Hyzkyl
38 Ýehowa meniň bilen ýene-de gepleşdi: 2 «Ynsan ogly, Meşeh bilen Tubalyň+ baştutany, Mäjit ýurdundaky+ Äjide seredip pygamberlik et+. 3 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle aýdýar diý: „Meşeh bilen Tubalyň baştutany Äjit, men saňa garşy söweşerin. 4 Seni yzyňa öwrerin. Äňiňe çeňňek ildirip+, seni, ähli esgerleriňi, ägirt uly goşunyňy+, atlaryňy, gylyjyny gynyndan çykaran, eline ululy-kiçili galkan alan, at münýän batyr esgerleriňi söweş meýdanyna çagyraryn. 5 Eli galkanly we başy tuwulgaly Pars, Efiopiýa, Put+ hem olaryň ýanynda bolar. 6 Gomer goşunlary bilen, uzak demirgazykdan Togarmah+ goşunlary bilen — ençeme halklar seniň ýanyňda bolar+.
7 Sen biliňi berk guşap, goşunyň bilen taýýar bol! Sen olara baştutanlyk edersiň.
8 Seni köp günler geçensoň çagyraryn. Ençeme ýyldan bir halka hüjüm edersiň. Olar uzak wagtlap boş ýatan Ysraýyl daglarynda ýaşaýar. Olar dürli milletlerden ýygnanan, halklaryň arasyndan çykarylan we asuda ýaşaýan adamlardyr+. 9 Sen halklaryň we goşunlaryň bilen olaryň üstüne tüweleý kimin çozarsyň, tutuş ýurdy bulut kimin gaplarsyň“.
10 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Şol gün seniň aňyňa köp pikir geler, zalymlyk bilen hile gurarsyň. 11 Sen: „Goragsyz obalara çozaýyn+. Diwarsyz, derwezesiz we kiltsiz obalarda arkaýyn ýaşaýan halkyň üstüne hüjüm edeýin“ diýip, 12 dürli milletlerden ýygnalan+ we haraba ýurdy dikeldip ýaşaýan halka+ hüjüm edersiň. Ýer ýüzüniň ortarasynda ýaşaýan juda baý, mal-mülkli halky talap+, olja almak islärsiň.
13 Şeba+, Dedan+, Tarşyşyň+ söwdagärleri we goç ýigitleri saňa: „Ýurdy talap, olja almak üçin uruşýarsyňmy? Altyn-kümüş, baýlyk we mal-mülk talap, köp olja almak üçin goşun ýygnadyňmy?“ diýerler.
14 Ynsan ogly, pygamberlik edip, Äjide Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle aýdýar diý: „Şol gün halkym ysraýylyň arkaýyn ýaşaýandygyny görersiň+. 15 Sen öz mekanyňdan, uzak demirgazykdan+ gelersiň. Sen ençeme halklar bilen, atly ýigitler, beýik millet we ägirt uly goşun bilen gelersiň+. 16 Sen Ysraýyla hüjüm edip, ýurdy bulut kimin gaplarsyň. Eý Äjit, soňky günlerde seni halkymyň üstüne çozduraryn+. Sen arkaly halklara mukaddes Hudaýdygymy görkezerin. Şonda halklar meniň kimdigimi bilerler“+.
17 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Gadymy günlerde ýaşan Ysraýyl pygamberleri arkaly sen hakda aýdypdym. Olar seniň Ysraýyl topragyna hüjüm etjekdigiň hakda köp ýyl pygamberlik edipdiler.
18 Şol gün, Äjidiň Ysraýyla çozan güni — muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar — gaharym ot bolup tutaşar+. 19 Men gahar-gazap* bilen geplärin welin, şol gün Ysraýylda güýçli ýertitreme bolar. 20 Deňiz balyklary, asman guşlary, çöl haýwanlary, ýer ýüzüniň süýrenijileri we ynsan ogullary menden gorkup titreşerler, daglar hem gaýalar ýumrular+, diwarlar ýer bilen ýegsan bolar“.
21 Men ähli daglarymda Äjit bilen gylyçly söweşerin — muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar. — Her bir adam öz doganyna garşy gylyç galdyrar+. 22 Men oňa çykaran hökümimi ýerine ýetirerin. Onuň-da, goşunlarynyň-da, halklarynyň-da başyndan+ gyrgynçylyk*+ bilen ölüm, çabga bilen jöwenek*+, ot bilen+ kükürt+ ýagdyraryn. 23 Men köp milletleriň öňünde özümi tanadaryn. Meniň şöhratly we mukaddes Hudaýdygymy görerler. Şonda olar meniň Ýehowadygymy bilerler“.