Işaýa
46 Bel dyza çökýär+, Nebo iki bükülýär,
Olaryň butlary haýwanlara, mallara ýüklenýär+,
Olar ýadap, zordan göterýär.
3 «Ýakubyň öýi, Ysraýyl öýüniň aman galanlary+, gulak asyň!
Dünýä ineniňizden bäri goldaw berýärin,
Eneden doglanyňyzdan bäri göterip gelýärin+.
4 Garrasaňyz-da, men üýtgemerin+.
Saçyňyz agarsa-da, sizi göterip gezerin.
Hemişekim ýaly, sizi götererin, goldaryn, halas ederin+.
5 Meni kime meňzedýärsiňiz? Meni kime deňeýärsiňiz?+
Meňzeşligiň bar diýip, kim bilen deňeşdirýärsiňiz?+
6 Käbirleri torbasyndan altyn seçip,
Kümşi terezide çekip,
Zergäri hakyna tutup, taňry ýasadýar+,
Soňra ýere ýüzin ýykylyp çokunýar+.
7 Buty gerşinde göterýärler+,
Eltip ýerinde goýýarlar, ol gozganman durýar.
Ol ýerinden butnamaýar+.
Oňa ýalbarýarlar, ýöne jogap bermeýär,
Hiç kimi halas edip bilmeýär+.
8 Şulary ýatda saklaň, mert boluň.
Eý günäkärler, olar hakda oýlanyň.
9 Gadymy döwürde bolan zatlary* unutmaň,
Men Hudaý, menden başgasy ýok.
Men Hudaý, meniň ýaly ýok+.
Men aýtdym, aýdanym amala aşar.
Maksat goýdum, maksadyma ýeterin+.
12 Kesir* ýürekler, gulak asyň!
Dogry ýoldan çykanlar, diňläň!
Siony halas ederin, Ysraýyla şöhratymy görkezerin»+.