Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Doganlar, siz Isanyň baştutanlygyna tabyn bolýarsyňyzmy?
    Garawul diňi — 2010 | 15 maý
    • Doganlar, siz Isanyň baştutanlygyna tabyn bolýarsyňyzmy?

      «Her erkegiň baýary Mesihdir». (1 KOR. 11:3)

      1. Ýehowanyň tertipli Hudaýdygyny nämeden görse bolýar?

      YLHAM 4:11-de şeýle diýilýär: «Eý Rebbimiz, Hudaýymyz! Sen şöhraty, hormaty hem gudraty almaga mynasypsyň. Çünki hemme zady Sen ýaratdyň. Ählisi Seniň islegiň bilen döredi, ýaradyldy». Ýehowa Hudaý ähli zady ýaradandygy üçin, Ol älem-jahanyň Hökümdary we hemme zatdan beýik. Ýehowa «tertipsizlik Hudaýy däl-de... parahatlyk Hudaýydyr», muny Onuň perişdelerden ybarat bolan guramaçylykly maşgalasyndan görse bolýar (1 Kor. 14:33; Iş. 6:1—3; Ýew. 12:22, 23).

      2, 3. a) Ýehowa ilki kimi ýaratdy? b) Ata we Ogul nähili orun tutýar?

      2 Hudaý älemi ýaratmanka, sansyz-sajaksyz ýyl ýaşapdyr. Ol ilki ruhy Ogluny ýaradýar. Oňa «Söz» diýilýär, çünki ol Ýehowanyň adyndan sözleýärdi. Bu Sözüň kömegi bilen galan ähli zatlar ýaradyldy. Soňra ol ýer ýüzüne kämil adam Isa Mesih bolup geldi (Ýahýa 1:1a—3, 14-nji aýatlary okaň).

      3 Mukaddes Ýazgylaryň aýtmagyna görä, Hudaý we Onuň ilkinji ýaradan Ogly nähili orun tutýar? Pawlus resul Hudaýyň ylhamy bilen şeýle diýdi: «Siziň muny-da bilmegiňizi isleýärin: her erkegiň baýary Mesih, aýalyň baýary erkek, Mesihiň baýary hem Hudaýdyr» (1 Kor. 11:3). Görşümiz ýaly, Isa Mesih Atasyna tabyn bolýar. Perişdeleriň we adamlaryň arasynda parahatlyk bolar ýaly, baştutanlyk we tabynlyk wajyp. Hatda ähli zady ýaratmaga kömek eden Ogul hem Hudaýa tabyn bolmaly (Kol. 1:16).

      4, 5. Isa Ýehowa tabyn bolmaga nähili garady?

      4 Isa Ýehowa tabyn bolup, ýer ýüzüne gelmek isledimi? Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Ol (Isa Mesih) Hudaýyň häsiýetine eýe bolsa-da, Hudaý bilen deňligi olja hasap etmän, gaýtam gul häsiýetini alyp, adam keşbine girdi, Özüni hiç etdi. Sypatda ynsan bolup, ölüme, hatda haç üstündäki ölüme-de boýun egip, Özüni kiçeltdi» (Flp. 2:5—8).

      5 Isa Atasynyň islegine hemişe kiçigöwünlilik bilen tabyn bolýardy. Ol şeýle diýdi: «Men Öz Özümden hiç bir zat edip bilmeýärin... Meniň hökümim hakdyr, çünki Men Öz yradamy däl-de, Meni ýollan Atanyň yradasyny amala aşyrmaga dyrjaşýaryn» (Ýahýa 5:30). Şeýle-de Isa: «Men hemişe Oňa (Atama) ýaraýan zatlary edýärin» diýdi (Ýahýa 8:29). Isa ölmeziniň öňüsyrasynda, Atasyna doga edip: «Maňa tabşyran işiňi berjaý etmek bilen, Seni ýer ýüzünde şöhratlandyrdym» diýdi (Ýahýa 17:4). Hawa, Hudaýa hormat goýmak we Oňa boýun bolmak Isa kyn däldi.

