Ýuşa
1 Ýehowanyň guly Musa aradan çykansoň, Ýehowa onuň hyzmatkäri+ Nun ogly Ýuşa*+ şeýle diýdi: 2 «Gulum Musa aradan çykdy+. Indi sen halk bilen ýola düş. Iordandan geçiň-de, ysraýyllara berjek ýurduma gidiň+. 3 Musa söz berişim ýaly, aýak basan ýeriňiz siziňki bolar+. 4 Çölden Liwana we beýik Ýewfrat derýasyna çenli, günbatarda ýerleşýän Beýik deňze* çenli hetleriň+ tutuş ýurduny size bererin+. 5 Bütin ömrüňe seniň garşyňa çykan adam bolmaz+. Musany goldaýşym ýaly, seni hem goldaryn+. Seni terk etmerin, hiç wagt taşlamaryn+. 6 Batyrgaý hem dogumly bol+, ysraýyl halkyny ata-babalaryna wada beren* ýurduma+ sen eltersiň.
7 Ýöne batyrgaý hem dogumly bol! Gulum Musanyň tabşyryşy ýaly, tutuş Kanuny gyşarnyksyz berjaý et, saga-sola sowulma+. Şonda haýsy işiň başyna barsaňam, paýhasly hereket edersiň+. 8 Kanunyň sözleri diliňden düşmesin+. Ähli tabşyryklary birkemsiz berjaý eder ýaly, Kanuny gije-gündiz okap, gowy oýlan*+. Şonda paýhasly hereket edersiň, edeniň ugruna bolar+. 9 Saňa ýene-de aýdýaryn, batyrgaý hem dogumly bol! Gorkma, howsala düşme, nirä gitseň-de, Ýehowa Hudaýyň seni goldar»+.
10 Soňra Ýuşa halkyň ýolbaşçylaryna şeýle buýruk berdi: 11 «Düşelgä aýlanyň-da, halka: „Üç günden Iordandan geçip, Ýehowa Hudaýyňyzyň mülk edip berjek ýurduna gidersiňiz. Ýola gerek zatlaryňyzy taýynlaň“ diýiň»+.
12 Ýuşa rubenlere, gadlara we manaşa taýpasynyň ýarysyna şeýle diýdi: 13 «Ýadyňyzda bolsa, Ýehowanyň guly Musa+: „Parahat ýaşamagyňyz* üçin, Ýehowa Hudaýyňyz şu ýeri size berýär. 14 Aýallaryňyz, çagalaryňyz we mal-garaňyz Iordanyň bäri ýüzünde, meniň* beren mülkümde galsyn+. Batyr erkekleriňiz+ hatar-hatar bolup, doganlary bilen derýadan geçsin+. Doganlaryňyza kömek ediň. 15 Goý, Ýehowa olary-da siz ýaly parahat ýaşatsyn*. Olar Ýehowa Hudaýyňyzyň berjek ýurduna girsin. Şondan soň Ýehowanyň guly Musanyň size beren ýurduna, Iordanyň gündogaryna gaýdyp gelersiňiz“+ diýipdi».
16 Şonda olar Ýuşa: «Näme diýseň ederis, nirä iberseň gideris+. 17 Musanyň her bir sözüne gulak asyşymyz ýaly, saňa-da gulak asarys. Goý, Hudaýyň Ýehowa Musany goldaýşy ýaly, seni hem goldasyn!+ 18 Buýrugyňa garşy çykan ýa tabşyrygyňa gulak asmadyk adam hökman öldüriler+. Ýöne sen batyrgaý hem dogumly bol!»+ diýdiler.