Bäşinji Musa
22 Biriniň öküzi ýa goýny azaşan bolsa, görmediksirän bolup geçmäň+, hökman eýesine eltip beriň. 2 Eger eýesi uzakda ýaşaýan bolsa ýa-da tanamaýan bolsaňyz, maly öýüňizde saklaň. Eýesi gözläp gelende berersiňiz+. 3 Biriniň ýiten eşegini, geýimini ýa başga zadyny tapsaňyz, eýesine eltip beriň, biparh bolmaň.
4 Biriniň eşegi ýa öküzi ýolda ýykylyp ýatan bolsa, görmediksirän bolup geçmäň. Ildeşiňize malyny galdyrmaga kömekleşiň+.
5 Aýal erkegiň eşigini, erkek aýalyň eşigini geýmesin. Sebäbi Ýehowa Hudaýyňyz şeýle adamy ýigrenýändir.
6 Ýolda barýarkaňyz, agaçda ýa ýerde guşuň höwürtgesini görseňiz, ene guş jüýjelerini ýa ýumurtgalaryny basyryp ýatan bolsa, jüýjeleri enesi bilen alyp gitmäň+. 7 Jüýjeleri alsaňyz-da, enesini goýberiň. Şeýtseňiz, gowy günleri görüp, uzak ýaşarsyňyz.
8 Jaý salanyňyzda, üçege+ germew aýlaň. Ýogsam biri üçekden gaçsa, öý-içeriňiz adamyň ganyna galar.
9 Üzümlige başga* tohum sepmäň+. Ýogsam şol ekiniňizi-de, üzüm hasylyňyzy-da mukaddes çadyra getirmeli bolarsyňyz.
10 Öküz bilen eşegi bir boýuntyryga salmaň+.
11 Ýüň bilen zygyr goşulyp dokalan eşik geýmäň+.
12 Ýapynjaňyzyň dört burçuna gotaz tikiň+.
13 Eger biri öýlenip, gelnine ýanaşsa*, soňam ony halamasa, 14 gyzy ahlaksyzlykda aýyplap: „Öýlenen gyzymyň ýanyna girdim welin, ol gyz däl eken“ diýip töhmet atsa, 15 gyzyň ene-atasy onuň gyzlygyny şäher derwezesindäki ýaşululara görkezsin. 16 Gyzyň kakasy ýaşululara: „Gyzymy şu adama durmuşa çykardym, ýöne ol gyzymy halaman, 17 ahlaksyzlykda aýyplap: „Ol gyz däl eken“ diýýär. Ine onuň gyzlygy“ diýip, gyzynyň gyzlygyny görkezýän matany ýaşulularyň öňünde goýsun. 18 Şäher ýaşululary+ öýlenen adama temmi bersinler+. 19 Ol ysraýyl gyzyny abraýdan gaçyrdy, şonuň üçin ýaşulular oňa 100 şekel* kümüş jerime salyp, puly gyzyň kakasyna bersinler+. Gyz onuň aýaly bolup galsyn, ol adam ömrüniň ahyryna çenli aýaly bilen aýrylyşmasyn.
20 Ýöne ol, hakykatdan-da, gyz däl bolsa, 21 gyzy atasy öýüniň gapysyna getirsinler, şäheriň ilaty ony daşlap öldürsin. Sebäbi ol durmuşa çykmanka*, ahlaksyzlyk edip+, Ysraýylda biabraýçylyk etdi+. Erbetligi araňyzdan aýryň+.
22 Eger biri başga biriniň aýaly bilen ýatyrka tutulsa*, olaryň ikisini-de: erkegi-de, aýaly-da öldüriň+. Ysraýyldan erbetligi aýryň.
23 Eger bir adam şäherde başga biriniň adaglysyny görüp, onuň bilen ýatsa, 24 ikisini-de şäher derwezesine getirip, daşlap öldüriň. Gyz şäherde bolsa-da, kömek sorap gygyrmady, ol adam bolsa başga biriniň aýalynyň namysyna degdi, şonuň üçin olary öldüriň+. Şeýdip, erbetligi araňyzdan aýryň.
25 Emma bir adam başga biriniň adaglysyny çola ýerde* tutup zorlasa, gyzyň namysyna degen adamy öldüriň. 26 Gyza degmäň, ölüme höküm etmäň, sebäbi ol günä etmedi. Zorlanan gyzyň ýagdaýy ganhoryň elinden ölen adamyň ýagdaýy ýalydyr+. 27 Ol adam adaglanan gyzy çola ýerde zorlady, gyz gygyrsa-da, dadyna ýetişjek ýokdy.
28 Eger biri adaglanmadyk gyzy tutup*, namysyna degse, munuň hem üsti açylsa+, 29 ol gyzyň kakasyna 50 şekel kümüş berip, gyza öýlensin+. Ol gyzyň namysyna degdi, şonuň üçin ömrüniň ahyryna çenli onuň bilen aýrylyşmasyn.
30 Hiç kim kakasynyň aýalyny almasyn, ýogsam kakasynyň namysyny depelär+.