      Ogul Atasyna tabyn bolup, köp zatlary öwrendi

      6. Isanyň nähili ajaýyp häsiýetleri bardy?

      6 Isa ýer ýüzüne gelende, ençeme ajaýyp häsiýetlerini görkezdi. Ol: «Men Atany söýýärin» diýip, iň uly häsiýeti bolan söýgini görkezdi (Ýahýa 14:31). Ol adamlara-da uly söýgüsini bildirdi (Matta 22:35—40-njy aýatlary okaň). Isa gödek, höküm ediji däldi, ol rehimdarlyk bilen adamlaryň aladasyny edýärdi. Ol şeýle diýdi: «Eý argynlar, agyr ýüklüler, Meniň ýanyma geliň, Men size dynçlyk bereýin. Meniň boýuntyrygymy dakynyň-da, Menden öwreniň; çünki Men mylaýym hem pes göwünlidirin, janlaryňyz dynçlyk tapar» (Mat. 11:28—30). Isanyň häsiýetleri dürli ýaşdaky ýumşak, sustupes we ezilen adamlara göwünlik berdi. Olar Isanyň ruhlandyryjy habaryndan teselli tapdylar.

      7, 8. Musanyň kanuny boýunça, gan akma keselli aýal näme etmeli däldi, ýöne Isa näme etdi?

      7 Geliň, Isanyň aýallar bilen özüni nähili alyp barandygyna seredeliň. Taryha ser salsak, köplenç erkek adamlar gelin-gyzlara hormat goýmaýardy. Esasanam, gadymy Ysraýylyň dini ýolbaşçylary özüni şeýle alyp barýardy. Emma Isa aýallary sylaýar. Muny on iki ýyldan bäri gan akma keselli bir aýala Isanyň nähili garandygyndan görse bolýar. «Ol ençeme tebibiň elinden köp ezýetler çekip, bar-ýoguny harç edipdi; ýöne hiç bir peýda görmän, gaýtam haly has erbetleşipdi». Musanyň kanuny boýunça, ol murdar hasaplanýardy. Oňa galtaşan her bir adam hem murdar bolýardy (Lew. 15:19, 25).

      8 Bu aýal Isanyň kesel adamy sagaldyp bilýändigini eşidende, onuň yzyna düşen märekä goşulýar. Ol: «Diňe geýimine-de elimi degirsem, sagalaryn» diýýärdi. Ol Isa elini degrenden, derdinden açylandygyny duýýar. Isa onuň hiç bir zada el degirmeli däldigini bilýärdi. Muňa garamazdan, Isa aýaly ýazgarmady, gaýtam, oňa rehimi indi. Ol bu aýalyň ençeme ýyldan bäri keselinden ejir çekýändigine düşünip, kömege mätäçdigini bilýär. Isa duýgudaşlyk bildirip, oňa: «Gyzym, imanyň saňa şypa berdi. Sag-aman git» diýdi (Mar. 5:25—34).

      9. Şägirtler çagalaryň gelmegine garşy bolanda, Isa näme etdi?

      9 Hatda çagalar hem Isanyň ýanynda özlerini arkaýyn duýýardylar. Bir gezek, ata-eneler Isa çagalara elini degirsin diýip, olary Isanyň ýanyna getirdiler. Şägirtler bolsa çagalaryň Isany bimaza etmegini islemän, olary getirenlere käýediler. Emma Isa beýle pikir etmeýärdi. Injilde şeýle diýilýär: «Isa muny görende, (şägirtlerine) gaharlanyp olara diýdi: «Degmäň, çagalar meniň ýanyma gelsin, olary bökdemäň; çünki Hudaýyň Patyşalygy şular ýalylaryňkydyr». Soňra «ol çagalary gujaklap, elini üstlerinde goýup, olara ak pata berdi». Isa çagalaryň diňe bir ýanyna gelmegine rugsat bermän, eýsem, olary mähirli gujaklap, söýgüsini bildirdi (Mar. 10:13—16).

      10. Isa ýer ýüzünde bildiren häsiýetlerini kimden öwrendi?

      10 Isa ýer ýüzünde ýaşanda bildiren häsiýetlerini kimden öwrendi? Ol gökde ýaşan mahaly milliardlarça ýyl Atasyna syn edip, onuň ýollaryny öwrendi (Süleýmanyň tymsallary 8:22, 23, 30-njy aýatlary okaň). Ol Ýehowanyň ähli ýaradanlaryna söýgi bilen baştutanlyk edýändigini görýärdi we onuň özi hem söýgi bilen baştutanlyk etdi. Eger Isa Atasyna tabyn bolmadyk bolsa, şeýle häsiýetleri ösdürip bilermidi? Ol Atasyna höwes bilen tabyn bolýardy; Ýehowa bolsa gulak asyjy Ogluna guwanýardy. Isa ýer ýüzünde ýaşanda, gökdäki Atasyndan öwrenen ajaýyp häsiýetlerine doly eýerdi. Hudaýyň gökdäki Patyşalygyna bellän Hökümdaryna, ýagny Mesihe tabyn bolmak uly hormat!

      Isa Mesihden görelde alyň

      11. a) Biz kimden görelde almaga jan etmeli? b) Näme üçin, esasanam, mesihçi doganlar Isanyň göreldesine eýermeli?

      11 Mesihçi ýygnagynyň ähli agzalary, aýratynam, doganlar Mesihiň häsiýetlerine eýermäge jan etmeli. Mukaddes Ýazgylarda aýdylyşy ýaly, «her erkegiň baýary Mesihdir». Mesihiň öz Baýaryndan, ýagny hak Hudaýdan görelde alşy ýaly, mesihçi doganlar hem öz baýaryndan — Mesihden görelde almaga çalyşmaly. Pawlus resul hem Isadan görelde alyp, şeýle maslahat berdi: «Meniň Mesihden görelde alşym ýaly, siz hem menden görelde alyň» (1 Kor. 11:1). Petrus resul hem: «Siz şeýle bolmaga çagyryldyňyz; sebäbi Mesih hem Öz yzyny alyp götermegiňiz üçin görgi görüp, size bir nusga galdyrdy» diýdi (1 Pet. 2:21). Emma doganlar başga sebäplere görä-de, Mesihden görelde almaly. Olar ýaşuly we gulluk hyzmatçysy bolmaly. Isanyň Ýehowadan höwes bilen görelde alşy ýaly, doganlar hem Mesihden görelde alyp, onuň häsiýetlerine şatlyk bilen eýermeli.

      12, 13. Ýaşulular sürini nädip bakmaly?

      12 Ýygnak ýaşululary Mesihden görelde almaga borçly. Petrus mesihçi ýaşululara şeýle maslahat berdi: «Hudaýyň sürüsine mejburlyk bilen däl-de, meýletinlik bilen gözegçilik ediň. Olary biabraýçylykly gazanç üçin däl, isleg bilen, özlerine tabşyrylanlara agalyk edýänler ýaly däl-de, sürä görelde bolup, Hudaýyň isleýän ýolunda otladyň» (1 Pet. 5:2, 3). Mesihçi ýaşulular agalyk we höküm ediji ýa-da gödek bolmaly däl. Olar Mesihiň göreldesine eýerip, sürini söýgi, kiçigöwünlilik we mähribanlyk bilen bakmaly.

      13 Ýygnaga gözegçilik edýän doganlar bikämildigi sebäpli mümkinçiliginiň çäklidigine düşünmeli (Rim. 3:23). Şonuň üçin olar Isadan görelde alyp, onuň söýgüsine höwes bilen eýermeli. Olar Hudaýyň we Mesihiň adamlar bilen özüni nähili alyp barýandygy barada oýlanmaly we olara eýermäge jan etmeli. Petrus bize şeýle maslahat berdi: «Baryňyz biri-biriňize garşy kiçigöwünliligi geýniň; çünki Hudaý tekepbirlere garşy gidýändir, kiçigöwünlilere bolsa merhemet edýändir» (1 Pet. 5:5).

      14. Ýaşulular dogan-uýalara nädip hormat goýmaly?

      14 Ýygnak ýaşululary Hudaýyň sürüsini ýagşy häsiýetler bilen bakýarlar. Rimliler 12:10-da şeýle diýilýär: «Biri-biriňizi doganlyk söýgi bilen ýürekden söýüň, hormatda her kişi beýlekini özünden ýokary saýsyn». Ýaşulular-da, gulluk hyzmatçylar-da imandaşlara hormat goýýarlar. Olar hem beýleki mesihçiler ýaly, «hiç bir zady igenjeňlik, şöhratparazlyk bilen etmän, eýsem kiçigöwünlilik bilen beýlekileri özünden üstün saýyp edýärler» (Flp. 2:3). Ýygnaga gözegçilik edýän doganlar imandaşlaryny özünden uly saýyp, olara hyzmat etmeli. Eger olar şeýle etse, Pawlusyň şu maslahatyna eýerip bilerler: «Biz güýçlüler ejizleriň ejizliklerini götermelidiris, öz göwnümizden turmaly däldiris. Her kişi abatlyk üçin, ýagşylyk üçin goňşusynyň göwnünden turmalydyr... Mesih hem Öz göwnünden turmady» (Rim. 15:1—3).

      Aýalyňyzy sylaň

      15. Är aýaly bilen özüni nähili alyp barmaly?

      15 Geliň, indi Petrusyň maşgalaly doganlara beren maslahatyna seredeliň. Ol şeýle ýazdy: «Eý ärler, şonuň ýaly, siz-de... ejiz gaby... sylaýan ýaly hatyny sylap, olar bilen paýhasly ýaşaň» (1 Pet. 3:7). Bir adamy sylamaklyk onuň gadyryny bilmekligi aňladýar. Diýmek, aňrujy mümkin boldugyndan, sen adamyň pikirini, zerurlygyny we islegini göz öňünde tutup, oňa eglişik etmeli. Hawa, ärler-de aýaly bilen özüni şeýle alyp barmaly.

      16. Hudaýyň Sözi ärlere näme barada duýdurýar?

      16 Petrus ärlere aýalyňyzy sylaň diýende, «dogalarynyň bökdelmezligi» barada-da duýdurdy (1 Pet. 3:7). Bu ärleriň aýaly bilen özüni nähili alyp barşyna Ýehowanyň üns berýändigini görkezýär. Eger ärler aýalyny sylamasa, olaryň dilegleri eşidilmez. Äri aýalyny sylasa, aýal-da ony sylamazmy?

      17. Är aýalyny nädip söýmeli?

      17 Injilde ärlere aýalyny söýmek barada şeýle maslahat berilýär: «Ärler aýalyny öz teni kimin söýmelidir... Çünki hiç kim hiç haçan öz tenini ýigrenmän, gaýtam Mesihiň imanlylar ýygnagyny edişi ýaly, ony iýmitlendirip timarlaýandyr... Her biriňiz aýalyňyzy özüňiz ýaly söýüň» (Efes. 5:28, 29, 33). Ärler aýalyny nädip söýmeli? Pawlus şeýle ýazýar: «Eý ärler, Mesihiň imanlylar ýygnagyny söýşi ýaly, siz hem aýalyňyzy söýüň» (Efes. 5:25). Hawa, Mesihiň adamlar üçin janyny gurban berşi ýaly, ärler hem aýaly üçin janyny bermäge taýyn bolmaly. Mesihçi ärler öz nepini gözlemän, aýaly bilen mylaýym we hoşamaý bolup, oňa üns berse, aýala-da ärine tabyn bolmak aňsat bolar.

      18. Ärlere aýalyny sylamaga näme kömek edip biler?

      18 Ärlere aýalyny sylamak kynmy? Ýok. Ýehowa adamyň başarmajak zadyny hiç haçan talap etmeýär. Galyberse-de, Ýehowanyň gullukçylary älemde iň uly güýje, ýagny Hudaýyň mukaddes ruhuna eýe bolup bilýärler. Isa şeýle diýdi: «Erbet bolan siz öz oglanlaryňyza oňat sylaglar bermegi bilýän bolsaňyz, Gökdäki Ataňyz Özünden dilänlere has-da köp Mukaddes Ruhy berer!» (Luka 11:13). Ärler dogasynda mukaddes ruhy diläp bilýär. Ýehowa bolsa olara adamlar, şol sanda aýaly bilen gowy gatnaşykda bolmaga kömek eder (Resullaryň işleri 5:32-ni okaň).

      19. Indiki makalada näme barada gürrüň ederis?

      19 Dogrudan-da, ärler üçin Mesihe tabyn bolmak we onuň baştutanlygyndan görelde almak jogapkärli borç. Ýöne aýallar barada näme diýse bolar? Indiki makalada Ýehowanyň aýallara nähili orun berendigi barada bileris.

  • Aýallar näme üçin ýanýoldaşyna tabyn bolmaly?
    Garawul diňi — 2010 | 15 maý
    • Aýallar näme üçin ýanýoldaşyna tabyn bolmaly?

      «Aýalyň baýary erkek». (1 KOR. 11:3)

      1, 2. a) Pawlus resul Ýehowanyň girizen baştutanlygy we tabynlygy barada näme ýazdy? b) Bu makalada nähili soraglara serederis?

      ÝEHOWANYŇ girizen tertip-düzgüni barada Pawlus resul şeýle ýazdy: «Her erkegiň baýary Mesih... Mesihiň baýary hem Hudaýdyr» (1 Kor. 11:3). Geçen makaladan bilşimiz ýaly, Isa bu düzgüne hormat goýup, Baştutany Ýehowa Hudaýa höwes bilen tabyn boldy. Mesihçi doganlaryň hem baýary, ýagny başy bar — ol Mesih. Isa öz nepini gözlemedi; ol adamlar bilen özüni mähriban, ýumşak we rehimli alyp bardy. Ýygnakdaky doganlar hem başgalar bilen, esasanam, aýaly bilen özüni şeýle alyp barmaly.

      2 Aýallar barada näme diýse bolar? Olaryň baýary kim? Pawlus: «Aýalyň baýary erkek» diýdi. Bu ylhamly sözlere aýallar nähili garamaly? Eger äri Hudaýa iman etmeýän bolsa, aýaly oňa tabyn bolmalymy? Ärine tabyn bolýan aýal öz pikirini aýdyp bilermi? Aýal öwgä mynasyp bolmak üçin näme etmeli?

      «Oňa özüne laýyk bir kömekçi ýaradaýyn»

      3, 4. Näme üçin maşgalada baştutanlyk düzgüni gerek?

      3 Hudaý maşgalada kimiň baş bolmalydygyny aýtdy. Adam atany ýaradansoň, Ýehowa Hudaý: «Adama ýekelik ýagşy däl, oňa özüne laýyk kömekçi ýaradaýyn» diýdi. Adam ata özüne şeýle ýanýoldaşyň we kömekçiniň ýaradylandygyna begenip: «Ine, süýegi öz süýegimden, teni öz tenimdendir» diýdi (Gel. çyk. 2:23). Adam ata bilen How ene ýer ýüzünde Jennetde ebedi ýaşajak ähli kämil ynsanlaryň kakasy we ejesi bolmalydy.

      4 Adam ata bilen How ene pitne turzup, Erem bagyndaky lezzetli ýaşaýyşdan mahrum boldy (Rimliler 5:12-ni okaň). Emma Hudaý baştutanlyk düzgünini aýyrmady. Erkek adam baştutanlyk düzgünine eýerse, maşgalasyny bagtly eder. Isa gökde ýaşanda Baştutany Ýehowa tabyn bolup, «her wagt Onuň (Ýehowanyň) huzurynda şatlanardy» (Sül. tym. 8:30). Diýmek, erkek adam hem Isadan görelde alsa, köp şatlyk tapar. Ynsan bikämil, şol sebäpli är kämil baýar, aýal hem kämil kömekçi bolup bilmeýär. Emma är-aýal maşgalasy üçin elinden gelenini etseler, olar bagtly bolarlar.

      5. Näme üçin är-aýal Rimliler 12:10-daky maslahata eýermeli?

      5 Maşgala bagtly bolar ýaly, Mukaddes Ýazgylarda ähli mesihçilere berlen şu maslahata är-aýalyň ikisi-de eýermeli: «Biri-biriňizi doganlyk söýgi bilen ýürekden söýüň, hormatda her kişi beýlekini özünden ýokary saýsyn» (Rim. 12:10). Şeýlelikde, är-de, aýal-da «biri-birine mähriban, gamhor bolup... biri-birini bagyşlamaga» jan etmeli (Efes. 4:32).

      Ýanýoldaşyň iman etmese

      6, 7. Mesihçi aýal iman etmeýän ärine tabyn bolsa, nähili netije berip biler?

      6 Ýanýoldaşyň Ýehowa gulluk etmese näme? Köplenç ärler Ýehowa iman etmeýär. Şeýle ýagdaýda aýal özüni nähili alyp barmaly? Injil şeýle jogap berýär: «Eý hatynlar... öz äriňize tabyn boluň. Şeýdip, eger käbirleri Hudaýyň sözüne boýun bolmaýan bolsa, siziň gorky içindäki päk edim-gylymyňyzy görüp, öz hatynynyň ýaşaýşy arkaly gürrüňsiz Mesihe gazanylsyn» (1 Pet. 3:1, 2).

      7 Hudaýyň Sözüne görä, äri iman etmese-de, aýal oňa tabyn bolmaly. Onuň päk edim-gylymyny görüp, belki, äri oýlanar. Şonda är aýalynyň kömegi bilen Hudaýy tanap, hakykaty kabul etmegi mümkin.

      8, 9. Iman etmeýän är aýalynyň päk edim-gylymyna üns bermese, aýal näme edip biler?

      8 Iman etmeýän är aýalynyň päk edim-gylymyna üns bermese näme? Mukaddes Ýazgylarda aýallara hemişe mesihçi häsiýetlere görä ýaşamalydygy ündelýär. Meselem, 1 Korintoslylar 13:4-de: «Söýgi sabyrlydyr» diýilýär. Mesihçi aýallar «pes göwünli, ýumşaklyk bilen, sabyr hem söýgi bilen... sabyr-takatly bolup», özüni paýhasly alyp barýarlar (Efes. 4:2). Hatda kyn ýagdaýlarda-da, Hudaýyň hereketdäki güýji, ýagny mukaddes ruhy arkaly mesihçi häsiýetleri görkezip bolýar.

      9 Pawlus: «Özümi güýçlendirýän Mesih arkaly her zady etmegi başarýaryn» diýdi (Flp. 4:13). Hudaýyň ruhy mesihçi aýallara başarmajak zatlaryny hem etmäge ýardam berýär. Meselem, är özüni gödek alyp barsa, aýal hem gödeklik bilen jogap beresi geler. Emma Injilde şeýle diýilýär: «Ýamanlyk deregine hiç kime ýamanlyk etmäň... Çünki: «Reb diýýär: Öç Meniňkidir, öwezini men bererin» (Rim. 12:17—19). Şeýle maslahat 1 Selanikliler 5:15-de hem berilýär: «Habardar boluň, hiç kim ýamanlyga ýamanlyk bilen gaýtargy bermesin. Gaýtam biri-biriňize, ähli adamlara ýagşylyk etjek bolup hemişe tagalla ediň». Ýehowanyň mukaddes ruhunyň kömegi bilen, biziň başarmajak zadymyz bolmaz. Geliň, hemişe Hudaýyň mukaddes ruhuny diläliň, şonda ol ýogumyzy bar eder!

      10. Adamlar Isa sögüp, ýamanlyk edenlerinde, ol özüni nähili alyp bardy?

      10 Sögenlerinde, ýamanlyk edenlerinde özüňi nähili alyp barmalydygy barada Isa gowy görelde görkezdi. 1 Petrus 2:23-de Isa barada şeýle diýilýär: «Sögülende sögmän, görgi görende gorky salman, Özüni adyl höküm çykarýan Hudaýa tabşyrdy». Biz onuň ajaýyp göreldesine eýermeli. Başga adamlar özüni erbet alyp baranda, biz olara gaharlanmaly däl. Ähli mesihçiler «rehimdar, kiçigöwünli bolup, ýamanlyga ýamanlyk, sögünje sögünç bilen gaýtargy bermeli däl» (1 Pet. 3:8, 9).

      Aýallar hemişe dymmalymy?

      11. Mesihçi aýallaryň käbiri nähili hormatly ýumşy ýerine ýetirer?

      11 Aýalyň ýanýoldaşyna tabyn bolmagy onuň maşgalada diňe dymmalydygyny, ýagny öz pikirini aýtmaly däldigini aňladýarmy? Ýok. Ýehowa erkek adama berşi ýaly, aýala-da köp jogapkärçilik ynandy. Mesih bilen gökde patyşalar we ruhanylar boljak 144 müň adama berlen hormatly ýumuş barada oýlanyp görüň! Olaryň arasynda aýallar hem bar (Gal. 3:26—29). Hawa, Ýehowa aýallara-da ygtyýar berdi; olar wajyp ýumşy ýerine ýetirer.

      12, 13. Aýallaryň hem pygamberlik edendigi barada mysal getiriň.

      12 Geçmişde aýallar hem pygamberlik edipdir. Ýowel 2:28, 29-njy aýatlarda şeýle pygamberlik bar: «Men bütin adamzat üstüne Ruhumy dökerin, ogullaryňyz, gyzlaryňyz pygamberlik eder... gullaryň we gyrnaklaryň üstüne-de Ruhumdan dökerin» (MKS).

      13 B. e. 33-nji ýylynyň Pentikost güni Iýerusalimdäki bir jaýyň ýokarky otagynda Isanyň 120-ä golaý şägirdi ýygnandy; olaryň arasynda aýallar hem bardy. Hudaýyň ruhy olaryň ählisine indi. Şonda Petrus Ýowel pygamberiň sözlerine salgylanyp, onuň hem erkeklere, hem aýallara degişlidigini aýtdy. Petrus şeýle diýdi: «Hudaý diýýär: soňky günlerde şeýle bolar, Men Ruhumdan bütin adamzat üstüne dökerin; ogullaryňyz, gyzlaryňyz pygamberlik eder... Ruhumdan gullarymyň, gyrnaklarymyň üstüne dökerin, olar hem pygamberlik eder» (Res. iş. 2:16—18).

      14. Irki mesihçiler dininiň ýaýramagyna aýallar nähili kömek etdi?

      14 I asyrda mesihçiler dininiň ýaýramagyna aýallar köp goşant goşdy. Olar Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz edip, onuň bilen bagly başga-da köp zatlary etdiler (Luka 8:1—3). Meselem, Pawlus resul Fibi atly uýanyň «Kenreadaky ýygnagyň gullukçysydygyny» aýtdy. Şeýle-de ol işdeş ýoldaşlaryna salam ýollanda, Hudaýa wepaly ençeme aýallaryň adyny tutup, «Rebde zähmet çekýän Trifena, Trifosa» hem-de «Rebde köp zähmet çeken söýgüli Persise salam aýdýar» (Rim. 16:1, 12).

      15. Şu günler hoş habaryň ýaýramagyna aýallar nähili kömek edýär?

      15 Şu günler Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habary ýer ýüzünde ýedi milliondan gowrak wagyzçy wagyz edýär. Olaryň arasynda dürli ýaşdaky aýal-gyzlar hem bar (Mat. 24:14). Mesihçi uýalaryň köpüsi pioner, missioner we Beýtel maşgalasynyň agzalary bolup gulluk edýärler. Mezmurçy Dawut şeýle nagma aýtdy: «Sözi beren Rebdi, ony jar edenler (aýallar) bolsa uly goşundy» (Zeb. 68:11). Bu sözler, dogrudan-da, ýerine ýetýär! Ýehowa isleginiň amala aşmagynda we hoş habaryň yglan edilmeginde aýallara uly orun berdi. Görşümiz ýaly, mesihçi aýallardan tabyn bolmagyň talap edilmegi olaryň dymmalydygyny aňlatmaýar.

      Pikirini aýdan aýallar

      16, 17. Maşgalada aýalyň dymmaly däldigini Sara bilen bolan waka nädip görkezýär?

      16 Eger Ýehowa aýallara uly borçlary ynanan bolsa, onda bir mesele çözülmeli bolanda, ärler aýaly bilen maslahatlaşmalymy? Şeýle etse, paýhasly bolardy. Meselem, Mukaddes Ýazgylarda ärler aýalynyň pikirini soramasa-da, olaryň dymman, hereket edendigi barada birnäçe wakalar ýazylan. Geliň, olaryň ikisine seredeliň.

      17 Ybraýymyň gyrnagy we onuň ogly Sarany sylamaýardy. Şol sebäpli Sara ärinden olary kowmagy haýyş edýär. «Ogly baradaky bu mesele Ybraýyma juda agyr degýär», ýöne Hudaý Sarany goldaýar. Ýehowa Ybraýyma şeýle diýýär: «Sen ogluň we gyrnagyň üçin gamlanma. Sara näme et diýse, şony-da et» (Gel. çyk. 21:8—12). Ybraýym Ýehowa gulak asyp, Saranyň diýenini edýär.

      18. Abigail nähili paýhasly hereket edýär?

      18 Geliň, Nabalyň aýaly Abigaili ýada salalyň. Dawut görip patyşa Sauldan gaçyp ýörkä, Nabalyň sürüsiniň golaýynda düşleýär. Dawut we onuň adamlary bu baý adamyň hiç zadyna degmän, gaýtam, onuň emlägini goraýarlar. Emma Nabal «gödek we zalym» adamdy, ol Dawudyň iberen adamlarynyň hem göwnüne degýär. Ol «ýaramaz adam» bolany üçin akylsyz hereket edýär. Dawudyň adamlary iýere azyk sorap gelende, Nabal olary kowup goýberýär. Abigail muny eşidende näme edýär? Ol ärine hiç zat aýtman, «howlukmaçlyk bilen: iki ýüz çörek, iki uly küýze şerap, eti böleklenen bäş goýun, bäş ölçeg gowrulan däne, ýüz sany kişmişli çörek we iki ýüz sany çörek görnüşli injir kişdesini alyp», Dawut bilen onuň adamlaryna eltip berýär. Abigail dogry hereket etdimi? Şondan soňky bolan wakalar onuň dogry hereket edendigini görkezýär. Mukaddes Ýazgylarda: «Ýehowa Nabaly urdy we ol öldi» diýilýär. Soňra Abigail Dawudyň aýaly bolýar (1 Sam. 25:3, 14—19, 23—25, 38—42).

      Öwgä mynasyp aýal

      19, 20. Aýal öwgä mynasyp bolmak üçin näme etmeli?

      19 Mukaddes Ýazgylarda Ýehowanyň islegine görä ýaşaýan aýallar öwülýär. Süleýmanyň tymsallary kitabynda «başarjaň aýal» barada şeýle diýilýär: «Onuň bahasy ýakutdan ýokarydyr. Äri oňa ýürekden bil baglaýandyr, onuň gazanjy kemlik edýän däldir. Aýal öz ömrüniň ähli günlerinde oňa ýamanlyk däl, ýagşylyk edýändir». Şeýle-de ol «agzyny hikmet bilen açýandyr, dilinde merhemet kanuny bardyr. Içerisiniň işlerine gözegçilik edýändir, ýaltalyk çöregini iýýän däldir. Çagalary-da oňa alkyş aýdýandyr, äri turup, ony öwýändir» (Sül. tym. 31:10—12, 26—28).

      20 Aýal öwgä mynasyp bolmak üçin näme etmeli? Süleýmanyň tymsallary 31:30-da şeýle diýilýär: «Näziklik aldawçydyr, owadanlyk puçdur; diňe Rebden gorkýan aýal öwülýändir». Ýehowadan gorkmak baştutanlyk düzgünine höwes bilen tabyn bolmagy hem aňladýar. Çünki «her erkegiň baýarynyň Mesih» bolşy ýaly, «aýalyň baýary erkek, Mesihiň baýary hem Hudaýdyr» (1 Kor. 11:3).

      Hudaýyň sylagyna minnetdar boluň

      21, 22. a) Är-aýal maşgalany Döreden Hudaýa näme üçin minnetdar bolup biler? b) Biz näme üçin baştutanlyk düzgünini beren Ýehowa hormat goýmaly? (Çarçuwa serediň).

      21 Maşgalaly mesihçilerde Hudaýa minnetdar bolmaga ençeme sebäpler bar. Är-aýal eginme-egin işleşip, bagtly maşgala bolup bilýär. Esasanam, olar Hudaýyň beren sowgadyna, ýagny döreden maşgalasyna minnetdarlyk görkezip bilýär. Sebäbi olaryň Ýehowa bilen bile ýöremäge mümkinçiligi bar (Rut 1:9; Mika 6:8). Maşgalany Döreden Ýehowa olaryň bagtly bolmagy üçin näme etmelidigini gowy bilýär. Şol sebäpli hemişe Ýehowanyň islegine görä ýaşaň, şonda häzirki kyn günlerde-de, «Ýehowanyň şatlygy siziň kuwwatyňyz bolar» (Neh. 8:10).

      22 Är özüni söýşi ýaly aýalyny söýse, mähirli maşgalabaşy bolup, onuň aladasyny eder. Şonda onuň hudaýhon aýaly mylaýym bolup, ärini goldar we oňa çuňňur hormat goýar. Esasanam, olaryň göreldeli maşgalasy öwgä mynasyp Hudaýymyz Ýehowany şöhratlandyrar.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • Turkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş