Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • 1 Patyşalar 12
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

1 Patyşalar kitabynyň mazmuny

      • Rehobamyň gödek jogaby (1—15)

      • On taýpanyň gozgalaňy (16—19)

      • Ysraýyl patyşasy Ýerobgam (20)

      • Rehobam ysraýyllar bilen söweşmeýär (21—24)

      • Ýerobgamyň ýasan göleleri (25—33)

1 Patyşalar 12:1

Parallel aýatlar

  • +1Ms 12:6; Ýuş 20:7, 9; Ser 9:1, 2; Res 7:15, 16
  • +2Tr 10:1—4

1 Patyşalar 12:2

Parallel aýatlar

  • +1Pa 11:26, 40

1 Patyşalar 12:4

Çykgytlar

  • *

    Sözme⁠-⁠söz: boýuntyryk.

Parallel aýatlar

  • +1Şm 8:11—18; 1Pa 4:7

1 Patyşalar 12:5

Çykgytlar

  • *

    Ýa⁠-⁠da: üçünji gün.

Parallel aýatlar

  • +2Tr 10:5—7

1 Patyşalar 12:7

Çykgytlar

  • *

    Sözme⁠-⁠söz: hyzmat edip.

1 Patyşalar 12:8

Çykgytlar

  • *

    Ýa⁠-⁠da: hyzmatkär.

Parallel aýatlar

  • +2Tr 10:8—11

1 Patyşalar 12:10

Çykgytlar

  • *

    Sözme⁠-⁠söz: külbike barmagymça⁠-⁠da.

1 Patyşalar 12:12

Parallel aýatlar

  • +2Tr 10:12—15

1 Patyşalar 12:15

Parallel aýatlar

  • +5Ms 2:30; 2Tr 22:7; Rim 9:18
  • +1Pa 11:31

1 Patyşalar 12:16

Çykgytlar

  • *

    Sözme⁠-⁠söz: çadyrlaryna.

Parallel aýatlar

  • +2Tr 10:16, 17

1 Patyşalar 12:17

Parallel aýatlar

  • +1Pa 11:12, 13; 2Tr 11:13, 16

1 Patyşalar 12:18

Parallel aýatlar

  • +2Şm 20:24; 1Pa 4:6; 5:13, 14
  • +2Tr 10:18, 19

1 Patyşalar 12:19

Parallel aýatlar

  • +2Pa 17:21

1 Patyşalar 12:20

Parallel aýatlar

  • +1Pa 11:30, 31
  • +1Pa 11:12, 13; Hoş 11:12

1 Patyşalar 12:21

Çykgytlar

  • *

    Ýa⁠-⁠da: tälim berlen.

Parallel aýatlar

  • +2Tr 11:1—4; 25:5

1 Patyşalar 12:22

Çykgytlar

  • *

    Sözme⁠-⁠söz: hak Hudaýyň guly Şemaýa.

Parallel aýatlar

  • +2Tr 12:5

1 Patyşalar 12:24

Parallel aýatlar

  • +1Pa 11:30, 31

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Garawul diňi»,

    6/2018, sah. 14

1 Patyşalar 12:25

Parallel aýatlar

  • +1Pa 12:1
  • +1Ms 32:30; Ser 8:13, 17

1 Patyşalar 12:26

Parallel aýatlar

  • +1Pa 11:38

1 Patyşalar 12:27

Parallel aýatlar

  • +5Ms 12:5, 6

1 Patyşalar 12:28

Parallel aýatlar

  • +2Ms 20:4; 2Pa 10:29
  • +2Ms 32:4, 8; 2Tr 11:15, 16

1 Patyşalar 12:29

Parallel aýatlar

  • +1Ms 12:8, 9; 28:19
  • +1Ms 14:14; 5Ms 34:1; Ser 18:29; 20:1

1 Patyşalar 12:30

Parallel aýatlar

  • +2Pa 10:31; 17:21—23

1 Patyşalar 12:31

Çykgytlar

  • *

    Sözlüge serediň.

Parallel aýatlar

  • +4Ms 3:10; 1Pa 13:33; 2Tr 11:14; 13:9

1 Patyşalar 12:32

Çykgytlar

  • *

    Sözlüge serediň.

Parallel aýatlar

  • +3Ms 23:34
  • +Ams 7:13

Umumy salgylar

1 Pat. 12:11Ms 12:6; Ýuş 20:7, 9; Ser 9:1, 2; Res 7:15, 16
1 Pat. 12:12Tr 10:1—4
1 Pat. 12:21Pa 11:26, 40
1 Pat. 12:41Şm 8:11—18; 1Pa 4:7
1 Pat. 12:52Tr 10:5—7
1 Pat. 12:82Tr 10:8—11
1 Pat. 12:122Tr 10:12—15
1 Pat. 12:155Ms 2:30; 2Tr 22:7; Rim 9:18
1 Pat. 12:151Pa 11:31
1 Pat. 12:162Tr 10:16, 17
1 Pat. 12:171Pa 11:12, 13; 2Tr 11:13, 16
1 Pat. 12:182Şm 20:24; 1Pa 4:6; 5:13, 14
1 Pat. 12:182Tr 10:18, 19
1 Pat. 12:192Pa 17:21
1 Pat. 12:201Pa 11:30, 31
1 Pat. 12:201Pa 11:12, 13; Hoş 11:12
1 Pat. 12:212Tr 11:1—4; 25:5
1 Pat. 12:222Tr 12:5
1 Pat. 12:241Pa 11:30, 31
1 Pat. 12:251Pa 12:1
1 Pat. 12:251Ms 32:30; Ser 8:13, 17
1 Pat. 12:261Pa 11:38
1 Pat. 12:275Ms 12:5, 6
1 Pat. 12:282Ms 20:4; 2Pa 10:29
1 Pat. 12:282Ms 32:4, 8; 2Tr 11:15, 16
1 Pat. 12:291Ms 12:8, 9; 28:19
1 Pat. 12:291Ms 14:14; 5Ms 34:1; Ser 18:29; 20:1
1 Pat. 12:302Pa 10:31; 17:21—23
1 Pat. 12:314Ms 3:10; 1Pa 13:33; 2Tr 11:14; 13:9
1 Pat. 12:323Ms 23:34
1 Pat. 12:32Ams 7:13
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
  • 16
  • 17
  • 18
  • 19
  • 20
  • 21
  • 22
  • 23
  • 24
  • 25
  • 26
  • 27
  • 28
  • 29
  • 30
  • 31
  • 32
  • 33
Mukaddes Kitap
1 Patyşalar 12:1—33

1 Patyşalar

12 Rehobam Şekeme+ gitdi, sebäbi ysraýyllar ony patyşa etmek üçin şol ýere ýygnanypdy+. 2 Muny Nebatyň ogly Ýerobgam hem eşitdi. Şol wagt Ýerobgam Süleýman patyşadan gaçyp, Müsürde ýaşap ýördi+. 3 Ysraýyllar adam iberip, Ýerobgamy getirtdiler. Ýerobgam bilen ysraýyllar Rehobamyň ýanyna baryp: 4 «Kakaň gerdenimize agyr ýük* goýdy+. Eger ýükümizi ýeňledip, azapdan dyndyrsaň, saňa hyzmat ederis» diýdiler.

5 Rehobam: «Ýene üç günden* geliň» diýdi. Adamlar patyşanyň ýanyndan gaýtdylar+. 6 Soňra Rehobam kakasy Süleýmana hyzmat eden ýaşulular bilen maslahatlaşyp: «Halka näme jogap bereýin? Siz nähili maslahat berýäňiz?» diýip sorady. 7 Olar hem: «Eger sen halka eglişik edip*, haýyşyny bitirseň, halky razy etseň, olar hemişe saňa hyzmat eder» diýdiler.

8 Emma Rehobam ýaşulularyň beren maslahatyny diňlemedi. Ol özi bilen deň⁠-⁠duş geňeşçi* ýigitlere maslahat saldy+. 9 Rehobam olardan: «Halk kakamyň atan agyr ýüküni ýeňlet diýýär, olara näme jogap bereýin? Siz näme maslahat berýäňiz?» diýip sorady. 10 Şonda deň⁠-⁠duş ýigitleri şeýle diýdiler: «„Kakaň atan agyr ýüküni ýeňlet“ diýen halka: „Kakamyň bili meniň barmagymça⁠-⁠da* ýokdur. 11 Kakam gerdeniňize agyr ýük goýan bolsa, men üstüne ýene goşaryn. Ol sizi gamçy bilen uran bolsa, men tikenli gamçy bilen ýenjerin“ diý».

12 Ýerobgam bilen tutuş halk Rehobam patyşanyň aýdyşy ýaly, üç günden ýanyna bardylar+. 13 Emma patyşa ýaşulularyň beren maslahatyna gulak asman, halka gödek jogap berdi. 14 Ol ýaş ýigitleriň maslahatyny diňläp, halka: «Kakam gerdeniňize agyr ýük goýan bolsa, men üstüne ýene goşaryn. Ol sizi gamçy bilen uran bolsa, men tikenli gamçy bilen ýenjerin» diýdi. 15 Patyşa adamlary diňlemegem islemedi, sebäbi şeýle bolmagyna Ýehowa ýol beripdi+. Şeýlelikde, Ýehowanyň şiloly Ahyýar pygamber arkaly Nebatyň ogly Ýerobgama aýdan sözleri berjaý boldy+.

16 Patyşanyň diňlemändigini görüp, ysraýyllar: «Dawut bilen hiç hili şärikligimiz ýok! Ýessäniň oglunyň mirasyndan bize paý berilmez. Ysraýyllar, öz taňrylaryňyza dolanyň! Eý Dawudyň nesli, siz bolsa indi öz günüňizi özüňiz görüň!» diýdiler. Şeýdip, ysraýyllar öýli⁠-⁠öýüne* dargady+. 17 Rehobam bolsa Ýahudanyň şäherlerinde ýaşaýan ysraýyllaryň üstünden höküm sürmegi dowam etdi+.

18 Soňra Rehobam patyşa agyr işde işleýänlere gözegçilik edýän Adoramy+ ysraýyllaryň ýanyna iberdi, ýöne halk ony daşlap öldürdi. Rehobam bolsa söweş arabasyna münüp, Iýerusalime gaçyp gitdi+. 19 Ysraýyllar gozgalaň turuzdylar+, olar häzire çenli Dawudyň öýüne duşman bolup ýaşaýar.

20 Ýerobgamyň dolanyp gelendigini eşidip, tutuş ysraýyl halky bir ýere jemlendi. Olar Ýerobgamy çagyryp, ony tutuş Ysraýyla patyşa edip bellediler+. Dawudyň neslini bolsa diňe ýahuda taýpasy goldady+.

21 Süleýmanyň ogly Rehobam Iýerusalime geldi⁠-⁠de, ysraýyllar bilen söweşmek üçin ýahuda we benýamin taýpalaryndan 180 000 edermen* esgeri ýygnady, ol patyşalygy yzyna aljak bolýardy+. 22 Şonda hak Hudaý Şemaýa pygambere*+ şeýle diýdi: 23 «Git⁠-⁠de, Ýahuda patyşasy Süleýmanyň ogly Rehobama, ýahuda bilen benýamin taýpalaryna we galan halka aýt: 24 „Ýehowa şeýle diýýär: „Ysraýyl doganlaryňyza garşy çykmaň, olar bilen söweşmäň, hemmäňiz öýli⁠-⁠öýüňize gaýdyň. Sebäbi şeýle bolmagyna men ýol berdim“»+. Olar Ýehowanyň sözüne gulak asyp, Ýehowanyň aýdyşy ýaly, öýli⁠-⁠öýüne gaýtdylar.

25 Ýerobgam Efraýymyň daglarynda ýerleşýän Şekemi+ gaýtadan dikeldip, şol ýerde ýaşady. Soňra gidip, Penuweli+ dikeltdi. 26 Ýerobgam içinden: «Patyşalyk ýene⁠-⁠de Dawudyň nesline geçer+. 27 Sebäbi halk gurbanlyk bermek üçin entegem Ýehowanyň öýüne, Iýerusalime gidip+ ýör. Olaryň ýüregi Ýahuda patyşasy Rehobama tarap öwrüler. Olar meni öldürip, Ýahuda patyşasy Rehobamyň tarapyna geçerler» diýdi. 28 Ol adamlary bilen maslahatlaşyp, iki altyn göle ýasady⁠-⁠da+, halka: «Iýerusalime gidip kösenmäň. Eý Ysraýyl, ine sizi Müsür ýurdundan çykaran Hudaýyňyz»+ diýdi. 29 Ýerobgam olaryň birini Beýtelde+, beýlekisini Danda+ goýdy. 30 Şeýdip, halk günä edip başlady+, olar gölä sežde etmek üçin, hatda Dan topragyna⁠-⁠da gidýärdiler.

31 Soňra Ýerobgam depelerde seždegähleri* gurup, lewi taýpasyndan bolmadyk adamlary ruhany belledi+. 32 Ýerobgam sekizinji aýyň 15⁠-⁠ni baýramçylyk diýip yglan edip, Ýahuda ýurdundaky ýaly baýramçylyk girizdi+. Ol Beýteldäki+ gurbanlyk ojagynda* öz ýasan göleleri üçin gurbanlyk berdi. Beýtelde guran seždegählerinde ruhanylary belledi. 33 Ýerobgam öz saýlan aýynda, sekizinji aýyň 15⁠-⁠ne ysraýyllar üçin baýramçylyk girizip, Beýtelde guran gurbanlyk ojagynda gurbanlyk berip başlady. Ol gurbanlyklary ýakmak üçin gurbanlyk ojagynyň ýanyna geldi.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş