Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • 1 Şamuwel 15
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

1 Şamuwel kitabynyň mazmuny

      • Şawul Agagy öldürmeýär (1—9)

      • Şamuwel Şawuly ýazgarýar (10—23)

        • «Gulak asmak ähli gurbanlykdan gowudyr» (22)

      • Şawulyň patyşalykdan aýrylmagy (24—29)

      • Şamuwel Agagy öldürýär (30—35)

1 Şamuwel 15:1

Parallel aýatlar

  • +1Şm 9:16; 10:1
  • +1Şm 12:14

1 Şamuwel 15:2

Parallel aýatlar

  • +2Ms 17:8; 4Ms 24:20; 5Ms 25:17, 18

1 Şamuwel 15:3

Parallel aýatlar

  • +2Ms 17:14; 5Ms 25:19; 1Tr 4:43
  • +3Ms 27:29; 1Şm 15:18
  • +5Ms 9:1, 3; 13:17; Ýuş 6:18

1 Şamuwel 15:4

Parallel aýatlar

  • +1Şm 11:8; 13:15

1 Şamuwel 15:6

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: wepaly söýgi bildiripdiňiz.

Parallel aýatlar

  • +4Ms 10:29, 32; 24:21; Ser 1:16
  • +1Ms 18:25; 19:12, 13; Ýuş 6:17
  • +2Ms 18:9, 12

1 Şamuwel 15:7

Parallel aýatlar

  • +5Ms 25:19; 1Şm 14:47, 48
  • +1Ms 25:17, 18
  • +1Şm 27:8

1 Şamuwel 15:8

Parallel aýatlar

  • +1Şm 15:33
  • +3Ms 27:29; 1Şm 15:3

1 Şamuwel 15:9

Parallel aýatlar

  • +Ýuş 7:12

1 Şamuwel 15:11

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: gynanýaryn.

Parallel aýatlar

  • +1Şm 13:13; 15:3
  • +1Şm 16:1

1 Şamuwel 15:12

Parallel aýatlar

  • +Ýuş 15:20, 55
  • +2Şm 18:18

1 Şamuwel 15:14

Parallel aýatlar

  • +1Şm 15:3

1 Şamuwel 15:15

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Garawul diňi», 15/11/2012, sah. 9

1 Şamuwel 15:16

Parallel aýatlar

  • +1Şm 15:10, 11

1 Şamuwel 15:17

Parallel aýatlar

  • +1Şm 9:16; 10:1
  • +1Şm 9:21; 10:22

1 Şamuwel 15:18

Parallel aýatlar

  • +1Şm 15:3
  • +5Ms 25:19

1 Şamuwel 15:19

Parallel aýatlar

  • +5Ms 13:17; 1Şm 15:9

1 Şamuwel 15:20

Parallel aýatlar

  • +3Ms 27:29; 5Ms 7:16; 1Şm 15:3, 9

1 Şamuwel 15:21

Parallel aýatlar

  • +1Şm 15:15

1 Şamuwel 15:22

Parallel aýatlar

  • +Işa 1:11
  • +3Ms 3:16; Nak 21:3; Hoş 6:6; Mar 12:33

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Garawul diňi»,

    15/6/2007, sah. 26—28

1 Şamuwel 15:23

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: Gozgalaň turuzmak.

  • *

    Maşgala butlaryna çokunmak göz öňünde tutulýar. Sözlüge serediň: Maşgala butlary.

Parallel aýatlar

  • +1Şm 12:15
  • +3Ms 20:6; 5Ms 18:10, 12; 1Tr 10:13
  • +1Şm 15:3
  • +1Şm 13:14; 16:1; Res 13:22

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Okuw depderi üçin salgylar», 3/2022, sah. 2

1 Şamuwel 15:25

Parallel aýatlar

  • +1Şm 15:30

1 Şamuwel 15:26

Parallel aýatlar

  • +1Şm 13:14; 16:1

1 Şamuwel 15:28

Parallel aýatlar

  • +1Şm 13:14; 16:12, 13; Res 13:22

1 Şamuwel 15:29

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: ökünmez.

Parallel aýatlar

  • +1Tr 29:11
  • +Tit 1:2; Ýew 6:18
  • +4Ms 23:19

1 Şamuwel 15:30

Parallel aýatlar

  • +1Şm 15:25

1 Şamuwel 15:32

Çykgytlar

  • *

    Başga manysy: arkaýyn.

  • *

    Ýa-da: Ölüm ajysy başymdan sowlandyr.

