Matta
11 Isa 12 şägirdine görkezme berip, beýleki şäherlere wagyz etmäge we öwretmäge gitdi+.
2 Ýahýa türmededi+. Ol Mesihiň eden işleri hakda eşidende, Isanyň ýanyna şägirtlerini iberip+: 3 «Gelmeli Mesih senmi ýa başga birine garaşmalymy?»+ diýip soratdy. 4 Isa olara: «Baryň, eşidýän we görýän zatlaryňyzy Ýahýa gürrüň beriň+. 5 Körler görýär+, agsaklar ýöreýär, heýwere keselliler tämizlenýär+, kerler eşidýär, ölüler direlýär, garyplara hoş habar aýdylýar+. 6 Maňa şübhelenmeýän* adam bagtlydyr»+ diýdi.
7 Isa Ýahýanyň şägirtlerini ugratdy-da, märekä ýüzlenip, Ýahýa barada şeýle diýdi: «Siz çöle näme görmäge gitdiňiz?+ Ýele yranýan gamşymy?+ 8 Siz näme görmäge gitdiňiz? Gowy geýnen adamymy? Gowy geýinýän adamlar patyşalaryň köşgünde bolýar. 9 Dogrudan-da, ol ýere näme üçin gitdiňiz? Pygamberi görmägemi? Size diýýärin, ol pygamberden hem has beýikdir+. 10 Ol hakda şeýle ýazylandyr: „Seniň öňüňden habarçymy ýollaýaryn, ol saňa ýol taýýarlar“+. 11 Bilip goýuň, şu wagta çenli adamlaryň arasynda suwa çümdürýän Ýahýadan beýigi bolan däldir. Emma gökdäki Patyşalykda iň pesi ondan beýikdir+. 12 Suwa çümdürýän Ýahýanyň günlerinden bäri adamlar gökdäki Patyşalyga ýetmek isleýärler. Jan edýän adamlar hem oňa ýetýärler+. 13 Ýahýanyň günlerine çenli Pygamberler kitabynda we Töwratda gelejekki zatlar öňünden aýdylypdy+. 14 Ynansaňyz-da, ynanmasaňyz-da, gelmegine garaşýan Ylýas pygamberiňiz Ýahýadyr+. 15 Goý, gulagy bar adam eşitsin!
16 Men şu nesli kime meňzedeýin?+ Olar bazarda oturyp, deň-duşlaryna şeýle diýýän çagalar ýalydyr: 17 „Size tüýdük çalyp berdik, tans etmediňiz; zaryn-zaryn agladyk, hasrat çekmediňiz“. 18 Ýahýa hemmeler ýaly iýip içmedi, ýöne adamlar: „Ol jynly“ diýdiler. 19 Ynsan ogly hemmeler ýaly iýip içdi+, ýöne adamlar: „Ol hajymelik, arakhor, salgytçylaryň we günäkärleriň dosty“+ diýýärler. Emma adamyň akyldarlygy edýän işlerinden görünýär»+.
20 Isa ençeme gudrat görkezdi, ýöne şäherleriň köpüsi toba etmedi. Isa olara käýäp, şeýle diýdi: 21 «Waý günüňize, Horaziniň halky! Waý günüňize, Beýtsaýdanyň ilaty! Eger sizde edilen gudratlar Tir bilen Sidonda edilen bolsady, olar bireýýäm toba edip, jul geýerdiler, kül üstünde oturardylar+. 22 Size diýýärin, Kyýamat güni* Tir bilen Sidon halkyna size garanyňda has aňsat düşer+. 23 Eý Kapernawumyň+ halky, Hudaý sizi arşa çykarar öýdýäňizmi?! Ýok, ol sizi mazara* indirer+, sebäbi sizde edilen gudratlar Sodomda edilen bolsady, ol häzire çenli aman galardy. 24 Size diýýärin, Kyýamat güni* Sodomyň halkyna size garanyňda has aňsat düşer»+.
25 Şonda Isa şeýle diýdi: «Eý Atam, ýeriň-gögüň Eýesi! Saňa hemmeleriň öňünde alkyş aýdýaryn. Sen hakykaty akyldar hem bilimli adamlardan gizläp, çaga ýaly pesgöwünli adamlara açdyň+. 26 Eý Atam, sen şeýle bolmagyny islediň. 27 Atam ähli zady maňa tabşyrdy+. Ogly Atadan başga hiç kim gowy tanaýan däldir+. Atany-da Oglundan we Oglunyň tanatmak isleýän adamlaryndan başga hiç kim gowy tanaýan däldir+. 28 Eý ýadaw we agyr ýükli adamlar! Meniň ýanyma geliň, men sizi ruhlandyraýyn*. 29 Men ýumşak we pesgöwünlidirin+, meniň boýuntyrygymy dakynyň, menden görelde alyň, şonda janyňyz rahatlyk tapar. 30 Meniň boýuntyrygym ýumşak, ýüküm ýeňildir».