Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Işaýa 19
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

Işaýa kitabynyň mazmuny

      • Müsüre çykarylan höküm (1—15)

      • Ýehowa Müsüre özüni tanadar (16—25)

        • Müsürde Ýehowa üçin gurbanlyk ojagy gurlar (19)

Işaýa 19:1

Parallel aýatlar

  • +Ýer 25:17, 19; Hyz 29:2; Ýow 3:19
  • +2Ms 12:12; Ýer 43:12; 46:25; Hyz 30:13

Işaýa 19:3

Çykgytlar

  • *

    Sözlüge serediň.

Parallel aýatlar

  • +Işa 19:11, 13
  • +Işa 8:19; Res 16:16; Ylh 18:23

Işaýa 19:4

Parallel aýatlar

  • +Işa 20:3, 4; Ýer 46:25, 26; Hyz 29:19

Işaýa 19:5

Parallel aýatlar

  • +Hyz 30:12; Zek 10:11

Işaýa 19:6

Parallel aýatlar

  • +2Ms 2:3

Işaýa 19:7

Parallel aýatlar

  • +5Ms 11:10
  • +Hyz 29:10

Işaýa 19:9

Çykgytlar

  • *

    Sözlüge serediň.

Parallel aýatlar

  • +2Ms 9:25, 31; Nak 7:16

Işaýa 19:11

Parallel aýatlar

  • +Zb 78:12; Hyz 30:14
  • +Işa 44:25

Işaýa 19:12

Parallel aýatlar

  • +1Ms 41:8; 1Pa 4:30; Res 7:22

Işaýa 19:13

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: Memfisiň.

Parallel aýatlar

  • +Ýer 46:14; Hyz 30:13

Işaýa 19:14

Parallel aýatlar

  • +Eýp 12:20, 24; Işa 19:3

Işaýa 19:15

Çykgytlar

  • *

    Başga manysy: Palma şahasy-da, gargysy-da.

Işaýa 19:16

Parallel aýatlar

  • +Işa 11:15

Işaýa 19:17

Parallel aýatlar

  • +Işa 20:3, 4; Ýer 25:17, 19; 43:10, 11; Hyz 29:6

Işaýa 19:18

Parallel aýatlar

  • +Ýer 43:4, 7; 44:1

Işaýa 19:19

Çykgytlar

  • *

    Sözlüge serediň.

Işaýa 19:22

Parallel aýatlar

  • +Işa 19:1; Ýer 46:13

Işaýa 19:23

Parallel aýatlar

  • +Işa 11:16; 35:8; 40:3

Işaýa 19:24

Parallel aýatlar

  • +Zek 2:11

Işaýa 19:25

Parallel aýatlar

  • +5Ms 32:9; Zb 115:12; Işa 61:9

Umumy salgylar

Işa. 19:1Ýer 25:17, 19; Hyz 29:2; Ýow 3:19
Işa. 19:12Ms 12:12; Ýer 43:12; 46:25; Hyz 30:13
Işa. 19:3Işa 19:11, 13
Işa. 19:3Işa 8:19; Res 16:16; Ylh 18:23
Işa. 19:4Işa 20:3, 4; Ýer 46:25, 26; Hyz 29:19
Işa. 19:5Hyz 30:12; Zek 10:11
Işa. 19:62Ms 2:3
Işa. 19:75Ms 11:10
Işa. 19:7Hyz 29:10
Işa. 19:92Ms 9:25, 31; Nak 7:16
Işa. 19:11Zb 78:12; Hyz 30:14
Işa. 19:11Işa 44:25
Işa. 19:121Ms 41:8; 1Pa 4:30; Res 7:22
Işa. 19:13Ýer 46:14; Hyz 30:13
Işa. 19:14Eýp 12:20, 24; Işa 19:3
Işa. 19:16Işa 11:15
Işa. 19:17Işa 20:3, 4; Ýer 25:17, 19; 43:10, 11; Hyz 29:6
Işa. 19:18Ýer 43:4, 7; 44:1
Işa. 19:22Işa 19:1; Ýer 46:13
Işa. 19:23Işa 11:16; 35:8; 40:3
Işa. 19:24Zek 2:11
Işa. 19:255Ms 32:9; Zb 115:12; Işa 61:9
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
  • 16
  • 17
  • 18
  • 19
  • 20
  • 21
  • 22
  • 23
  • 24
  • 25
Mukaddes Kitap
Işaýa 19:1—25

Işaýa

19 Müsüre çykarylan höküm+:

Ine, Ýehowa buludyň üstünde Müsüre uçup gelýär!