1 Şamuwel 15:33

Parallel aýatlar

  • +2Ms 17:14; 5Ms 25:19; 1Şm 15:3

1 Şamuwel 15:35

Parallel aýatlar

  • +1Şm 16:1
  • +1Şm 15:11

Umumy salgylar

1 Şam. 15:11Şm 9:16; 10:1
1 Şam. 15:11Şm 12:14
1 Şam. 15:22Ms 17:8; 4Ms 24:20; 5Ms 25:17, 18
1 Şam. 15:32Ms 17:14; 5Ms 25:19; 1Tr 4:43
1 Şam. 15:33Ms 27:29; 1Şm 15:18
1 Şam. 15:35Ms 9:1, 3; 13:17; Ýuş 6:18
1 Şam. 15:41Şm 11:8; 13:15
1 Şam. 15:64Ms 10:29, 32; 24:21; Ser 1:16
1 Şam. 15:61Ms 18:25; 19:12, 13; Ýuş 6:17
1 Şam. 15:62Ms 18:9, 12
1 Şam. 15:75Ms 25:19; 1Şm 14:47, 48
1 Şam. 15:71Ms 25:17, 18
1 Şam. 15:71Şm 27:8
1 Şam. 15:81Şm 15:33
1 Şam. 15:83Ms 27:29; 1Şm 15:3
1 Şam. 15:9Ýuş 7:12
1 Şam. 15:111Şm 13:13; 15:3
1 Şam. 15:111Şm 16:1
1 Şam. 15:12Ýuş 15:20, 55
1 Şam. 15:122Şm 18:18
1 Şam. 15:141Şm 15:3
1 Şam. 15:161Şm 15:10, 11
1 Şam. 15:171Şm 9:16; 10:1
1 Şam. 15:171Şm 9:21; 10:22
1 Şam. 15:181Şm 15:3
1 Şam. 15:185Ms 25:19
1 Şam. 15:195Ms 13:17; 1Şm 15:9
1 Şam. 15:203Ms 27:29; 5Ms 7:16; 1Şm 15:3, 9
1 Şam. 15:211Şm 15:15
1 Şam. 15:22Işa 1:11
1 Şam. 15:223Ms 3:16; Nak 21:3; Hoş 6:6; Mar 12:33
1 Şam. 15:231Şm 12:15
1 Şam. 15:233Ms 20:6; 5Ms 18:10, 12; 1Tr 10:13
1 Şam. 15:231Şm 15:3
1 Şam. 15:231Şm 13:14; 16:1; Res 13:22
1 Şam. 15:251Şm 15:30
1 Şam. 15:261Şm 13:14; 16:1
1 Şam. 15:281Şm 13:14; 16:12, 13; Res 13:22
1 Şam. 15:291Tr 29:11
1 Şam. 15:29Tit 1:2; Ýew 6:18
1 Şam. 15:294Ms 23:19
1 Şam. 15:301Şm 15:25
1 Şam. 15:332Ms 17:14; 5Ms 25:19; 1Şm 15:3
1 Şam. 15:351Şm 16:1
1 Şam. 15:351Şm 15:11
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
  • 16
  • 17
  • 18
  • 19
  • 20
  • 21
  • 22
  • 23
  • 24
  • 25
  • 26
  • 27
  • 28
  • 29
  • 30
  • 31
  • 32
  • 33
  • 34
  • 35
Mukaddes Kitap
1 Şamuwel 15:1—35

1 Şamuwel

15 Soňra Şamuwel Şawula: «Ýehowa seni ysraýyl halkyna patyşa bellemek üçin, meni ýanyňa iberdi+. Ýehowanyň sözüni diňle+. 2 Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Amalekler ysraýyllara eden ýamanlyklary üçin jogap berer. Ysraýyllar Müsürden çykyp gelýärkä, amalekler olaryň üstüne çozdular+. 3 Git-de, amalekleri derbi-dagyn edip+, mal-mülki bilen bütinleý ýok et+. Birine-de haýpyň gelmesin, aýal-erkek, çaga, öküz, goýun, düýe ýa eşek diýmän, baryny gyr“»+ diýdi. 4 Şawul Telaýymda goşuny ýygnap sanady. Ýahudadan 10 000 esger, ysraýylyň galan taýpalaryndan bolsa 200 000 pyýada esger çykdy+.

5 Şawul amalekleriň şäherine ýetip, jülgäniň ýanynda nökerleri bilen bukuda ýatdy. 6 Ol kenlere+: «Amalekler bilen heläk bolmaz ýaly, olaryň ýanyndan aýrylyň+. Ysraýyl halky Müsürden çykyp gelýärkä, siz olara ýagşylyk edipdiňiz*»+ diýdi. Olaram amalekleriň ýanyndan aýryldy. 7 Şawul amalekleri+ Hawyladan+ Müsüriň gabadyndaky Şura+ çenli derbi-dagyn etdi. 8 Ol amalek patyşasy Agagy+ diriligine ele saldy, galanlaryny gylyçdan geçirdi+. 9 Şawul bilen nökerleri dözmezçilik edip, Agagy öldürmediler, maýda mallaryň, sygyrlaryň iň gowusyny, semiz mallary, goçlary we başga-da gowy zatlary ýok etmediler+, diňe derde ýaramaýan zatlary ýok etdiler.

10 Ýehowa Şamuwele: 11 «Şawuly patyşa edenime ökünýärin*, ol sözümi berjaý etmän, ýolumdan sowuldy»+ diýdi. Muny eşidip, Şamuwel gaty gynandy. Ol uzak gije Ýehowany çagyryp, dady-perýat etdi+. 12 Ertesi ir bilen Şawuly görmäge gitjek bolanda, Şamuwele: «Şawul Karmele+ baryp, özüne ýadygärlik oturtdy+, soňam aşak Gilgala gitdi» diýip habar berdiler. 13 Şamuwel baranda, Şawul: «Ýehowa seni ýalkasyn! Men Ýehowanyň aýdyşy ýaly etdim» diýdi. 14 Şamuwel bolsa: «Gulagyma goýunlaryň, sygyrlaryň sesi eşidilýär-le»+ diýdi. 15 Şawul: «Olary amaleklerden alyp gaýtdyk. Nökerlerim goýunlaryň, sygyrlaryň iň gowusyny öldürmäge dözmedi, olary Ýehowa Hudaýyňa gurbanlyk bermäge getirdik, galanlaryny öldürdik» diýdi. 16 Şonda Şamuwel: «Besdir! Saňa Ýehowanyň öten agşam diýen zadyny aýdaýyn»+ diýdi. Şawul: «Aýdyber!» diýdi.

17 Şamuwel sözüni dowam edip: «Ýehowa seni patyşa belläp+, ysraýyl taýpalaryna baş etdi, şonda özüňi mynasybam görmändiň+. 18 Ýehowa saňa: „Git-de, azgyn amalekleri derbi-dagyn et+. Olaryň üstüne çozup, baryny gyr“+ diýip tabşyrdy. 19 Ýehowanyň sözüne näme üçin gulak asmadyň? Olja göz gyzdyryp+, Ýehowanyň ýigrenýän işini etdiň» diýdi.

20 Şawul bolsa: «Men Ýehowanyň sözüne gulak asdym-a! Ýehowanyň tabşyryşy ýaly gidip, amalek patyşasy Agagy ýesir aldym. Amalekleri derbi-dagyn etdim+. 21 Ýöne adamlar oljadan goýunlaryň, sygyrlaryň iň gowusyny Gilgalda Ýehowa Hudaýyňa gurbanlyk bermäge alyp gaýtdylar»+ diýdi.

22 Şonda Şamuwel: «Ýehowa nämäni has gowy görýändir öýdýäň: ýakma gurbanlyk bilen sadakalarymy+ ýa-da sözüne gulak asmagy? Ýehowa gulak asmak gurbanlykdan gowudyr, Hudaýa tabyn bolmak goçlaryň ýagyndan gowudyr+. 23 Boýnuýogynlyk etmek*+ palçylyk+ ýaly, gopbamsylyk etmek jadygöýlik bilen butparazlyk* ýaly günädir. Sen Ýehowanyň sözüne gulak asmadyň+, şonuň üçin ol hem seni patyşalykdan aýyrýar»+ diýdi.

24 Şawul bolsa: «Men günä etdim, Ýehowanyň tabşyrygyny bozdum, saňa-da gulak asmadym. Adamlardan gorkup, olaryň aýdanyny etdim. 25 Ýalbarýaryn, günämi geç. Ýör, bile yzymyza gaýdaly, men Ýehowa tagzym etjek»+ diýdi. 26 Emma Şamuwel: «Ýok, men seniň bilen gitjek däl, sen Ýehowanyň tabşyrygyna gulak asmak islemediň, indi Ýehowa-da seniň Ysraýylyň patyşasy bolmagyňy islemeýär»+ diýdi. 27 Şamuwel gitjek bolup yzyna öwrülende, Şawul onuň donunyň etegine ýapyşdy, ýöne don elinden sypyp gitdi. 28 Şonda Şamuwel: «Şu gün Ýehowa Ysraýyl patyşalygyny eliňden gaňryp aldy. Ol patyşalygy senden has gowy birine berer+. 29 Onsoňam, Ysraýylyň Şöhratlysy+ ýalan sözlemez+ ýa pikirini üýtgetmez*. Ol pikirini üýtgeder ýaly ynsan däldir»+ diýdi.

30 Şawul: «Men günä etdim. Ýalbarýaryn, meni ýaşulularyň, halkyň öňünde masgara etme. Ýör, bile yzymyza gaýdaly, Ýehowa Hudaýyňa tagzym edeýin»+ diýdi. 31 Şonda Şamuwel onuň bilen gitdi. Şawul Ýehowa tagzym etdi. 32 Soňra Şamuwel: «Amalek patyşasy Agagy getiriň» diýdi. Agag onuň ýanyna ýaýdana-ýaýdana* bardy, sebäbi ol içinden: «Indi-hä meni öldürmeseler gerek*» diýip otyrdy. 33 Şamuwel Agaga: «Sen gylyjyň bilen eneleri çagalaryndan mahrum etdiň. Indi öz ejeň hem perzendinden mahrum bolup, bagtygara aýal bolsun» diýip, ony Gilgalda Ýehowanyň huzurynda gylyçdan geçirdi+.

34 Soňra Şamuwel Rama gitdi, Şawul bolsa öýüne Gibeýa gaýtdy. 35 Şamuwel galan ömrüne Şawuly görmedi, ol Şawul sebäpli hasrat çekip gezdi+. Ýehowa-da Şawuly Ysraýyla patyşa bellänine ökündi+.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş