Olaryň köpüsi Musa bilen Ýeşuwyň günlerindäki faraon ýaly şöhratsyz ölüme sezewar boldular. Şu döwürde Hudaýa wepaly bolup ölen gullukçylar barada näme diýse bolar? Olar Ýehowanyň ýadynda galdylar. Olar iň howpsuz ýerde, Ýehowanyň ýadynda galdylar. Dogrudan-da, Ýehowa wadalaryny hemişe ýerine ýetirýär.

Şu günler Ýehowa halkynyň aladasyny edýär

17. Ýehowa ruhy taýdan iýmit barada nähili wada berdi?

17 Ýehowa çölde halkynyň aladasyny edipdi. Şu günlerem ol biziň aladamyzy edýär. Ýehowa bizi «sadyk hem akylly hyzmatkär» arkaly ruhy taýdan iýmitlendirýär (Matta 24:45). Biz ýüzlerçe ýyl syr bolan, Hudaý baradaky hakykat bilimini alýarys. Perişde Daniýele şeýle diýdi: «Soňky günlere çenli, bu sözleri gizlin sakla we kitaby möhürle. Köp adamalar eýläk-beýläk ýörär we hakyky bilim artar» (Daniýel 12:4).

18. Näme üçin şu günler hakyky bilim artýar diýse bolar?

18 Biz soňky günlerde, hakyky bilimiň artýan döwründe ýaşaýarys. Mukaddes ruh hakykaty söýýän adamlara hak Hudaý we onuň niýeti barada dogry bilimi açýar. Şu günler Mukaddes Ýazgylar ýeriň ähli künjeginde ýaýrady we oňa esaslanan edebiýatlar Hudaýyň Sözündäki gymmatly hakykaty adamlara düşünmäge kömek edýär. Okuw geçirmek üçin «Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» a diýen kitabyň mazmunyna gysgaça seredeliň. Bu kitapda: «Hudaý barada hakykat», «Ölen adamlar nirede?», «Hudaýyň Patyşalygy näme?» we «Hudaý horluklara näme üçin ýol berýär?» diýen baplar bar. Adamlar müňlerçe ýyllaryň dowamynda şeýle soraglaryň üstünde oýlanýardylar. Indi, bu soraglaryň jogabyny bilse bolýar. Adamlar asyrlar boýy Mukaddes Ýazgylary bilmeýärdiler we hristian dininiň ýalan taglymatyna uýýardylar, muňa garamazdan, Hudaýyň Sözi üstün çykdy. Bu Ýehowanyň oňa gulluk etmek isleýän adamlaryň aladasyny edýändigi görkezýär.

19. Siz haýsy wadalaryň ýerine ýetendigini gördüňiz we bu sizi nämä ynandyrýar?

19 Biz tejribämize esaslanyp, ynam bilen şeýle diýip bileris: «Hudaýyňyz Ýehowanyň size aýdan ähli ýagşy sözleriniň biride ýerine ýetmän galmady... Siziň üçin bary ýerine ýetdi. Olaryň biride ýerine ýetmän galmady» (Ýeşuw 23:14). Ýehowa halkyny azat edýär, goraýar we onuň aladasyny edýär. Siz Hudaýyň wadasynyň hiç bolmanda biri, onuň bellän wagtynda ýerine ýetmän galdy diýip bilersiňizmi? Beýle diýip bolmaz! Hudaýyň Sözüne ynanmaga bizde ähli esaslar bar.

20. Biz gelejege näme üçin umyt bilen garap bileris?

20 Bize nähili gelejek garaşýar? Ýehowa köpümize ýer ýüzünde ajaýyp Jennetde ýaşamaga umyt berýär. Onuň käbir gullukçylary Isa bilen Gökde höküm sürer. Biziň nähili umydymyz bolaýanda-da, Ýeşuw ýaly wepaly galmaga ähli sebäpler bar. Biziň umydymyz ýakyn günlerde ýerine ýeter. Biz şonda geçen günleri we Ýehowanyň wadalaryny ýatlap: «Olaryň bary ýerine ýetdi» diýip bileris.

a Kitaby Ýehowanyň Güwäçileri çap etdi.

Siz nähili düşündirersiňiz?

• Ýeşuw Ýehowanyň haýsy wadalarynyň ýerine ýetendigini gördi?

• Siz Hudaýyň haýsy wadalarynyň ýerine ýetendigini gördüňiz?

• Hudaýyň Sözi babatda nämä ynanyp bileris?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş