Dawudyň aýdymy.
15 Eý Ýehowa, çadyryňa kimi myhman alarsyň?
Mukaddes dagyňda kim ýaşar?+
2 Halal ýaşaýan+,
Dogry işleri edýän+,
Ýüreginde hakykaty aýdýan adam ýaşar+.
3 Ol dili bilen töhmet atmaz+,
Goňşusyna ýamanlyk etmez+,
Dostlaryna gara ýöňkemez+.
4 Ol ýigrenji adam bilen gatnaşmaz+,
Ýehowadan gorkýanlara hormat goýar.
Zyýanyna bolsa-da, beren sözünde durar+.
5 Ol göterimine pul bermez+,
Bigünäni garalamak üçin para almaz+.
Şeýle adam asla sarsmaz+.