Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Eýýup 33
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

Eýýup kitabynyň mazmuny

      • Alyhuw Eýýubyň özüni Hudaýdan hem dogruçyl görýändigini aýdýar (1—33)

        • «Töleg berjek» (24)

        • «Ýaşlyk ýyllaryndaky ýaly gujur⁠-⁠gaýratly bolsun» (25)

Eýýup 33:3

Parallel aýatlar

  • +Mat 12:34; Luk 6:45

Eýýup 33:4

Parallel aýatlar

  • +Zb 119:73
  • +1Ms 2:7; Nes 12:7; Res 17:25

Eýýup 33:6

Parallel aýatlar

  • +1Ms 2:7

Eýýup 33:9

Parallel aýatlar

  • +Eýp 10:7; 16:16, 17; 23:11
  • +Eýp 29:14

Eýýup 33:10

Parallel aýatlar

  • +Eýp 13:24; 16:9; 19:11

Eýýup 33:11

Parallel aýatlar

  • +Eýp 13:27; 14:16; 31:4

Eýýup 33:12

Parallel aýatlar

  • +Eýp 12:13; Zb 8:4; Işa 40:25; 55:9

Eýýup 33:13

Parallel aýatlar

  • +Işa 45:9; Rim 9:20
  • +Eýp 13:24

Eýýup 33:15

Çykgytlar

  • *

    Sözlüge serediň.

Parallel aýatlar

  • +4Ms 12:6; Dan 4:5

Eýýup 33:16

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: Öwüt-nesihatyna möhür basýar.

Parallel aýatlar

  • +Eýp 36:10

Eýýup 33:17

Parallel aýatlar

  • +1Ms 20:6, 7; Mat 27:19
  • +Dan 4:24, 25

Eýýup 33:18

Parallel aýatlar

  • +1Ms 31:24

Eýýup 33:20

Parallel aýatlar

  • +Zb 107:17, 18

Eýýup 33:23

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: perişde.

Eýýup 33:24

Parallel aýatlar

  • +Eýp 19:25; Mat 20:28
  • +Eýp 14:13

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Garawul diňi»,

    15/8/2009, sah. 5, 6

Eýýup 33:25

Parallel aýatlar

  • +2Pa 5:14
  • +5Ms 34:7; Eýp 42:16; Zb 103:3—5

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Garawul diňi»,

    15/8/2009, sah. 5, 6

Eýýup 33:26

Parallel aýatlar

  • +Zb 30:8

Eýýup 33:27

Çykgytlar

  • *

    Başga manysy: Emma peýda görmedim.

Parallel aýatlar

  • +2Şm 12:13; Zb 32:5; Nak 28:13; Luk 15:21; 1Ýh 1:9

Eýýup 33:28

Parallel aýatlar

  • +Zb 19:14; Işa 38:17

Eýýup 33:30

Parallel aýatlar

  • +Zb 56:13

Umumy salgylar

Eýp. 33:3Mat 12:34; Luk 6:45
Eýp. 33:4Zb 119:73
Eýp. 33:41Ms 2:7; Nes 12:7; Res 17:25
Eýp. 33:61Ms 2:7
Eýp. 33:9Eýp 10:7; 16:16, 17; 23:11
Eýp. 33:9Eýp 29:14
Eýp. 33:10Eýp 13:24; 16:9; 19:11
Eýp. 33:11Eýp 13:27; 14:16; 31:4
Eýp. 33:12Eýp 12:13; Zb 8:4; Işa 40:25; 55:9
Eýp. 33:13Işa 45:9; Rim 9:20
Eýp. 33:13Eýp 13:24
Eýp. 33:154Ms 12:6; Dan 4:5
Eýp. 33:16Eýp 36:10
Eýp. 33:171Ms 20:6, 7; Mat 27:19
Eýp. 33:17Dan 4:24, 25
Eýp. 33:181Ms 31:24
Eýp. 33:20Zb 107:17, 18
Eýp. 33:24Eýp 19:25; Mat 20:28
Eýp. 33:24Eýp 14:13
Eýp. 33:252Pa 5:14
Eýp. 33:255Ms 34:7; Eýp 42:16; Zb 103:3—5
Eýp. 33:26Zb 30:8
Eýp. 33:272Şm 12:13; Zb 32:5; Nak 28:13; Luk 15:21; 1Ýh 1:9
Eýp. 33:28Zb 19:14; Işa 38:17
Eýp. 33:30Zb 56:13
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
  • 16
  • 17
  • 18
  • 19
  • 20
  • 21
  • 22
  • 23
  • 24
  • 25
  • 26
  • 27
  • 28
  • 29
  • 30
  • 31
  • 32
  • 33
Mukaddes Kitap
Eýýup 33:1—33

Eýýup

33 Eýýup, indi meni diňle,

Sözlerime gulak goý.

 2 Haýyş edýärin, indi gepläýin,

Sözlerim dilimiň ujunda.

 3 Dilim bilenimi sözleýär,

Sözlerimden ýüregimiň päkdigi görünýär+.

 4 Hudaý ruhy bilen meni ýaratdy+,

Gudratygüýçlüniň demi ýaşaýyş berdi+.

 5 Başarsaň, maňa jogap ber,

Delil getirip, özüňi aklajak bol.

 6 Hak Hudaýyň öňünde deňdiris,

Ikimizem toprakdan ýaradylandyrys+.

 7 Şonuň üçin menden gorkma,

Sözlerim agyr degip, howuňy basmasyn.

 8 Aýdanlaryň gulagymdan gidenok,

Şu sözleri köp aýtdyň:

 9 „Men päk, ýazyksyz+,

Tämiz, hiç bir etmişim ýok+.

10 Emma Alla maňa yrsaraýar,

Ganym duşmany hasaplaýar+.

11 Aýagyma gandal salýar,

Ähli ýollarymy barlaýar“+.

12 Ýöne sen ýalňyşýarsyň,

Hudaý başy ölümli ynsandan has beýikdir+.

13 Sen ondan näme üçin nägile?+

Saňa jogap bermändigi üçinmi?+

14 Hiç kim diňlemese⁠-⁠de,

Alla gaýta⁠-⁠gaýta aýdýar.

15 Il⁠-⁠gün süýji uka gidende,

Ýumşak düşekde ýatanda,

Düýş hem görnüş* arkaly aýdýar+.

16 Şonda olaryň gulaklaryny açýar+,

Öwüt⁠-⁠nesihat berýär*,

17 Ynsany günäden saklaýar+,

Tekepbirlikden goraýar+.

18 Hudaý ony mazardan,

Janyny gylyçdan halas edýär+.

19 Syrkawyň endam⁠-⁠jany agyrýar,

Süňkleri yza çekýär, ýöne ol sapak edinýär.

20 Çöregi görüp, ýüregi bulanýar,

Süýji nahary işdäsi almaýar+.

21 Gapyrgasyny sanaýmaly hor bolýar,

Ol çöpe dönüp horlanýar.

22 Bir aýagy mazardadyr,

Jany ganhorlaryň elindedir.

23 Eger bir habarçy*,

Müňleriň içinden bir aklawçy,

Adama hakykaty öwretse,

24 Hudaý oňa rehim edip:

„Men onuň üçin töleg berjek+,

Mazardan alyp galyň+.

25 Goý, ýaş ýigit kimin sagdyn bolsun+,

Ýaşlyk ýyllaryndaky ýaly gujur⁠-⁠gaýratly bolsun“+ diýer.

26 Ol ýalbarar, Alla oňa rehim eder+.

Hudaýyň ýüzüni görüp, şatlykdan ýaňa gygyrar.

Hudaý başy ölümli ynsany dogruçyl hasaplar.

27 Ol halkyň öňünde şeýle aýdym aýdar:

„Günä+ edip, hilegärlige baş urdum,

Etmişime görä jeza almadym*.

28 Ol janymy mazardan gutardy+,

Ýagty jahany görkezdi“.

29 Alla adam üçin şeýle zatlary,

Iki sapar, hatda üç sapar edýär.

30 Ol şatlanyp ýaşasyn diýýär,

Janyny mazardan alyp galýar+.

31 Diňle, Eýýup, maňa gulak as!

Sabyr et, sözümi dowam edeýin.

32 Aýtjagyň bar bolsa, aýt!

Günäsizdigiňi subut edesim gelýär.

33 Aýdara sözüň bolmasa, meni diňle,

Sözümi bölme, öwüt⁠-⁠nesihat bereýin».

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş