Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • 1 Korinfliler 11
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

1 Korinfliler kitabynyň mazmuny

      • «Menden görelde alyň» (1)

      • Baştutanlyk we ýaglyk daňmak hakda (2—16)

      • Halypamyzyň agşam nahary (17—34)

1 Korinfliler 11:1

Parallel aýatlar

  • +Flp 3:17; 2Sl 3:9

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Garawul diňi»,

    15/12/2010, sah. 12

1 Korinfliler 11:3

Parallel aýatlar

  • +Rim 14:9; Efs 4:15; Kol 2:10
  • +Efs 5:23; 1Pe 3:1
  • +1Kr 15:27, 28

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Garawul diňi»,

    2/2021, sah. 2, 3

    «Garawul diňi»,

    15/11/2015, sah. 22, 23

    15/5/2010, sah. 8—16

    15/2/2007, sah. 13—17

    «Hudaýa sežde ediň», sah. 153, 154

    «Maşgala bagty», sah. 31, 32

    «Bilim», sah. 134—136

1 Korinfliler 11:5

Parallel aýatlar

  • +Ýow 2:28; Res 21:8, 9

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Hudaýyň söýgüsi», sah. 209, 210

1 Korinfliler 11:7

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: şöhratydyr.

Parallel aýatlar

  • +1Ms 1:27

1 Korinfliler 11:8

Parallel aýatlar

  • +1Ms 2:22, 23

1 Korinfliler 11:9

Parallel aýatlar

  • +1Ms 2:18

1 Korinfliler 11:10

Parallel aýatlar

  • +1Kr 4:9

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Hudaýyň söýgüsi», sah. 211, 212

    «Garawul diňi»,

    15/5/2009, sah. 24

1 Korinfliler 11:12

Parallel aýatlar

  • +1Ms 2:21, 22
  • +1Kr 8:6

1 Korinfliler 11:19

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: sektalar. Sözlüge serediň.

Parallel aýatlar

  • +Res 20:29, 30; 1Kr 1:12; 1Tm 4:1; 2Pe 2:1

1 Korinfliler 11:20

Parallel aýatlar

  • +Luk 22:19, 20

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Ebedi ýaşaň!», sap. 28

1 Korinfliler 11:23

Parallel aýatlar

  • +Mat 26:20; Luk 22:14

1 Korinfliler 11:24

Parallel aýatlar

  • +Mat 26:26; Mar 14:22; Rim 7:4; 1Kr 10:17
  • +Luk 22:19

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Garawul diňi»,

    15/12/2013, sah. 24, 25

1 Korinfliler 11:25

Parallel aýatlar

  • +Mat 26:27; Mar 14:23; 1Kr 10:16
  • +Luk 22:20; Ýew 9:13, 14; 1Pe 1:18, 19
  • +Ýer 31:31; Ýew 8:8; 9:15
  • +2Ms 12:14

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Ýehowanyň Şaýatlary barada köplenç berilýän soraglar», mak. 45

    «Garawul diňi»,

    15/12/2013, sah. 25

1 Korinfliler 11:26

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Ýehowanyň Şaýatlary barada köplenç berilýän soraglar», mak. 45

    «Garawul diňi»,

    1/2018, sah. 16

    «Garawul diňi»,

    15/3/2010, sah. 27

    15/7/2008, sah. 27

1 Korinfliler 11:27

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Garawul diňi»,

    1/2020, sah. 27

    «Garawul diňi»,

    1/2016, sah. 23

    «Garawul diňi»,

    15/1/2015, sah. 15, 16

1 Korinfliler 11:28

Parallel aýatlar

  • +2Kr 13:5

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Garawul diňi»,

    15/1/2015, sah. 15

1 Korinfliler 11:30

Çykgytlar

  • *

    Ruhy taýdan ölmek göz öňünde tutulýan bolmaly.