Müsüriň dereksiz taňrylary Allanyň öňünde titrär+,

Gorkudan ýaňa Müsüriň ýüregi ýarylar.

 2 «Men müsürlileriň arasyna duşmançylyk salaryn,

Olar biri-biri bilen söweşerler.

Dogan doganyna, goňşy goňşusyna,

Şäher şähere, patyşalyk patyşalyga garşy çykar.

 3 Müsür aljyrar we howsala düşer,

Men onuň niýetini puja çykararyn+.

Olar dereksiz taňrylardan, jadygöýlerden,

Palçylardan we bilgiçlerden* kömek sorarlar+.

 4 Men Müsüri zalym hojaýynyň eline bererin.

Rehimsiz patyşa agalyk eder»+.

Muny hak Hökümdar, Serkerdebaşy Ýehowa aýdýar.

 5 Deňziň suwlary gurar,

Derýanyň suwlary çekilip, takrap galar+.

 6 Derýalar porsar,

Müsüriň Nil derýasynyň şahalary çekiler, gurar,

Gamyşlar we gargylar çüýrär+.

 7 Niliň guýýan ýerlerinde, derýa boýunda ösen gök otlar,

Niliň kenaryndaky ähli ekin meýdanlar+ gurar+.

Olar ýele sowrular we ýom-ýok bolar.

 8 Balykçylar perýat ederler,

Nile çeňňek taşlaýanlar aglaşarlar,

Suwa tor atýanlaryň sany azalar.

 9 Zygyrdan* mata dokaýanlar+,

Tarada mata dokaýanlar utanja galar.

10 Müsüriň dokmaçylarynyň haly harap bolar,

Hakyna tutulan işçileri gam çekerler.

11 Suwanyň+ han-begleri akmakdyr,

Faraonyň akyldarlarynyň maslahatlary biderekdir+.

Siziň faraona: «Men akyldarlaryň neberesinden,

Gadymy şalaryň neslinden» diýmäge neneň diliňiz barýar?

12 Seniň akyldarlaryň nirede?+

Olar paýhasly bolsa, Serkerdebaşy Ýehowanyň

Müsüre çykaran kararyny aýtsynlar hany?

13 Suwanyň hanlary akmaklyk etdi.

Nobyň*+ begleri aldawa düşdi.

Tirebaşylary Müsüri ýoldan çykardy.

14 Ýehowa ony aljyratdy+,

Akyldarlary hemişe Müsüri azaşdyrardy,

Ol öz gusugyna taýýan serhoş kimin boldy.

15 Müsüriň elinden hiç zat gelmez,

Onuň başy-da, guýrugy-da,

Şahasy-da, gamşy-da* hiç zat başarmaz.

16 Şol gün Müsür aýal ýaly gorkar. Serkerdebaşy Ýehowanyň galdyran elinden ýaňa sandyrar+. 17 Ýahuda ýurdy Müsüri gorka salar. Ýahudanyň adyny eşidende, onuň ýüregi ýarylar, sebäbi Serkerdebaşy Ýehowa oňa höküm çykardy+.

18 Şol gün Müsüriň bäş şäheri kengan dilinde gepläp+, Serkerdebaşy Ýehowa wepaly bolmak hakda kasam içer. Olaryň birine Weýrançylyk şäheri diýler.

19 Şol gün Müsüriň ortasynda Ýehowa üçin gurbanlyk ojagy* gurlar. Ýurduň serhetlerinde Ýehowanyň hatyrasyna sütün dikiler. 20 Olar Müsür ýurdunda Serkerdebaşy Ýehowa üçin bellik we şaýat bolar. Onuň halky zalymlykdan ýaňa ejir çekip, Ýehowa perýat eder. Alla beýik halasgär iberip, olary halas eder. 21 Ýehowa müsürlilere özüni tanadar, şol gün olar hem Ýehowany tanarlar, gurbanlyklar we sadakalar bererler. Olar Ýehowa wada berip, ony berjaý ederler. 22 Ýehowa Müsüri urup+, jeza berende, olar sagalar. Müsürliler Ýehowa dolanar we dilegi kabul bolup, sagalar.

23 Şol gün Müsürden Assiriýa şaýol çekiler+. Assiriýa halky Müsüre geler, Müsür halky Assiriýa barar. Olar Hudaýa bilelikde gulluk ederler. 24 Şol gün Ysraýyl hem Müsür bilen Assiriýa goşular+, ol arkaly ýer ýüzüne bereket berler. 25 Sebäbi Serkerdebaşy Ýehowa olara bereket berip şeýle diýer: «Müsür meniň halkym, Assiriýa ellerimiň işi, Ysraýyl mirasym! Olara bereket bererin»+.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş