Nakyllar
16 Ynsan aýtjak zady hakda oýlanýandyr,
Emma berýän jogaby Ýehowadandyr+.
3 Her işde Ýehowa bil bagla+,
Ol maksadyňa ýetirer.
4 Ýehowa ähli zady niýetini amala aşyrmak üçin ulanýar,
Hatda erbet adamy hem höküm güni ýok edýär+.
5 Ýehowa tekepbiri* ýigrenýär+,
Bilip goý, ol temmisiz galmaz.
7 Ýehowa ynsanyň ýolundan razy bolsa,
Ony duşmany bilen ýaraşdyrar+.
9 Ynsan öňünde maksat goýýar,
Ädimlerini bolsa Ýehowa ugrukdyrýar+.
11 Dogry terezi Ýehowadandyr,
Torbadaky terezi daşlary hem ondandyr+.
13 Patyşa hak sözi halaýar,
Hakykaty aýdýanlary gowy görýär+.
15 Patyşanyň nurana ýüzi ýaşaýyşdyr,
Patyşanyň ýagşylygy ýaz ýagşydyr+.
16 Akyldarlygy öwrenmek altyndan+,
Düşünjäňi artdyrmak arassa kümüşden gowudyr+.
17 Dogruçyl adam erbetlikden gaçýar,
Ädimlerine dykgatly adam janyny goraýar+.
18 Heläkçilikden öň tekepbirlik,
Ýykylmakdan öň ulumsylyk gelýär+.
19 Tekepbir bilen olja paýlaşanyňdan,
Pesgöwünli adamyň dosty bolanyň ýagşydyr+.
20 Düşünje bilen iş tutan üstünlik gazanar,
Ýehowa bil baglan bagtly bolar.
22 Düşünje ynsan üçin ýaşaýyş çeşmesidir,
Akylsyza akmaklygy üçin temmi berler.
25 Ýol bardyr, adamyň gözüne dogry görünýär,
Emma soňy ölüme eltýär+.
26 Açlyk ynsany işleder,
Gara bokurdak zähmet çekdirer+.
29 Zalym adam goňşusyny aldaýar,
Ony ters ýoldan ýöredýär.
30 Ol gözüni gypyp duzak gurýar,
Ýüzüňe gülüp baksa-da, ýamanlyk edýär.