Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • 4 Musa 36
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

4 Musa kitabynyň mazmuny

      • Mirasdüşer gyzlar üçin kanun (1—13)

4 Musa 36:1

Parallel aýatlar

  • +4Ms 26:29

4 Musa 36:2

Parallel aýatlar

  • +4Ms 26:55; 33:54
  • +4Ms 27:1—7

4 Musa 36:4

Parallel aýatlar

  • +3Ms 25:10

4 Musa 36:8

Parallel aýatlar

  • +1Tr 23:22

4 Musa 36:10

Parallel aýatlar

  • +4Ms 36:6

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Garawul diňi»,

    15/2/2008, sah. 4, 5

4 Musa 36:11

Parallel aýatlar

  • +4Ms 27:1

4 Musa 36:13

Parallel aýatlar

  • +4Ms 26:3; 33:50; 35:1

Umumy salgylar

4 Mus. 36:14Ms 26:29
4 Mus. 36:24Ms 26:55; 33:54
4 Mus. 36:24Ms 27:1—7
4 Mus. 36:43Ms 25:10
4 Mus. 36:81Tr 23:22
4 Mus. 36:104Ms 36:6
4 Mus. 36:114Ms 27:1
4 Mus. 36:134Ms 26:3; 33:50; 35:1
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
Mukaddes Kitap
4 Musa 36:1—13

Dördünji Musa

36 Mahyryň+ ogly, Manaşanyň agtygy, Ýusubyň çowlugy Gileadyň nesliniň tirebaşylary Musanyň we ysraýyl baştutanlarynyň ýanyna gelip: 2 «Agam, Ýehowa saňa bije atyp+, ysraýyllara mülk paýlamagy tabşyrdy. Ýehowa doganymyz Selophatyň gyzlaryna-da mülk bermegi buýurdy+. 3 Eger olar ysraýylyň başga taýpasyna durmuşa çyksa, mülkleri atamyzyň adyndan aýrylyp, şol taýpa geçer. Şeýdip, biziň paýymyza düşen miras elimizden alnar. 4 Ysraýyllar üçin Azatlyk ýyly+ gelende, gyzlaryň mülki durmuşa çykan taýpasyna berler. Olaryň mülki biziň taýpamyzdan alnar» diýdiler.

5 Ýehowanyň buýrugy bilen, Musa halka şeýle diýdi: «Ýusubyň ogullarynyň aýdýany dogry. 6 Ýehowa Selophatyň gyzlary hakda şeýle tabşyryk berýär: „Olar islän adamyna durmuşa çykyp biler, ýöne barjak adamy öz taýpasyndan bolsun. 7 Ysraýyllar ata-babalaryndan miras alan mülküni gorap saklasyn, mülküni bir taýpadan başga taýpa geçirmesin. 8 Ysraýylyň islendik taýpasyndan mülk alan gyz atasynyň taýpasyna durmuşa çyksyn+. Şonda ysraýyllaryň her biri ata-babasyndan miras galan mülküni gorap saklar. 9 Ysraýyllar miras alan mülküni gorap saklasyn, mülküni bir taýpadan başga taýpa geçirmesin“».

10 Selophatyň gyzlary Ýehowanyň Musa aýdyşy ýaly-da etdiler+. 11 Selophatyň gyzlary+ Mahla, Tirsa, Hogla, Milka we Noga kakasynyň garyndaşlaryna durmuşa çykdylar. 12 Atasynyň mirasy öz taýpasynda galar ýaly, olar Ýusubyň ogly Manaşanyň taýpasyna durmuşa çykdylar.

13 Ýerihonyň garşysynda, Iordanyň boýunda ýerleşýän Mowap düzlüginde Ýehowanyň Musa arkaly ysraýyllara beren tabşyryklary we hökümleri şulardyr+.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş