Birinji Musa
33 Ýakup görse, Ysaw 400 nökeri bilen golaýlaşyp gelýär+. Ol çagalaryny Leýa, Rahele we iki gyrnagyna tabşyrdy+. 2 Gyrnaklary we olaryň çagalaryny öňde+, Leýany we onuň çagalaryny olardan soň+, Rahel+ bilen Ýusuby bolsa iň yzda goýdy. 3 Özi hem öňe geçip, agasyna tarap ýöräp ugrady we ýanyna ýetýänçä, ýedi gezek tagzym etdi.
4 Ysaw ylgap gelip, Ýakuby gujaklap ogşady; olar aglaşdylar. 5 Ysaw aýallary we çagalary görüp: «Bular kim?» diýip sorady. Ýakup: «Olary maňa* Hudaý berdi»+ diýdi. 6 Şonda gyrnaklary çagalary bilen gelip, Ysawa tagzym etdiler. 7 Leýa hem çagalary bilen öňe çykyp, tagzym etdi. Iň soňunda Ýusup bilen Rahelem gelip, tagzym etdi+.
8 Ysaw: «Hyzmatkärleriň bilen birgiden maly näme üçin iberdiň?»+ diýip sorady. Ýakup: «Göwnüňi tapaýyn diýip ugratdym, agam»+ diýdi. 9 Şonda ol: «Inim, meniň kem zadym ýok+. Mallaryň özüňde galsyn» diýdi. 10 Ýakup bolsa: «Ýok, beý diýme. Menden razy bolsaň, sowgat-serpaýymy kabul et. Olary seniň güler ýüzüňe zar bolup iberdim. Meni gujak açyp garşylanyňda, edil Hudaýyň ýüzüni gören ýaly boldum+. 11 Ýagşy niýet bilen beren zadymy yzyna gaýtarma+. Hudaý rysgal-döwletimi artdyrdy»+ diýdi. Ol ýalbaryp duransoň, Ysaw ahyry sowgat-serpaýlary aldy.
12 Soňra Ysaw: «Indi ýola düşeliň. Men öňüňizden ýöräp giderin» diýdi. 13 Emma Ýakup: «Agam, kiçi çagalarym bar+. Owlak-guzuly goýunlar, göleli sygyrlar hem maňa alada, olary bir günde gyssap äkitsek, bary haram öler. 14 Şonuň üçin sen gidiber. Men çagalar bilen mal-gara görä, ýuwaş-ýuwaşdan gyssanman bararyn. Seniň bilen Segirde görşeris»+ diýdi. 15 Ysaw: «Onda birnäçe nökerimi ýanyňda goýup gideýin» diýdi. Ýakup bolsa: «Ýok, azar etme. Hojaýynymyň göwnüni tapan bolsam, şonuň özem ýetik» diýdi. 16 Ysaw şol gün Segire dolandy.
17 Ýakup bolsa Sukota+ gidip, özüne öý, mallaryna agyl gurdy. Ol şol ýere Sukot* diýip at goýdy.
18 Şeýlelikde, Paddan-aramdan+ gaýdan Ýakup sag-aman Kengan ýurdundaky+ Şekem+ şäherine geldi. Ol şäheriň golaýynda düşledi. 19 Soňam Şekemiň kakasy Hamoryň ogullaryndan 100 kümüş teňňä bir bölek ýer satyn alyp, çadyryny dikdi+. 20 Ýakup şol ýerde gurbanlyk ojagyny* gurup, oňa «Hak Hudaý Ysraýylyň Hudaýydyr»+ diýip at goýdy.