Zebur
Miktam*. Dawudyň aýdymy.
16 Eý Hudaýym, meni gora! Sen meniň penam!+
2 Men Ýehowa diýdim:
«Ýehowa, ähli berekediň Gözbaşy sensiň!
4 Ýalan taňrylara gulluk edýänleriň derdi köpdür+.
Men olar bilen gan sadakalaryny hödürlemerin,
Taňrylaryň adyny-da agzamaryn+.
5 Ýehowa meniň paýym+, käsämi püre-pür edýär+,
Mirasymy goraýar.
6 Maňa mes toprakdan paý düşdi,
Mirasymdan razydyryn+.
7 Ýehowa alkyş aýdaryn, sebäbi öwüt-nesihat berýär+.
Men gijelerine oýlanyp, sapak edinerin*+.
8 Hemişe Ýehowa hakda pikir ederin+.
Ol meniň sagymda bolsa, asla sarsmaryn+.
9 Şonuň üçin ýürekden şatlanaryn,
Kalbym joşar, asudalykda ýaşaryn.
10 Sen meni mazarda* goýmarsyň+,
Wepaly guluňy mazarda galdyrmarsyň*+.
11 Sen ýaşaýyş ýoluny öwredersiň+.
Huzuryňda hemişe şatlansynlar+,
Sagyňda elmydama begensinler.