Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Ýunus 1
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

Ýunus kitabynyň mazmuny

      • Ýunus Ýehowadan gaçýar (1—3)

      • Deňizdäki apy⁠-⁠tupan (4—6)

      • Apy⁠-⁠tupan Ýunus sebäpli turýar (7—13)

      • Ýunusy deňze taşlaýarlar (14—16)

      • Balyk Ýunusy ýuwudýar (17)

Ýunus 1:1

Çykgytlar

  • *

    Manysy: Kepderi.

Parallel aýatlar

  • +2Pa 14:25; Luk 11:29, 30

Ýunus 1:2

Parallel aýatlar

  • +Mat 12:41

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Iman», sah. 109

Ýunus 1:3

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Iman», sah. 109, 110

Ýunus 1:4

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Iman», sah. 110

Ýunus 1:5

Çykgytlar

  • *

    Ýa⁠-⁠da: aşaky otagyna.

Parallel aýatlar

  • +Res 27:18, 38

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Iman», sah. 111

Ýunus 1:6

Parallel aýatlar

  • +Ýun 3:9

Ýunus 1:7

Parallel aýatlar

  • +Nak 16:33; 18:18
  • +Ýuş 7:14, 18; 1Şm 14:42, 43

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Iman», sah. 111

Ýunus 1:12

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Iman», sah. 111

Ýunus 1:16

Parallel aýatlar

  • +Dan 6:26, 27

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Iman», sah. 114

Ýunus 1:17

Parallel aýatlar

  • +Mat 12:39, 40; 16:4; Luk 11:29, 30

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Iman», sah. 113, 114

Umumy salgylar

Ýun. 1:12Pa 14:25; Luk 11:29, 30
Ýun. 1:2Mat 12:41
Ýun. 1:5Res 27:18, 38
Ýun. 1:6Ýun 3:9
Ýun. 1:7Nak 16:33; 18:18
Ýun. 1:7Ýuş 7:14, 18; 1Şm 14:42, 43
Ýun. 1:16Dan 6:26, 27
Ýun. 1:17Mat 12:39, 40; 16:4; Luk 11:29, 30
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
  • 16
  • 17
Mukaddes Kitap
Ýunus 1:1—17

Ýunus

1 Ýehowa Emitaýyň ogly Ýunusa*+ şeýle diýdi: 2 «Tur, beýik şäher Ninewiýa+ ýola düş. Olara meniň hökümlerimi yglan et, sebäbi halkyň erbet işlerini gördüm».

3 Emma Ýunus Ýehowadan gaçyp, Tarşyşa tarap ugrady. Ol Ýafa gelip, Tarşyşa gidýän bir gämini tapdy. Ýol tölegini berip, gämä mündi. Ýehowadan gaçmak üçin deňizçiler bilen Tarşyşa tarap ýola düşdi.

4 Şonda Ýehowa deňizde apy⁠-⁠tupan turuzdy. Tolkunlar şeýle bir güýçlüdi welin, gämi döwlere geldi. 5 Deňizçiler gorkudan ýaňa öz taňrylaryny çagyrdylar. Olar gäminiň ýüküni ýeňletmek üçin, ähli zatlary deňze taşlap başladylar+. Ýunus bolsa gäminiň ammaryna* düşüp, agyr uka gidipdi. 6 Gäminiň gözegçisi onuň ýanyna baryp: «Nämä ýatyrsyň? Tur ýeriňden, öz taňryňy çagyr! Belki, hak Hudaý rehim edip, başymyzy gutarar»+ diýdi.

7 Olar biri⁠-⁠birine: «Geliň, bije atalyň+. Haýsymyz sebäpli apy⁠-⁠tupanyň turýandygyny bileliň» diýişdiler. Olar bije atdylar, bije Ýunusa düşdi+. 8 Olar Ýunusdan: «Hany aýt, apy⁠-⁠tupan sen sebäpli turdumy? Käriň näme? Nireden gelýärsiň? Nireli bolarsyň? Milletiň näme?» diýip soradylar.

9 Ýunus olara: «Men ýewreý. Deňzi we gury ýeri ýaradan gökleriň Hudaýy Ýehowa sežde edýärin» diýip jogap berdi.

10 Olar öňküsinden⁠-⁠de beter gorkup: «Sen näme günä etdiň?» diýip soradylar. (Ýunus olara özüniň Ýehowadan gaçyp barýandygyny aýdypdy). 11 Deňiz tolkunlary barha möwç urýardy. Deňizçiler Ýunusa: «Deňiz köşeşer ýaly, saňa näme etmeli?» diýdiler. 12 Ol: «Meni göteriň⁠-⁠de, deňze taşlaň, şonda deňiz köşeşer. Apy⁠-⁠tupan men sebäpli turýar» diýdi. 13 Emma deňizçiler bar güýçleri bilen gämini kürekläp, kenara çykarjak boldular, ýöne başarmadylar. Sebäbi deňiz tolkunlary has⁠-⁠da güýjeýärdi.

14 Olar Ýehowa ýalbaryp şeýle diýdiler: «Eý Ýehowa, bir adam üçin bizi heläk etme! Bizi nähak gana galdyrma. Eý Ýehowa, ähli zat seniň islegiň bilen bolýar». 15 Soňra olar Ýunusy göterip, deňze okladylar welin, deňiz köşeşdi. 16 Muny gören deňizçiler Ýehowadan örän gorkdular+. Olar Ýehowa gurbanlyk berip, gulluk etmegi wada berdiler.

17 Ýehowa Ýunusy ýuwudar ýaly bir uly balygy iberdi. Ýunus üç gije⁠-⁠gündiz balygyň garnynda boldy+.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş