Birinji Petrus
5 Şeýlelikde, men Mesihiň gören görgüleriniň şaýady, onuň äşgär bolmaly şöhratynyň+ şärigi we ýaşuly hökmünde siziň araňyzdaky ýaşululara ýüzlenýärin*. 2 Size ynanylan Hudaýyň sürüsini bakyň+. Hudaýyň öňünde mejburlyk bilen däl-de, meýletinlik bilen gözegçilik ediň*+; öz bähbidiňizi gözlemäň-de+, höwes bilen gulluk ediň. 3 Hudaýyň mülküniň üstünden agalyk etmän+, gaýtam sürä görelde boluň+. 4 Şonda baş çopan äşgär bolanda+, solmajak şöhratly täji alarsyňyz+.
5 Ýaşlar, siz hem ululara* tabyn boluň+. Ýöne hemmäňiz pesgöwünli boluň*, sebäbi Hudaý tekepbirlere garşy çykýar, pesgöwünlilere bolsa ýagşylyk edýär+.
6 Şonuň üçin Hudaýyň güýçli gollarynyň astynda pesgöwünli boluň, ol hem sizi öz wagtynda beýgelder+. 7 Gaýgy-aladaňyzy Hudaýyň üstüne atyň+, sebäbi ol siziň aladaňyzy edýär+. 8 Hüşgär boluň, hemişe sagdyn pikirleniň+. Duşmanyňyz Iblis arlaýjy arslan kimin aýlanyp, awuny agtaryp ýörendir*+. 9 Şonuň üçin Iblise garşy duruň+, imanda berk boluň, sebäbi bütin dünýädäki doganlaryňyz* hem şeýle kynçylyklary başdan geçirýär+. 10 Hudaý sizi Mesih arkaly ebedi şöhratyna çagyrdy+. Biraz wagt azap çekseňiz-de, ýagşylyga baý Hudaý size doly tälim berer, berkider+, güýç berer+ we çydamly eder. 11 Goý, güýç-kuwwat ebedilik onuňky bolsun! Omyn!
12 Men wepaly dogan Silwanus*+ arkaly gysgajyk hat ýazyp, sizi ruhlandyrmak üçin Hudaýyň ýagşylygy hakda höwes bilen gürrüň berýärin. 13 Siziň ýaly saýlananlaryň biri, ýagny Wawilondaky aýal hem-de oglum Markus+ salam aýdýar. 14 Biri-biriňiz bilen mähirli* salamlaşyň.
Mesihiň şägirtleriniň ählisine parahatlyk bolsun!