Birinji Musa
32 Ýakup ýoluny dowam etdi. Ýolda öňünden Hudaýyň perişdeleri çykdy. 2 Ýakup perişdeleri görüp: «Bärde Hudaýyň goşuny düşläpdir!» diýdi-de, şol ýere Mahanaýym* diýip at goýdy.
3 Soňra Ýakup Edoma+, ýagny Segir ýurduna+ agasy Ysawyň ýanyna habarçylaryny ýollap, 4 şeýle tabşyryk berdi: «Hojaýynym Ysawa aýdyň: „Guluň Ýakup şeýle diýýär: „Şu wagta çenli Labanyň öýünde ýaşap+, 5 öküzleri, eşekleri, goýun-geçileri, gul-gyrnaklary edindim+. Agam, şu habarçylarymy seniň göwnüňi tapmak üçin iberdim“».
6 Biraz wagtdan habarçylar Ýakubyň ýanyna dolanyp: «Agaň Ysaw bilen gepleşdik. Ol seni garşylamaga gelýär, ýanynda-da 400 nökeri bar»+ diýdiler. 7 Muny eşiden Ýakup gorkup, howsala düşdi+. Ol adamlaryny we goýun-geçilerini, öküzlerini, düýelerini iki topara böldi. 8 Ýakup: «Eger Ysaw bir toparyň üstüne çozsa, beýlekisi gaçyp gutular» diýip pikir etdi.
9 Soňra Ýakup Hudaýa doga edip, şeýle diýdi: «Atam Ybraýymyň, kakam Yshagyň Hudaýy Ýehowa, sen maňa: „Ýurduňa, dogan-garyndaşlaryň ýanyna dolan, seniň aladaňy ederin“ diýipdiň+. 10 Men seniň wepaly söýgiňe*, munça ýagşylygyňa mynasyp däl+. Iordan derýasyndan geçenimde, elimde hasamdan başga zat ýokdy. Indi welin uly hojalygym, birgiden mal-garam bar*+. 11 Ýalbarýaryn+, meni doganym Ysawyň elinden halas et. Ol üstüme hüjüm edäýse+, aýallarymyza, çagalarymyza çenli gyrar öýdýärin. 12 Maňa: „Seniň aladaňy ederin, nesliňi deňiz çägesi deý köpelderin, olar sanardan köp bolar“ diýipdiň»+.
13 Ýakup gijäni şol ýerde geçirdi. Soňra agasy Ysawa sowgat-serpaý etjek mallaryny saýlady+. 14 Ol sürüsinden 200 geçi, 20 teke, 200 goýun, 20 goç 15 bilen 30 köşekli düýe, 40 sygyr, 10 öküz, 30 eşek* saýlap aldy+.
16 Ýakup mallary aýry-aýry sürä böldi. Sürüleriň hersini bir hyzmatkärine tabşyryp: «Öňümizden gidip, derýadan geçiň. Her süriniň arasyny biraz açyp ýöräň» diýdi. 17 Ol birinji hyzmatkärine: «Doganym Ysaw öňüňden çykyp: „Kimiň guly bolarsyň? Nirä barýaň? Süri kimiňki?“ diýip sorasa, 18 „Guluňyz Ýakubyň sürüsi. Hojaýyn, ol mallary size sowgat-serpaý edip iberdi+, özi yzymyzdan gelýär“ diý» diýip tabşyrdy. 19 Ýakup ikinji, üçünji hyzmatkärine, sürüleri äkiden ähli hyzmatkärine şol bir tabşyrygy berip: «Ysawa duşanyňyzda, sizem ýaňky diýenlerimi aýdyň. 20 Soňam: „Guluň Ýakup yzymyzdan gelýär“ diýiň» diýdi. Sebäbi Ýakup: «Sowgat-serpaý iberip, agamyň ýüregini ýumşadyp bilsem+, meni güler ýüz bilen garşylar» diýip pikir edýärdi. 21 Şeýlelikde, ol sowgatlary öňünden iberdi, özi bolsa agşam düşelgede galdy.
22 Ýakup gije turup, iki aýalyny+, iki gyrnagyny+ we 11 ogluny alyp, Ýabok derýasynyň ýalpak ýerinden geçdi+. 23 Ol bütin maşgalasyny we ähli zadyny derýadan geçirdi.
24 Ýakup ýeke galanda, bir adam* peýda bolup, daňa çenli onuň bilen göreşdi+. 25 Ol adam Ýakubyň ýan bermeýändigini görüp, onuň but süňküne elini degirdi. Şonda Ýakubyň but süňki çykdy+. 26 Ol Ýakuba: «Daň atyp barýar, meni goýber!» diýdi. Ýakup bolsa: «Ak pata bermeseň, goýbermerin!»+ diýdi. 27 Ol Ýakupdan: «Adyň näme?» diýip sorady. Ol hem: «Ýakup» diýdi. 28 Şonda ol adam: «Indi adyň Ýakup däl-de, Ysraýyl*+ bolar, sebäbi sen Hudaý hem adamlar bilen göreşip+, ahyrynda üstün çykdyň» diýdi. 29 Ýakup ondan: «Seniň adyň näme?» diýip sorady. Ol bolsa: «Adymy näme üçin soraýaň?»+ diýdi-de, şol ýerde oňa ak pata berdi. 30 Ýakup: «Hudaý bilen ýüzbe-ýüz bolsam-da, diri galdym»+ diýip, şol ýere Peniýel*+ diýip at goýdy.
31 Ýakup Penuwelden* geçende, jahan ýagtylypdy. Ol agsap ýöreýärdi, sebäbi but süňki çykypdy+. 32 Ysraýyllar häli-häzire çenli malyň budundaky siňri* iýmeýärler, sebäbi ol adam Ýakubyň budunyň siňrine elini degripdi.