Ikinji Taryh
16 Asanyň hökümdarlygynyň 36-njy ýylynda, Ysraýyl patyşasy Başa+ Ýahuda garşy söweşe çykdy. Ol Ýahuda patyşasy Asanyň+ ýurduna gelip gidýänleriň ýoluny ýapmak üçin, Rama galasyny+ dikeldip başlady. 2 Şonda Asa Ýehowanyň öýüniň we köşgüň hazynalaryndaky altyn-kümüşleri+ aldy-da, Damaskda ýaşaýan Siriýa patyşasy Benhadata+ iberip: 3 «Kakalarymyz hem, ikimiz hem ylalaşyk* baglaşypdyk. Ine şu altyn-kümüşleri saňa iberýärin. Gel-de, Ysraýyl patyşasy Başa bilen baglaşan ylalaşygyňy boz, goý, ol ýurdumdan yza çekilsin» diýip habar ýollady.
4 Benhadat Asa patyşanyň aýdyşy ýaly edip, goşun serkerdelerini Ysraýyl şäherlerine hüjüm etmäge iberdi. Olar gidip, Iýony+, Dany+, Abyl-maýymy we Naftaly topragyndaky ähli ammarly şäherleri basyp aldylar+. 5 Başa muny eşiden badyna, Ramany dikeltmegi goýbolsun etdi. 6 Asa patyşa bolsa Ýahuda ilatyny ýygnap, Başanyň gurluşykda+ ulanan daşlaryny we agaçlaryny Rama galasyndan+ daşatdy. Patyşa şol daşlar we agaçlar bilen Gebany+ hem-de Mispany+ dikeltdi.
7 Hananýar+ weli* Ýahuda patyşasy Asanyň ýanyna gelip: «Sen Ýehowa Hudaýa däl-de, Siriýa patyşasyna bil bagladyň. Şonuň üçin Siriýa patyşasynyň goşuny eliňden gaçyp gutuldy+. 8 Efiopiýalylaryň we liwiýalylaryň goşunynda ummasyz köp söweş arabalary we atly esgerleri bardy. Emma Ýehowa bil baglandygyň üçin, Hudaý olary eliňe beripdi+. 9 Ýehowa özüne ýürekden wepaly adamlara+ kömek etmek üçin ýer ýüzüne syn edýär+. Sen bolsa akmaklyk etdiň. Indi uruşdan gözüň açylmaz»+ diýdi.
10 Asa patyşa Hananýar weliniň aýdan zatlaryny halamady. Ol gahar-gazaba münüp, Hananýary zyndana* taşlady. Asa başga adamlara-da ýowuz daraşyp başlady. 11 Asanyň durmuşynda bolan wakalar Ýahuda we Ysraýyl patyşalarynyň kitabynda başdan-aýak ýazylandyr+.
12 Asa hökümdarlygynyň 39-njy ýylynda aýagagyrydan kösenip, ýagdaýy gitdigiçe erbetleşdi. Ýöne ol şonda-da Ýehowadan däl-de, tebiplerden kömek sorady. 13 Asa patyşa hökümdarlygynyň 41-nji ýylynda aradan çykdy+. 14 Asany Dawudyň şäherinde+ gazdyryp goýan uly mazarynda jaýladylar. Jesedini melhem ýagyndan we her dürli hoşboý ysly otlardan doly tabytda goýdular+. Soňra Asanyň hatyrasyna uly ot ýakyp, ýas tutdular.