Birinji Musa
31 Aradan birnäçe wagt geçdi. Bir gün Ýakup Labanyň ogullarynyň: «Ýakup kakamyzyň bar zadyna eýe çykdy. Kakamyzyň hasabyna baýady»+ diýen gürrüňini eşitdi. 2 Laban hem oňa öňküsi ýaly ýüz bermeýärdi+. 3 Şonda Ýehowa Ýakuba: «Ata-babalaryň ýurduna, dogan-garyndaşlaryň ýanyna dolan+, seni goldaryn» diýdi. 4 Ýakup Rahel bilen Leýany mal bakyp ýören ýerine çagyrdyp, 5 şeýle diýdi:
«Görýärin welin, kakaňyzyň öňküligi ýok+. Ýöne atamyň Hudaýy meni goldaýar+. 6 Kakaňyza janym-tenim bilen hyzmat edenimi gowy bilýänsiňiz+. 7 Ol bolsa mekirlik edip, zähmet hakymy telim* gezek üýtgetdi. Ýöne Hudaý onuň zyýan ýetirmegine ýol bermedi. 8 Daýym: „Menekli mallar iş hakyň bolar“ diýende, hemme mallar menekli guzlady. „Ala mallar iş hakyň bolar“ diýende welin, ähli mallar ala guzlady+. 9 Şeýdip, Hudaý kakaňyzyň mallaryny elinden alyp, maňa berdi. 10 Mallaryň höwre gelýän wagty bir düýş gördüm. Seretsem, geçiler bilen jübütleşýän tekeler menekli, tegmilli we ala eken+. 11 Düýşümde hak Hudaýyň perişdesi: „Ýakup!“ diýip çagyrdy. Men: „Diňleýärin!“ diýip jogap berdim. 12 Şonda ol: „Seret, geçiler bilen jübütleşýän tekeleriň hemmesi menekli, tegmilli we aladyr. Labanyň seni ne günlere salanyny gördüm+. 13 Men Beýtelde+ saňa görnen hak Hudaýdyryn. Şol ýerde bir daşy ýadygärlik edip goýup*, maňa wada beripdiň+. Indi bärden git-de, dogduk mekanyňa dolan“+ diýdi».
14 Şonda Rahel bilen Leýa şeýle jogap berdiler: «Atamyzyň öýünde bize hiç hili paý berilmez. 15 Kakam bizi keseki ýaly edip satdy, indi şol pullaryň hasabyna ýaşap ýör+. 16 Hudaýyň kakamdan alan ähli baýlygy, aslynda, biziňki we çagalarymyzyňky+. Hudaý näme diýen bolsa, şony hem et»+.
17 Şeýlelikde, Ýakup çagalaryny, aýallaryny düýelere mündürip+, 18 Paddan-aramda edinen mallaryny, goş-golamlaryny+ alyp, Kengan ýurduna, kakasy Yshagyň ýanyna ýola düşdi+.
19 Laban gyrkyma gidipdi. Rahel pursatdan peýdalanyp, kakasynyň+ butlaryny*+ ogurlady. 20 Ýakup bolsa siriýaly* Labanyň özündenem ökde çykyp*, öýüne gaýtjagyny oňa aýtmady. 21 Ol ähli zadyny alyp, gaçyp gitdi we derýadan*+ geçip, Gileadyň+ daglaryna tarap ýola düşdi. 22 Üçünji gün diýlende, Laban Ýakubyň gaçyp gidendigini eşitdi. 23 Ol dogan-garyndaşlaryny ýygnap, Ýakuby kowalady. Ýedi günden Gileadyň daglarynda yzyndan ýetdi. 24 Gije Hudaý siriýaly* Labanyň+ düýşüne girip+: «Ýakuba ýagşydan-ýamandan hiç zat diýäýme»+ diýdi.
25 Ýakup Gileadyň daglarynda düşläpdi. Laban hem dogan-garyndaşlary bilen çadyryny şol ýerde dikdi. Ol Ýakubyň ýanyna baryp, 26 şeýle diýdi: «Nämä beýtdiň? Näme üçin meni aldap, gyzlarymy ýesir ýaly alyp gaýtdyň? 27 Mekirlik edip, aýtman-etmän gaýdyberipsiň. Aýdan bolsaň, deprek, arfa çalyp, aýdym aýdyp, şatlyk-şagalaň bilen ugradardym. 28 Gyzlarymy, agtyjaklarymy bagryma basyp* hoşlaşmaga-da mümkinçilik bermediň. Munyň-a gelşiksiz bolýar. 29 Saňa näme edeýin diýsem güýjüm ýetýär. Ýöne öten agşam ataň Hudaýy: „Ýakuba ýagşydan-ýamandan hiç zat diýäýme“+ diýip tabşyrdy. 30 Öýüňdäkileri küýsäpsiň diýeli, ýöne taňrylarymy ogurlap gaýtmaň näme?»+
31 Şonda Ýakup: «Gyzlaryňy zor bilen alyp galarsyň öýdüp, saňa aýtman gaýtdym. 32 Ýaňky diýýän taňrylaryňy bolsa kimden tapsaň, başy ölümlidir. Garyndaşlaryň öňünde goşlary barla-da göräý, nämäň çyksa, alyp gidiber» diýdi. Ýakup Raheliň butlary ogurlandygyny bilmeýärdi. 33 Laban Ýakubyň, Leýanyň we iki gyrnagyň+ çadyryny barlady, ýöne butlary tapmady. Ol Leýanyň çadyryndan çykyp, Raheliňkä girdi. 34 Rahel butlary alyp, düýäniň howudyna* salypdy, özem olaryň üstünde otyrdy. Laban çadyryň hemme ýerini barlap çykdy, ýöne olary tapmady. 35 Rahel bolsa: «Kaka, men şu wagt ýaramok*+, ýerimden turmaýanyma gaharlanma» diýdi. Laban näçe gözlese-de, butlaryny tapyp bilmedi+.
36 Şonda Ýakup Labana gaharlanyp: «Meni beýdip yzarlar ýaly, saňa näme ýamanlyk etdim? Etmişim näme? 37 Goş-golamlarymy bir çetden dörüp çykdyň, öýüňden alnan iňňe ýaly zat tapdyňmy? Tapan bolsaň, getir, dogan-garyndaşlaryň öňünde goý. Olar kimiň haklydygyny aýtsyn. 38 Soňky 20 ýylyň içinde saňa hyzmat etdim. Goýun-geçileriňden hiç biri owlak-guzusyny düşüren däldir+. Süriňden ýekeje goç hem iýmedim. 39 Ýyrtyjy haýwanyň penjesine düşen mallary ýanyňa getirmedim+, öwezini özüm doldum. Süriňden mal ogurlanaýsa, gündiz ogurlandymy ýa gije, tapawudy ýok, olaryň baryny menden talap ederdiň. 40 Gündiz depämden gün geçirip, agşam sowukdan titräp, gijelerimi ukusyz geçirdim+. 41 Ömrümiň 20 ýyly gapyňda geçdi. Gyzlaryň üçin 14 ýyl işledim, öz mal-garam bolsun diýip, süriňi ýene 6 ýyl bakdym. Sen bolsa hakymy telim* gezek üýtgetdiň+. 42 Atam Ybraýymyň Hudaýy+, kakam Yshagyň Hudaýy*+ arkamda durmadyk bolsa, elimi boş goýbererdiň. Ýöne Hudaý meniň çeken azabymy, ezýetimi görüp, öten agşam saňa duýduryş beripdir»+ diýdi.
43 Laban bolsa: «Gyzlaram, çagalaram, mal-garalaram meniňki. Ine şu görýän ähli zadyň meniňki, gyzlarymyňky. Gyzlaryma ýa agtyklaryma ýamanlyk etmäge, heý-de, elim bararmy? 44 Gel, ikimiz äht baglaşaly. Goý, şol äht aramyzdaky ylalaşygy ýatlatsyn*» diýdi. 45 Şonda Ýakup bir daşy alyp, ýadygärlik edip goýdy+. 46 Ol dogan-garyndaşlaryna: «Daş üýşüriň!» diýdi. Olar daşlardan ullakan üýşmek etdiler. Soňra şol üýşmegiň üstünde iýip içdiler. 47 Laban oňa Ýegar-sahadut*, Ýakup bolsa Galet* diýip at goýdy.
48 Laban: «Daş üýşmegi ikimiziň aramyzdaky ähti ýatladar*» diýdi. Şol sebäpli Ýakup oňa Galet+ we 49 Garawul diňi diýen ady goýdy, sebäbi Laban: «Biri-birimizden uzakda bolsak-da, goý, Ýehowa edýän işlerimize gözegçilik etsin. 50 Gyzlarymy ynjydaýsaň ýa olaryň üstüne aýal alaýsaň, bilip goý, adam görmese-de, Hudaý görýändir» diýdi. 51 Soňra Laban Ýakuba: «Ine, ikimiziň diken ýadygärlik daşymyz we daş üýşmegi aramyzda dur. 52 Sen-ä men tarapa, menem sen tarapa ýaman niýet bilen geçmez ýaly, goý, şol ýadygärlik daşy we daş üýşmegi ähtimizi ýatlatsyn*+. 53 Ybraýymyň Hudaýy+, Nahuryň Hudaýy, olaryň atasynyň Hudaýy ikimize kazylyk etsin» diýdi. Ýakup hem kakasy Yshagyň Hudaýynyň*+ adyndan ant içdi.
54 Ýakup şol dagda Hudaýa gurbanlyk berip, dogan-garyndaşlaryny nahara çagyrdy. Olar iýip-içip, gijesini şol ýerde geçirdiler. 55 Laban ir bilen turup, gyzlaryny, agtyklaryny bagryna basdy-da*+, olara ak pata berip+, öýüne gaýtdy+.