Zebur
Dawudyň aýdymy.
101 Eý Ýehowa, seniň şanyňa aýdym aýdaryn.
Wepaly söýgiňi* we adalatyňy wasp ederin.
2 Men paýhasly karara gelerin, wepaly* bolaryn.
Maňa kömek et,
Öýümde-de wepaly bolaýyn+.
Şeýle adamlaryň golaýyna-da barmaryn.
4 Garaýürekli adam bilen gatnaşmaryn.
Erbet işe baş goşmaryn.
5 Goňşusyna gizlin töhmet atýany dymdyraryn+.
Ulumsylara we tekepbirlere çydap bilmerin.
6 Wepaly adamlara ýagşylyk ederin,
Olar meniň öýümde bolar.
Wepaly* adam maňa hyzmat eder.
7 Hilegär adam öýümde ýaşamaz,
Ýalançylaryň hiç biri huzurymda durmaz.
8 Her säher ýer ýüzünden erbetleri ýok ederin.
Ýehowanyň şäherinden günäkärleri gyryp taşlaryn+.