Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Hyzkyl 8
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

Hyzkyl kitabynyň mazmuny

      • Hyzkyl görnüşde Iýerusalime äkidilýär (1—4)

      • Ybadathanada ýigrenji işler edilýär (5—18)

        • Aýallar Tammuz taňrysy üçin dady⁠-⁠perýat edýärler (14)

        • Adamlar Güne tagzym edýärler (16)

Hyzkyl 8:1

Çykgytlar

  • *

    Ýehoýakyn patyşanyň, Hyzkylyň we ýehudylaryň sürgündäki altynjy ýyly göz öňünde tutulýar.

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Garawul diňi»,

    2/2018, sah. 3

Hyzkyl 8:2

Parallel aýatlar

  • +Dan 7:9
  • +Hyz 1:4, 27

Hyzkyl 8:3

Çykgytlar

  • *

    Sözme-söz: ýer bilen gögüň arasyna.

  • *

    Sözlüge serediň.

  • *

    Ýa-da: gabanjaňlygyny oýarýan.

Parallel aýatlar

  • +Ýer 20:2; Hyz 9:2
  • +5Ms 32:16

Hyzkyl 8:4

Parallel aýatlar

  • +2Ms 40:34
  • +Hyz 1:27, 28

Hyzkyl 8:5

Çykgytlar

  • *

    Sözlüge serediň.

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Arassa sežde», sah. 53, 54, 56

Hyzkyl 8:6

Parallel aýatlar

  • +2Tr 36:14
  • +Ýer 26:4, 6

Hyzkyl 8:7

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: deşik.

Hyzkyl 8:10

Çykgytlar

  • *

    Ýewreý dilindäki şu jümläniň tezek diýen manysy bolup, bir zada bolan ýigrenji aňladýar.

Parallel aýatlar

  • +3Ms 11:10
  • +2Ms 20:4, 5

Hyzkyl 8:11

Parallel aýatlar

  • +2Pa 22:3, 4; 25:22; Ýer 26:24
  • +Hyz 16:17, 18

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Arassa sežde», sah. 54—58

Hyzkyl 8:12

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: heýkelinden.

Parallel aýatlar

  • +Işa 29:15; Hyz 9:9

Hyzkyl 8:14

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Arassa sežde», sah. 57, 58

Hyzkyl 8:15

Parallel aýatlar

  • +2Tr 36:14

Hyzkyl 8:16

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: sežde.

Parallel aýatlar

  • +2Tr 4:9
  • +5Ms 4:19; 2Pa 17:16; Ýer 8:1, 2

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Arassa sežde», sah. 57, 58, 59

Hyzkyl 8:17

Çykgytlar

  • *

    Taýak butlara sežde edilende ulanylan bolmaly.

Parallel aýatlar

  • +2Pa 21:16; Ýer 19:4; Hyz 9:9

Hyzkyl 8:18

Parallel aýatlar

  • +Hyz 5:11; 7:9
  • +Işa 1:15; Mik 3:4

Umumy salgylar

Hyz. 8:2Dan 7:9
Hyz. 8:2Hyz 1:4, 27
Hyz. 8:3Ýer 20:2; Hyz 9:2
Hyz. 8:35Ms 32:16
Hyz. 8:42Ms 40:34
Hyz. 8:4Hyz 1:27, 28
Hyz. 8:62Tr 36:14
Hyz. 8:6Ýer 26:4, 6
Hyz. 8:103Ms 11:10
Hyz. 8:102Ms 20:4, 5
Hyz. 8:112Pa 22:3, 4; 25:22; Ýer 26:24
Hyz. 8:11Hyz 16:17, 18
Hyz. 8:12Işa 29:15; Hyz 9:9
Hyz. 8:152Tr 36:14
Hyz. 8:162Tr 4:9
Hyz. 8:165Ms 4:19; 2Pa 17:16; Ýer 8:1, 2
Hyz. 8:172Pa 21:16; Ýer 19:4; Hyz 9:9
Hyz. 8:18Hyz 5:11; 7:9
Hyz. 8:18Işa 1:15; Mik 3:4
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
  • 16
  • 17
  • 18
Mukaddes Kitap
Hyzkyl 8:1—18

Hyzkyl

8 Altynjy ýylda*, altynjy aýyň bäşine men öýde otyrdym, ýanymda Ýahuda ýaşululary hem bardy. Şonda Älemiň Hökümdary Ýehowanyň ruhy üstüme indi. 2 Men daş keşbi oda meňzeş birini gördüm. Onuň bilinden aşagy ot ýaly ýanýardy+. Bilinden ýokarsy bolsa kümüşsöw altyn deý öwşün atýardy+. 3 Soňra ele meňzeş bir zat saçymdan tutdy. Ruh meni ýokary* göterip, Hudaýdan gelen görnüşde* meni Iýerusalime, içki howlynyň demirgazyga bakýan derwezäniň agzyna+ getirdi. Ol ýerde Hudaýyň gaharyny getirýän* but durdy+. 4 Ol ýeri Ysraýyl Hudaýynyň şöhraty gurşap aldy+. Onuň şöhratyny men jülgede hem görüpdim+.

5 Ol maňa: «Ynsan ogly, demirgazyga seredäý» diýdi. Men başymy galdyryp, demirgazyga seretdim. Şonda gurbanlyk ojagynyň* demirgazyk tarapynda duran derwezäniň agzynda Hudaýyň gaharyny getirýän buty gördüm. 6 Ol maňa şeýle diýdi: «Ynsan ogly, ysraýyl halkynyň nähili ýigrenji we elhenç işleri edýändigini görýärmiň?+ Şeýle işler sebäpli men mukaddes mekanymdan uzakda durmaga mejbur boldum+. Emma sen mundan-da beter ýigrenji zatlary görersiň».

7 Soňra ol meni howlynyň girelgesine alyp geldi. Men diwarda bir oýuk* gördüm. 8 Ol maňa: «Ynsan ogly, diwaryň oýugyny has-da giňelt» diýdi. Men oýugy giňeltdim we bir gapy gördüm. 9 Ol maňa şeýle diýdi: «Içerik gir-de, olaryň edýän zalym we ýigrenji işlerini gör». 10 Girip görsem, diwarda süýrenijileriň, ýürekbulanyjy ýyrtyjy haýwanlaryň+, Ysraýyl öýüniň nejis butlarynyň* şekilleri+ bardy. Olar tutuş diwaryň ýüzüne oýulyp çekilendi. 11 Ysraýyl öýüniň 70 ýaşulusy olaryň öňünde durdy. Şapanyň+ ogly Ýazanýa hem olaryň ýanyndady. Her biriniň elinde tütetgi ýakylýan gap bardy, onuň hoşboý ysly tüssesi ýokary galýardy+. 12 Ol maňa şeýle diýdi: «Ynsan ogly, Ysraýyl öýüniň ýaşulularynyň garaňkylykda, butlaryň şekilinden* doly içki otaglarynda näme edýändigini görýäňmi? Olar: „Ýehowa bizi görmeýär. Ýehowa ýurduny taşlap gitdi“ diýýärler»+.

13 Ol maňa: «Emma sen olaryň edýän ýigrenji işlerindenem beter elhenç zatlary görersiň» diýdi-de, 14 Ýehowanyň öýüniň demirgazyk derwezesiniň agzyna eltdi. Ol ýerde Tammuz taňrysy üçin dady-perýat edýän aýallary gördüm.

15 Ol maňa: «Ynsan ogly, olaryň näme edýändigini görýärmiň? Emma sen olaryň edýän ýigrenji işlerindenem has elhenç zatlary görersiň»+ diýdi. 16 Soňra ol meni Ýehowanyň ybadathanasynyň içki howlusyna+ getirdi. Ýehowanyň ybadathanasynyň girelgesinde, minara bilen gurbanlyk ojagynyň aralygynda ýeňseleri Ýehowanyň ybadathanasyna, ýüzleri gündogara bakyp duran 25-e golaý adam bardy. Olar gündogara bakyp, Güne tagzym* edýärdiler+.

17 Ol maňa şeýle diýdi: «Ynsan ogly, olary görýärmiň? Ýahuda öýi nejis işleri edýändigini, ýurdy zalymlykdan doldurýandygyny+, meni ynjadýandygyny az görýärmikä? Üstesine-de, olar burnuma taýak* uzadýarlar. 18 Şonuň üçin men gahar atyma atlanaryn. Olara nebsim agyrmaz, rehimim inmez+. Dady-perýat etseler-de, olary diňlemerin»+.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş