Luka
13 Şol wagt märekäniň arasynda duranlaryň käbiri ybadathanada gurbanlyk beren jelileli adamlary Pilatusyň öldürendigini Isa habar berdiler. 2 Isa olara: «Öldürilen jelileliler beýleki jelileli adamlardan köp günä edendir öýdýäňizmi? 3 Ýok, beýle däl. Eger toba etmeseňiz, siz hem şol adamlar ýaly heläk bolarsyňyz+. 4 Silowam diňi ýykylanda, 18 adam ölüpdi. Siz olary Iýerusalimde ýaşaýan beýleki adamlardan has günäli hasaplaýaňyzmy? 5 Ýok, beýle däl. Eger toba etmeseňiz, siz hem şol adamlar ýaly heläk bolarsyňyz» diýdi.
6 Isa olara şeýle mysaly gürrüň berdi: «Bir adamyň üzümçiliginde injir agajy bardy. Ol injir ýygmaga gelende, hiç zat tapmaýar+. 7 Ol bagbana: „Men üç ýyl bäri injir almaga gelýärin, ýöne hiç zat tapamok. Ony çapyp taşla. Miwe bermeýän agaç nämä gerek?“ diýýär. 8 Bagban: „Hojaýyn, ýene bir ýyl garaşaly. Men agajyň düýbüni ýumşadyp, dökün dökeýin. 9 Belki, ol miwe berer. Eger bermese, çaparys“+ diýýär».
10 Isa Sabat güni* sinagogalaryň birinde öwredip durdy. 11 Bir aýala jyn girip, bilini iki büküpdi. Ol iki eplenip, hatda dikelip bilmeýärdi, 18 ýyl bäri kösenýärdi. 12 Isa ony görüp: «Sen derdiňden gutuldyň»+ diýdi. 13 Soňra elini degirdi welin, aýal şol bada dikelip, Hudaýa alkyş aýdyp başlady. 14 Emma sinagoga ýolbaşçysy Isanyň Sabat güni aýaly sagaldandygyna gahary gelip, märekä: «Işlejek bolsaňyz alty gün bar+. Sagaljak bolsaňyz Sabat güni däl, başga günler geliň»+ diýdi. 15 Halypamyz: «Eý ikiýüzlüler+, siz Sabat güni öküziňiziň ýa-da eşegiňiziň ýüpüni çözüp, suwa ýakmaga alyp gideňizokmy?+ 16 Onda Şeýtanyň 18 ýyl bäri baglap saklan Ybraýymyň gyzyny Sabat güni azat etmeli dälmi?» diýdi. 17 Isanyň aýdanlaryna duşmanlary utandy, adamlar bolsa onuň eden täsin işlerine diýseň begendiler+.
18 Isa sözüni dowam edip: «Hudaýyň Patyşalygyny nämä meňzetse bolar? Ony näme bilen deňeşdireýin? 19 Ol bir adamyň bagynda eken gorçisa dänesi ýalydyr. Ol ösüp uly agaç bolýar, şahalarynda guşlar höwürtge ýasaýar»+ diýdi.
20 Isa ýene-de: «Hudaýyň Patyşalygyny ýene näme bilen deňeşdireýin? 21 Patyşalyk aýalyň üç kersen* una goşan hamyrmaýasyna meňzeýär. Ol tutuş hamyry turşadýar»+ diýdi.
22 Isa şäher-şäher, oba-oba aýlanyp, Iýerusalime barýança, ýolboýy öwredýärdi. 23 Şonda bir adam: «Agam, halas boljaklar azmy?» diýip sorady. Isa olara: 24 «Dar gapydan girmäge jan ediň+. Sebäbi köp adamlar ondan girjek bolar, ýöne girip bilmezler. 25 Öý eýesi gapyny ýapanda, siz daşynda galyp: „Agam, gapyny aç!“+ diýip kakarsyňyz. Ol bolsa: „Sizi tanamok“ diýip jogap berer. 26 Şonda siz: „Biz seniň bilen bir saçakda iýip içdik. Sen şäherimiziň uly köçelerinde öwredipdiň“+ diýersiňiz. 27 Emma ol size: „Men sizi tanamok. Eý zalymlar, baryň, gidiň!“ diýer. 28 Siz Ybraýymyň, Yshagyň, Ýakubyň we ähli pygamberleriň Hudaýyň Patyşalygyna girendigini, özüňiziň bolsa daşynda galandygyňyzy bilip, aglarsyňyz, alaçsyzlykdan ýaňa dişiňizi gyjarsyňyz+. 29 Şeýle-de gündogardan, günbatardan, demirgazykdan we günortadan adamlar gelip, Hudaýyň Patyşalygynda saçak başynda oturarlar. 30 Şonda soňkular ilkinji, ilkinjiler bolsa soňky bolar»+ diýdi.
31 Şol wagt käbir fariseýler gelip: «Tur, bärden git, Hirodes seni öldürjek bolýar» diýdiler. 32 Isa olara şeýle diýdi: «Baryň, ol tilkä aýdyň: „Men şu gün we ertir jynlary kowup çykararyn, syrkawlary sagaldaryn, üçünji gün bolsa ähli işlerimi edip bolaryn“. 33 Näme bolaýanda-da, şu gün, ertir we birigün etmeli işlerimi ederin. Sebäbi pygamber Iýerusalimde öldürilmelidir+. 34 Eý Iýerusalim, pygamberleri öldürýän we Hudaýyň iberen adamlaryny daşlaýan Iýerusalim!+ Towugyň jüýjelerini ganatynyň aşagyna ýygnaýşy ýaly, men hem çagalaryňy ençeme gezek ýygnajak boldum, ýöne sen islemediň+. 35 Indi Hudaý seniň öýüňi taşlap gider+. Size diýýärin: „Ýehowanyň* adyndan gelýäne şöhrat bolsun!“ diýýänçäňiz, meni görmersiňiz»+.