Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • kl bap 15 sah. 140—149
  • Hudaýy şöhratlandyrýan maşgalany nädip gurmaly

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Hudaýy şöhratlandyrýan maşgalany nädip gurmaly
  • Ebedi ýaşaýşa eltýän bilim
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • BAGTLY MAŞGALA GURMAK ÜÇIN «GURALLAR»
  • ÇAGALARYŇ HUDAÝ BARADAKY BILIME LAÝYKLYKDA TERBIÝELENIŞI
  • «SAGDYN MASLAHATLARY» NÄDIP TAPMALY
  • Maşgalany nädip bagtly edip bolýar?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2016
  • Nika mähriban Hudaýyň sowgady
    «Özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň»
  • Nikaňda bagtly bol
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
  • Ömürlik nikanyň iki açary
    Maşgala bagtynyň syry
Ebedi ýaşaýşa eltýän bilim
kl bap 15 sah. 140—149

15-nji bap

Hudaýy şöhratlandyrýan maşgalany nädip gurmaly

1—3. Käbir adamlar nika we çaga terbiýelemek bilen bagly kynçylyklary näme üçin çözüp bilenok, we Mukaddes Ýazgylar şeýle kynçylyklary çözmäge nädip kömek edýär?

AÝDALY, sen öý gurmakçy. Ilki bilen, sen ýer satyn alarsyň. Täze öýi göz öňüne getirersiň. Emma, gerekli gurallaryň we gurluşykçy tejribäň bolmasa, onda näme etmeli? Seniň yhlasyň biderek bolardy!

2 Bagtly maşgala gurmak umydy bilen nikalaşýan jübütleriň köpüsi munuň üçin gerekli «gurallary» we tejribäni edinmediler. Toýdan soňra köp wagt geçmänkä, ýaramaz gylyk-häsiýetler eýýäm ýüze çykyp başlaýar. Dawa-jenjel adaty zada öwrülýär. Çaga doglanda bolsa, ýaş ene-atalar, çaga terbiýelemek barada bilýän zady, nika hakda bilýäninden artyk däldigine birden göz ýetirýärler.

3 Bagtymyza, Mukaddes Ýazgylar ajaýyp kömek hödürleýär. Onuň maslahatlary gurallara meňzeýär, olaryň kömegi bilen bagtly maşagala gurup bolar (Süleýmanyň Tymsallary 24:3). Gel, munuň nähili edilişine seredeli.

BAGTLY MAŞGALA GURMAK ÜÇIN «GURALLAR»

4. Nikada näme üçin kynçylyklar ýüze çykýar we Mukaddes Ýazgylarda nähili maslahatlar berilýär?

4 Ýaş çatynjalar bir-birine nähili mynasyp bolanda-da, olaryň dünýägaraýşy meňzeş däl, olaryň her haýsynyň öz çagalygy we öz maşgalasy bardy. Şoňa görä-de, toýdan soňra käbir kynçylyklar hökman ýüze çykaýmaly. Olary nädip çözmelikä? Öý guranlarynda, gurluşykçylar arhitektoryň plany boýunça gurýarlar. Olar arhitektoryň görkezmelerine eýermäge borçly. Mukaddes Ýazgylarda bagtly maşgala gurmak üçin, Hudaýyň görkezmeleri berilýär. Gel, olaryň käbirlerini öwreneli.

5. Mukaddes Ýazgylarda wepalylygyň möhümdigi nädip bellenýär?

5 Wepalylyk. Isa: «Hudaýyň goşanyny ynsan aýyrmasyn»a diýdi (Matta 19:6). Resul Pawlus: «Hemmeler nika hormat goýsun, düşek günä bilen hapalanmasyn. Çünki Hudaý ahlaksyzlary, zynahorlygy höküm eder» diýip ýazdy (Ýewreýler 13:4). Şeýlelikde, nikalaşan adamlar Hudaýyň öňünde jogapkärçilik duýmaly we ýan ýoldaşyna wepaly bolmaly (Bytiýe 39:7—9).

6. Wepalylyk nikany nädip abat saklaýar?

6 Wepalylyk nikany goraýar we oňa abraý getirýär. Wepaly jübütler bir zat bolsa, birek-biregi goldajagyny bilýärler (Wagyzçy 4:9—12). Olar, ilkinji oňşuksyzlyk sebäpli nikany bozýanlardan, gör, nähili tapawutlanýar! Şeýle adamlar derrew, «ýan ýoldaşy ýalňyş saýlapdyryn», «indi birek-biregi söýemizok», ýeke-täk çykalga bolsa — başga birini gözlemek diýen netijä gelýärler. Ýöne beýle garaýyş olara duýgy taýdan ösmäge päsgel berýär. Wepasyz ýan ýoldaşlar gaýtam öňki kynçylyklaryny-da täze maşgala geçirýärler. Egerde, biriniň oňat öýi bar bolsa, ýöne birden öýüniň üçeginden ýagyş geçip ugrasa, ol, elbetde, ony bejerjek bolar. Derrew başga bir öýe göçmez ahyryn. Ýan ýoldaşy çalyşmak hem, maşgala kynçylyklaryny çözmegiň ýoly däldir. Kynçylyk ýüze çyksa, nikany şol bada bozmaga gyssanma,— bar güýjüň bilen ony abat saklajak bol. Şeýle wepalylyk nikany aýap, gorap hem-de abatlap saklaýandyr.

7. Gürrüňdeşlik näme üçin maşgalalaryň gowşak ýeri bolýar, emma «täze şahsyýeti» geýinsek ähli zat nädip üýtgär?

7 Gürrüňdeşlik. «Maksada maslahatsyz ýetilýän däldir» diýip, Mukaddes Ýazgylardaky bir tymsalda aýdylýar (Süleýmanyň Tymsallary 15:22). Ýöne gürrüňdeşlik — käbir maşgalalaryň gowşak ýeri. Näme üçin? Sebäbi adamlaryň gürleşmäge islegleri birmeňzeş däl. Bu ýagdaý bolsa, köplenç düşünişmezlige we lapykeçlige eltýär. Bu esasan terbiýe sebäpli bolup biler. Meselem, käbir adamlar ene-atasy hemişe dawa edýän öýde ulalandyr. Häzir olar ulalyp, durmuş gurdular, emma olar ýan ýoldaşy bilen mylakatly we mähirli gepleşmäni başaranoklar. Şonda-da, seniň öýüň «dawaly» öý bolmaz ýaly, käbir zatlar etse bolar (Süleýmanyň Tymsallary 17:1). Mukaddes Ýazgylar «täze şahsyýeti» geýinmegiň zerurdygyny belleýär, ol hiç hili ýamanlyga, galmagala we sögünje ýer goýmaýar (Efesliler 4:22—24, TD, 31).

8. Agzalalyk dörände näme kömek edip biler?

8 Agzalalyk dörände, sen näme edip bilersiň? Eger-de, özüňe erk edip bilmän, ganyň gyzyp ugrasa, onda Süleýmanyň Tymsallary 17:14-däki maslahata eýermek gowy bolar: «Dawa turmazyndan öň jedeli taşla». Hawa, hyjuwyňyz birneme sowaşýança, söhbetdeşligi wagtlaýynça goýup bilersiň (Wagyzçy 3:1, 7). Nähili bolanda-da, «eşitmekde çalt, geplemekde assa, gaharlanmakda assa» bolmaga çalyş (Ýakup 1:19). Sen jedelde ýeňjek bolmaly däl-de, ýagdaýy çözjek bolmaly (Barlyk 13:8, 9). Özüňi we ýan ýoldaşyňy köşeşdirip biljek sözleri we gepleýiş äheňi saýlamaga jan et (Süleýmanyň Tymsallary 12:18; 15:1, 4; 29:11). Mundan başga-da, içiňde gahar saklama — ýan ýoldaşyň bilen birlikde kiçigöwünlilik bilen doga edip, Hudaýdan kömek gözle (Efesliler 4:26, 27; 6:18).

9. Gürrüdeşligiň açary näme üçin ýürekde diýip bolar?

9 Ýazgylardaky bir tymsal şeýle diýýär: «Akyldar adamyň ýüregi onuň agzyny paýhasly edýändir, onuň dodaklaryna bilim goşýandyr» (Süleýmanyň Tymsallary 16:23). Hakykatdan-da, üstünlikli gürrüňdeşligiň açary agyzda däl-de, ýürekdedir. Sen ýan ýoldaşyňa nähili garaýaň? Mukaddes Ýazgylar mesihçilere «dertdeş» bolmagy maslahat berýär (1 Petrus 3:8). Ýan ýoldaşyň bir zat sebäpli juda gaýgylanýan bolsa, sen «dertdeş» bolmaga taýynmy? Eger taýyn bolsaň, gerekli sözleri saýlamagy başararsyň (Işaýa 50:4).

10, 11. 1 Petrus 3:7-däki maslahaty är nädip ulanyp biler?

10 Sylag we hormat. Mesihçi ärlere «ejiz gaby... sylaýan ýaly hatyny [aýalyny] sylap, olar bilen paýhasly ýaşaň» diýilýär (1 Petrus 3:7). Aýalyňy sylamak — onuň gadyryny bilmekdir. Aýaly bilen «paýhasly» ýaşaýan är, onuň duýgularyna dogry düşünjek bolýar, onuň güýjüni nazara alýar, aň-düşünjesini göz öňünde tutýar we mertebesine hormat goýýar. Şeýle hem, ol, Ýehowanyň aýallara garaýşyny hem-de Hudaýyň olara nähili garalmagyny isleýändigini biljek bolmaly.

11 Diýeli, seniň gaty eý görýän bir näzik küýzäň bar. Sen ony örän seresaply ulanarsyň, şeýle dälmi? Petrus hem şuňa meňzeşlikde «ejiz gap» diýen sözi ulanypdy; bu deňeşdirme mesihçi äri öz aýaly barada mähirli alada etmäge höweslendirmeli.

12. Aýal ärine nädip hormat goýup biler?

12 Ýöne Mukaddes Ýazgylar aýallara näme maslahat berýärkä? Pawlus: «Aýal öz ärine çuňňur hormat goýmaly» diýip, ýazdy (Efesliler 5:33, TD). Äriniň ony sylaýandygyny we mähirli söýýändigini duýmaklyk — aýal üçin wajyp bolşy ýaly, är üçin hem oňa hormat goýulýandygyny bilmek wajypdyr. Meselem, hormat goýýan aýal, äri mesihçi bolsun, bolmasyn, onuň ýalňyşlary barada gybat etmez. Ol ony ikiçäk wagty, ýa-da adamlaryň öňünde tankytlap, onuň mertebesini kemsidip durmaz (1 Timoteos 3:11; 5:13).

13. Pikiriňi nädip mylakatly aýdyp bolar?

13 Bu sözler, aýal öz pikirini aýdyp bilmeýär diýmegi aňlatmaýar. Eger-de, ony bir zat alada goýýan bolsa, ol bu barada sypaýylyk bilen aýdyp biler (Barlyk 21:9—12). Gerekli pikiri äriňe aýtmak — oňa top oklan ýalydyr. Aýal topy, äri aňsatlyk bilen tutar ýaly edip, ýuwaşja oklap biler, ýa-da onuň bir ýerini agyrdaýyn diýip, topy bar güýji bilen zyňyp hem biler. Är-aýalyň ikisi hem birek-biregi aýyplamakdan gaça durup, mylakatly we dostlarça gepleşmäge jan etseler, gör, nähili oňat bolardy! (Matta 7:12; Koloseliler 4:6; 1 Petrus 3:3, 4).

14. Ýan ýoldaşyň Mukaddes Ýazgylaryň kada-kanunlaryny ulanmak islemese, sen näme etmeli?

14 Görşümiz ýaly, Mukaddes Ýazgylaryň kadalary — bagtly maşgala gurmakda bahasyna ýetip bolmajak kömegi berýär. Emma, seniň ýan ýoldaşyň Mukaddes Ýazgylaryň aýdýan zatlary bilen gyzyklanmasa, onda näme etmeli? Şonda-da, köp zat seniň Hudaý baradaky bilimi ulanyşyňa bagly. Petrus şeýle ýazdy: «Eý hatynlar, siz-de şonuň ýaly, öz äriňize tabyn boluň. Şeýdip, eger käbirleri Hudaýyň sözüne boýun bolmaýan bolsa, siziň gorky içindäki päk edim-gylymyňyzy görüp, öz hatynynyň ýaşaýşy arkaly gürrüňsiz Mesihe gazanylsyn» (1 Petrus 3:1, 2). Bu sözler, elbetde, aýaly Mukaddes Ýazgylara biperwaý garaýan erkege-de degişlidir. Ýan ýoldaşyň özüni alyp barşyna garamazdan, Mukaddes Ýazgylaryň kadalary, goý, saňa oňat täsirini ýetirsin. Parhy ýok, ata bolsaň hem, ene bolsaň hem — Hudaý baradaky bilim saňa oňat täsir eder.

ÇAGALARYŇ HUDAÝ BARADAKY BILIME LAÝYKLYKDA TERBIÝELENIŞI

15. Nädogry terbiýeleýiş usullary näme üçin käwagt nesilden-nesle geçýär we muny nädip üýtgetse bolar?

15 Egerde biriniň byçgysy, ýa-da çekiji bar bolsa, oňa ökde agaç ussasy diýip bolmaz. Şuňa meňzeşlikde, kimdir biriniň çagalary bar bolsa, oňa tejribeli ata ýa ene diýip bolmaz. Bilgeşleýinmi, ýa-da bilmänmi, ýöne köplenç ene-atalar özleri nähili teribiýelenen bolsa, çagalaryny-da şeýle terbiýeleýärler. Şeýdip nädogry terbiýeleýiş usullary nesilden-nesle geçýär. Gadymy ýewreýler şeýle diýýärdiler: «Atalar turşy üzüm iýdiler, çagalarynyň bolsa dişi gamaşýar». Emma Mukaddes Ýazgylar adam ene-atasynyň ýörän ýoly bilen gitmäge borçly däl diýýär. Ol başga ýoly — Ýehowanyň kanunlaryna laýyk gelýän ýoly saýlap biler (Ezekiýel 18:2, 14, 17).

16. Maşgalaň barada alada etmek näme üçin wajyp we oňa nämeler degişli?

16 Ýehowa, mesihçi ene-atalardan çagalary barada alada edip, olara dogry gollanma bermeklerini garaşýar. Pawlus şeýle ýazdy: «Biri öz ýakynlarynyň, ylaýta-da, öz maşgalasynyň aladasyny etmeýän bolsa, onda ol imany inkär edip, imansyzdan beter bolandyr» (1 Timoteos 5:8). Gör, nähili güýçli sözler! Ekleýji bolup, çagalarynyň maddy, ruhy we duýgy zerurlyklary barada alada etmek, Hudaýdan gorkýan adam üçin örän uly artykmaçlyk we jogapkärçilikdir. Mukaddes Ýazgylarda ene-atalara kömek etjek kadalar bar. Olary ulansalar, ene-atalar öz çagalarynyň her taýdan ösmegi üçin ajaýyp şertleri döredip bilerler. Gel, şol kadalaryň käbirlerine seredeli.

17. Çagalaryň ýüregine Hudaýyň kanunyny nädip guýup bolar?

17 Oňat görelde boluň. Ysraýylly ene-atalara şeýle tabşyryk berildi: «Sen [Hudaýyň sözlerini] ogluňa guýmalysyň we öýde otyrkaň, we ýolda gidip barýarkaň, we ýatanyňda, we turanyňda olar barada gürrüň ber». Ene-atalar çagalaryna Ýehowanyň kanunlaryny öwretmelidiler. Bu buýruk şeýle sözler bilen başlanýardy: «Meniň saňa şu günki tabşyrýan şu sözlerim seniň ýüregiňde bolmaly» (Kanunyň Gaýtalanyşy 6:6, 7, TD). Hawa, ene-ata özünde ýok zady çagalaryna berip bilmez. Eger-de, siz, Hudaýyň kanunlary çagaňyzyň ýüreginde bolmagyny isleýän bolsaňyz, onda öňürti olar siziň öz ýüregiňizde ýazylgy bolmaly. (Süleýmanyň Tymsallary 20:7; Luka 6:40 bilen deňeşdir).

18. Ýehowa ene-atalara söýgüni bildirmekde nähili ajaýyp görelde görkezdi?

18 Söýýändigiňizi aýdyň. Isa suwda çokundyrylanda, Ýehowa oňa: «Sen Meniň söýgüli Oglumsyň. Men senden köp razydyryn» diýipdi (Luka 3:22). Şeýdip, Ýehowa Isanyň öz Ogludygyny aç-açan mälim etdi, ondan köp razydygyny we ony söýýändigini bildirdi. Soň-soňlar, Isa öz Atasyna şeýle diýipdi: «Sen Meni dünýä döremezden öň söýüpdiň» (Ýahýa 17:24). Şonuň üçin, Hudaýdan gorkýan ene-atalar hökmünde çagalaryňyza olary söýýändigiňizi aýtmakdan we mähir bildirmekden çekinmäň — muny ýygy-ýygydan ediň. Hemişe ýadyňyzda bolsun: «Söýgi abatlaýandyr» (1 Korintoslylar 8:1).

19, 20. Çagalara dogry tälim bermäge nämeler girýär we ene-atalar Ýehowanyň göreldesinden näme öwrenip bilerler?

19 Çagalaryňyza tälim beriň. Mukaddes Ýazgylar söýgüden doly tälimiň möhümdigini belläp geçýär (Süleýmanyň Tymsallary 1:8). Çagalaryna tälim bermek borjuna häzir sowuk-sala garaýan ene-atalar, gelejekde hökman onuň aýylganç netijelerine duçar bolarlar. Emma ene-atalar başga bir öte geçmeden hem habardar bolmaly. «Eý atalar, çagalaryňyzy ynjatmaň, olar ruhdan düşmesin» diýip, Pawlus ýazdy (Koloseliler 3:21). Ene-ata çagalary gaýta-gaýta käýäp düzetmekden, ýalňyşlaryny ýatladyp ýörmekden we olaryň edýän tagallalaryny kemsitmekden gaça durmaly.

20 Biziň gökdäki Atamyz — Ýehowa Hudaý dogry tälim bermekde görelde görkezýär. Ol temmi berende hiç haçan öte geçmeýär. Hudaý öz halkyna: «Men saňa gerekli derejede temmi bererin» diýdi (Ýeremiýa 46:28, TD). Ene-atalar bu babatda Ýehowadan görelde almalydyr. Akyla laýyk gelmeýän, ýa-da düzeltmekde we tälim bermekde öte geçýän düzediş çäreleri, elbetde, çagalary ynjadar, ýagny gaharlandyrar.

21. Düzediş çäreleriniň näderejede netijelidigini ene-atalar nädip kesgitläp biler?

21 Ene-ata düzediş çäreleriniň näderejede netijelidigini nädip kesgitläp biler? Olar özünden: çagama bu nähili täsir etdikä diýip sorap bilerler. Temmi oňa sapak bolmaly. Çaga özüne näme üçin temmi berlendigine düşünmeli. Ene-ata temminiň netijelerini hem öňünden görmelidir. Elbetde, çagalara temmi bereňde, başda olaryň hemmesi diýen ýaly öýkeleýärler (Ýewreýler 12:11). Ýöne düzediş çäreleri hiç haçan çagany gorkuzmaly däldir, şeýle hem ol özüni ret edilen, ýa-da asla düzelmejek çaga kimin duýmaly däl. Ýehowa öz halkyna temmi bermezinden öň, şeýle diýdi: «Gorkma,.. çünki Men seniň bilen» (Ýeremiýa 46:28, TD). Hawa, düzediş çäreleri şeýle ulanylmaly welin, çaga özüniň söýülýändigine we ol barada alada edilýändigine düşünmeli.

«SAGDYN MASLAHATLARY» NÄDIP TAPMALY

22, 23. Bagtly maşgala gurmak üçin, sagdyn maslahatlary nädip tapyp bilersiň?

22 Bagtly maşgala gurmak üçin gerekli «gurallary» berýänligi üçin, biz Ýehowa minnetdar bolup bileris. Emma bu gurallary ýöne bir edinmek ýeterlik däl. Biz olary dogry ulanmany başarmaly. Aýdaly, bir gurluşykçy gurallary dogry ulanmany öwrendimi, öwrenmedimi, belli däl. Üstesine-de, ol düýbünden başga gurallary ulanýan bolsa näme? Şeýle ýagdaý, netijede işiň hiline täsir etse gerek. Häzir sen, megerem, öz maşgalaňdaky ýetmezçilikleri görensiň. Olaryň käbirlerinden dynmak, mümkin, şeýle bir aňsat hem bolmaz. Emma Mukaddes Ýazgylaryň maslahatyna eýermegiň peýdasy bardyr: «Akyldar adam diňläp, bilimde össün, düşünjeli adam sagdyn maslahatlar alsyn» (Süleýmanyň Tymsallary 1:6).

23 Mundan beýläk-de Hudaý barada bilim alsaň, sagdyn maslahatlar taparsyň. Maşgala durmuşyna degişli Mukaddes Ýazgylardaky kada-kanunlara üns ber, gerek bolsa, durmuşyňda özgerişlik et. Özlerini ajaýyp är-aýal we ene-ata hökmünde tanadan, ýetişen mesihçilerden görelde al. Olar bilen gürrüňdeş bol. Mundan başga-da, Ýehowa doga arkaly kynçylyklaryň barada gürrüň ber (Zebur 55:22; Filipililer 4:6, 7). Ol Hudaýy şöhratlandyrjak bagtly maşgalany gurmaga saňa kömek eder.

[Çykgyt]

a Nikany bozup, gaýtadan nika gurmak üçin Mukaddes Ýazgylara esaslanýan ýeke-täk sebäp — «zyna», ýagny nikadan daşary jyns gatnaşyklary (Matta 19:9).

BILIMIŇI BARLAP GÖR

Wepalylyk, gürrüňdeşlik, ýan ýoldaşyňa sylag-hormat goýmak bagtly nika gurmaga nädip ýardam edýär?

Ene-atalar çagalaryny söýýändigini nädip görkezip bilerler?

Çagalara dogry tälim bermäge nämeler girýär?

[147-nji sahypadaky surat]

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş