111 Ýaha alkyş aýdyň!+
א [Elip]
Bütin janym bilen Ýehowany wasp ederin+.
ב [Bet]
Ýygnakda, dogruçyllaryň öňünde taryplaryn.
ג [Gimel]
 2 Ýehowa uly işleri edýär+.
ד [Dal]
Işleriniň gadyryny bilýänler olar hakda oýlanýar+.
ה [He]
 3 Onuň işleri beýik hem täsin.
ו [Waw]
Adalaty ebedidir+.
ז [Zaýn]
 4 Onuň gudratly işleri ýatdan çykmaz+.
ח [Het]
Ýehowa mähirli we rehimdar+.
ט [Tet]
 5 Ol hudaýhonlaryň çöregini ýetirýär+.
י [Ýod]
Ähtini hiç haçan unutmaýar+.
כ [Käp]
 6 Halkyna gudratyny görkezýär.
ל [Lam]
Milletleriň mirasyny olara berýär+.
מ [Mim]
 7 Işleri hakdyr, adalatlydyr+.
נ [Nun]
Tabşyryklary ynama mynasypdyr+.
ס [Sameh]
 8 Olar häzirem, gelejekde-de hakdyr.
ע [Aýn]
Hakykata we adalata ýugrulandyr+.
פ [Pe]
 9 Ol halkyny halas edýär+.
צ [Sad]
Onuň emri bilen ähti ebedi durýar.
ק [Kap]
Onuň ady mukaddes we haýbatlydyr+.
ר [Reş]
10 Ýehowadan gorky akyldarlygyň başydyr+.
ש [Sin]
Tabşyryklaryny ýerine ýetirýän adam düşünje gazanýar+.
ת [Taw]
Şan-şöhraty ebedidir.