Hyzkyl
7 Ýehowa maňa ýene-de şeýle diýdi: 2 «Ynsan ogly, Älemiň Hökümdary Ýehowa Ysraýyl ýurduna şeýle diýýär: „Besdir indi! Tutuş ýurduň soňy geldi. 3 Siziň soňuňyz geldi. Men gaharymy soňky damjasyna çenli üstüňize pürkerin. Saýlan ýollaryňyza görä höküm çykararyn we nejis işleriňiz üçin hasabat soraryn. 4 Size nebsim agyrmaz, rehimim inmez+. Eliňiz bilen edeniňizi egniňiz bilen çekdirerin, ýigrenji işleriňiz sebäpli ejir çekersiňiz+. Şonda meniň Ýehowadygymy bilersiňiz“+.
5 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Ine, betbagtçylyk, görlüp-eşidilmedik betbagtçylyk ýetip gelýär!+ 6 Soňuňyz gelýär, ýetip gelýär. Ol duýdansyz başyňyzdan iner*. Ine, ol gelýär! 7 Eý ýurduň ilaty, siziň nobatyňyz* geldi. Wagt boldy, ol gün ýakynlaşdy+. Hemmeler howsala düşdi, daglarda şowhunly sesler ýatdy.
8 Örän tizden başyňyza gahar odumy dökerin+, gaharymy soňky damjasyna çenli üstüňize pürkerin+. Saýlan ýollaryňyza görä höküm çykararyn we nejis işleriňiz üçin hasabat soraryn. 9 Size nebsim agyrmaz, rehimim inmez+. Eliňiz bilen edeniňizi egniňiz bilen çekdirerin, ýigrenji işleriňiz sebäpli ejir çekersiňiz. Şonda size jeza berýäniň Ýehowadygyny bilersiňiz+.
10 Ine, ol gün gelýär! Tiz ýetip gelýär!+ Nobat* size ýetdi. Temmi taýagy taýýar dur. Tekepbir duşman döşüne kakýar. 11 Zalym işleriniň artandygy üçin başlaryndan taýak iner+. Olaryň hiç biri aman galmaz. Baýlyklaryndan, halkyndan we şan-şöhratyndan nam-nyşan galmaz. 12 Şol wagt geler, ol gün hökman geler. Goý, satyn alýan begenmesin, satýan hem perýat etmesin. Sebäbi tutuş halk gazaba sezewar bolar*+. 13 Satyjy diri galsa-da, satan mellegini yzyna alyp bilmez, sebäbi görnüş* tutuş halka garşy aýdylandyr. Hiç kim yzyna dolanmaz, eden günäsi sebäpli hiç kim janyny halas edip bilmez.
14 Surnaý çalyndy+, hemmeler taýýar dur. Ýöne hiç kim söweşe çykmaýar, sebäbi tutuş halka garşy gaharym tutaşýar+. 15 Daşyndan gylyç+, içinden mergi we açlyk urar. Şäheriň daşyndakylaryň başyny gylyç alar, içinde oturanlary açlyk we mergi gyrar+. 16 Başyny gutaranlar daglara gaçarlar, jülgelerdäki gögerçinler kimin her biri günäsi üçin ahy-nala çeker+. 17 Elleriniň ysgyny gaçar, gorkudan ýaňa balagyna goýberer+. 18 Olar jul* geýerler+, gorkudan ýaňa sandyr-sandyr ederler. Her kes masgara bolar, her kes saçyny syrar*+.
19 Olar kümüşlerini köçelere taşlarlar, altynlaryny ýigrenerler. Ýehowanyň gazap gününde olary altyn-kümüşleri halas etmez+. Doýup iýmezler, ýarym aç bolarlar. Sebäbi altyn-kümüşleri halky büdredýän daş* bolup, günä iterdi. 20 Olar owadan şaý-seplerine buýsanardylar, olardan ýigrenji şekilleri, nejis butlary ýasardylar+. Men olary şeýle bir hala salaryn welin, olar altyn-kümüşlerini ýigrener. 21 Altyn-kümüşlerini keseki halklar talar, erbetler olja edip äkider. Olar altyn-kümüşleri haram ederler.
22 Men olardan ýüz öwrerin+. Duşmanlar gizlin mekanymy* haram ederler. Talaňçylar girip, ony harama çykararlar+.
23 Gandal ýasa+, sebäbi ýurtda adalatsyz höküm çykarylyp, bigünä gan dökülýär+. Şäher zalymlykdan doly+. 24 Olaryň öýlerini elinden alar+ ýaly iň erbet halky üstüne getirerin+. Batyrlaryň buýsanjyny ýok ederin, mukaddes ýerleri haram ediler+. 25 Olar jebir-jepa içinde rahatlyk agtararlar, emma tapmazlar+. 26 Şonda heläkçilik üstüne heläkçilik, habar yzyna habar geler. Halk pygamberden görnüş sorar+, ýöne ruhanylar kanuny öwretmez, ýaşulular maslahat bermez+. 27 Patyşa ýas tutar+, baştutan alaçsyz galar. Ähli halkyň eli gorkudan ýaňa sandyrar. Saýlan ýollaryna görä almytyny bererin. Höküm edişlerine görä höküm çykararyn. Şonda meniň Ýehowadygymy bilerler“»+.