Parallel aýatlar

  • +1Sl 5:6

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Garawul diňi»,

    15/1/2015, sah. 15

1 Korinfliler 11:32

Çykgytlar

  • *

    Goşmaça maglumata serediň: A5.

Parallel aýatlar

  • +2Pe 2:20; 3:7
  • +Ýew 12:5

1 Korinfliler 11:34

Parallel aýatlar

  • +1Kr 11:29

Umumy salgylar

1 Kor. 11:1Flp 3:17; 2Sl 3:9
1 Kor. 11:3Rim 14:9; Efs 4:15; Kol 2:10
1 Kor. 11:3Efs 5:23; 1Pe 3:1
1 Kor. 11:31Kr 15:27, 28
1 Kor. 11:5Ýow 2:28; Res 21:8, 9
1 Kor. 11:71Ms 1:27
1 Kor. 11:81Ms 2:22, 23
1 Kor. 11:91Ms 2:18
1 Kor. 11:101Kr 4:9
1 Kor. 11:121Ms 2:21, 22
1 Kor. 11:121Kr 8:6
1 Kor. 11:19Res 20:29, 30; 1Kr 1:12; 1Tm 4:1; 2Pe 2:1
1 Kor. 11:20Luk 22:19, 20
1 Kor. 11:23Mat 26:20; Luk 22:14
1 Kor. 11:24Mat 26:26; Mar 14:22; Rim 7:4; 1Kr 10:17
1 Kor. 11:24Luk 22:19
1 Kor. 11:25Mat 26:27; Mar 14:23; 1Kr 10:16
1 Kor. 11:25Luk 22:20; Ýew 9:13, 14; 1Pe 1:18, 19
1 Kor. 11:25Ýer 31:31; Ýew 8:8; 9:15
1 Kor. 11:252Ms 12:14
1 Kor. 11:282Kr 13:5
1 Kor. 11:301Sl 5:6
1 Kor. 11:322Pe 2:20; 3:7
1 Kor. 11:32Ýew 12:5
1 Kor. 11:341Kr 11:29
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
  • 16
  • 17
  • 18
  • 19
  • 20
  • 21
  • 22
  • 23
  • 24
  • 25
  • 26
  • 27
  • 28
  • 29
  • 30
  • 31
  • 32
  • 33
  • 34
Mukaddes Kitap
1 Korinfliler 11:1—34

Birinji Korinfliler

11 Meniň Mesihden görelde alşym ýaly, siz hem menden görelde alyň+.

2 Meni hemişe ýatlaýandygyňyza we öwreden zatlarymy ýerine ýetirýändigiňize begenýärin. 3 Emma siziň şuny bilmegiňizi isleýärin: her erkegiň başy Mesih+, aýalyň başy erkek+, Mesihiň başy hem Hudaýdyr+. 4 Erkek adam doga edende ýa-da pygamberlik edende ýaglyk daňsa, başyny masgara edýändir. 5 Aýal doga edende ýa-da pygamberlik edende+ ýaglyk daňmasa, başyny masgara edip, saçy syrylan aýal ýaly bolýandyr. 6 Eger ýaglyk daňmasa, onda saçyny gyrksyn. Emma aýal saçyny gyrkmaga ýa-da syrmaga utansa, goý, başyna ýaglyk daňsyn.

7 Erkek adam başyna ýaglyk daňmaly däldir, sebäbi ol Hudaýyň keşbinde ýaradyldy+, Hudaýa şöhrat getirmelidir. Aýal bolsa erkek adamyň abraýydyr*. 8 Erkek aýalyň bedeninden däl-de, aýal erkegiň bedeninden ýaradylandyr+. 9 Şeýle-de erkek aýal üçin däl-de, aýal erkek üçin ýaradylandyr+. 10 Şol sebäpli-de aýal ärine tabyn bolýandygy üçin ýaglyk daňyp, perişdelere görelde bolmalydyr+.

11 Halypamyzyň şägirtleriniň arasynda aýal erkek adamsyz, erkek adam hem aýalsyz bolup bilmez. 12 Sebäbi aýal erkek adamdan ýaradylandyr+, erkek adam hem aýaldan dünýä inendir. Ýöne ähli zady Hudaý ýaradandyr+. 13 Oýlanyp görüň, aýal ýaglyk daňmasa, Hudaýa doga edip bilermi? 14 Erkek adamyň saçyny uzyn ösdürmegi masgaraçylyk dälmi? 15 Emma aýalyň saçynyň uzyn bolmagy abraý dälmi? Saç aýalyň başyny örtýän ýaglykdyr. 16 Kim munuň bilen ylalaşman, başga däbe eýermek islese, bilip goýsun, Hudaýyň ýygnagynda-da, biziň aramyzda-da başga däp ýokdur.

17 Men şeýle maslahaty sizi öwmek üçin bermeýärin. Sebäbi ýygnaklaryňyz size peýda däl-de, zyýan ýetirýär. 18 Ýygnagyňyzda bölünişigiň bardygyny eşitdim. Dogrymy aýtsam, men şol aýdylanlara ynanýaryn. 19 Sebäbi kimleriň Hudaýy razy edýändigi belli bolar ýaly, araňyzda dini toparlar* hökman bolaýmaly+.

20 Siz Halypamyzyň agşam naharyna+ ýygnanyşsaňyz-da, ony dogry berjaý etmeýärsiňiz. 21 Käbiri duşuşygyň öň ýanyndan nahar iýýär. Agşamlyk naharyny bellemeli bolanda, käbiri aç, käbiri serhoş bolýar. 22 Siziň iýip-içmäge öýüňiz ýokmy? Ýa-da siz Hudaýyň ýygnagyny äsgermän, mätäçleri utandyrjak bolýarsyňyzmy? Indi men size näme diýsemkäm? Sizi öweýinmi? Ýok, öwüp biljek däl.

23 Men size Halypamyzyň öwreden zatlaryny aýtdym. Halypamyz Isa tussag ediljek gijesi+ çöregi alyp, 24 doga edensoň, çöregi bölüşdirip: «Çörek siziň üçin berjek bedenimi aňladýar+. Muny meni ýatlamak üçin berjaý ediň»+ diýdi. 25 Şeýle-de nahar iýip bolanlaryndan soň, Isa şeraply käsäni+ alyp: «Şu käse ganym arkaly güýje girjek+ täze ähti aňladýar+. Her sapar käseden içeniňizde, meni ýatlamak üçin muny berjaý ediň»+ diýdi. 26 Sebäbi her gezek çörekden iýeniňizde we käseden içeniňizde, Halypamyz gelýänçä, onuň ölendigini ýatlaýarsyňyz.

27 Kim mynasyp bolman, Halypamyzyň çöreginden iýse ýa-da käsesinden içse, Halypamyzyň bedenine we ganyna garşy günä edýändir. 28 Adam ilki bilen öz niýetini barlasyn+, şondan soň çörekden iýip, käseden içsin. 29 Kim bedeniň näme aňladýandygyna düşünmän iýip içse, öz-özüne höküm çykarýandyr. 30 Şonuň üçin hem köpiňiz ejiz, ýarawsyz, käbirleri bolsa ölüm ukusynda* ýatyr+. 31 Emma biz öz niýetimizi barlan bolsadyk, höküm edilmezdik. 32 Ýöne şu dünýä bilen bilelikde höküm çykarylmaz ýaly+, biz Ýehowadan* temmi alyp+, höküm edilýäris. 33 Doganlarym, agşamlyk naharyna ýygnanyşanyňyzda, biri-biriňize garaşyň. 34 Kim aç bolsa, öýünde iýip gelsin. Şonda üstüňizden höküm çykarylmaz+. Galan zatlary özüm baranymda aýdaryn.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş