Aýallar näme üçin ýanýoldaşyna tabyn bolmaly?
«Aýalyň baýary erkek». (1 KOR. 11:3)
1, 2. a) Pawlus resul Ýehowanyň girizen baştutanlygy we tabynlygy barada näme ýazdy? b) Bu makalada nähili soraglara serederis?
ÝEHOWANYŇ girizen tertip-düzgüni barada Pawlus resul şeýle ýazdy: «Her erkegiň baýary Mesih... Mesihiň baýary hem Hudaýdyr» (1 Kor. 11:3). Geçen makaladan bilşimiz ýaly, Isa bu düzgüne hormat goýup, Baştutany Ýehowa Hudaýa höwes bilen tabyn boldy. Mesihçi doganlaryň hem baýary, ýagny başy bar — ol Mesih. Isa öz nepini gözlemedi; ol adamlar bilen özüni mähriban, ýumşak we rehimli alyp bardy. Ýygnakdaky doganlar hem başgalar bilen, esasanam, aýaly bilen özüni şeýle alyp barmaly.
2 Aýallar barada näme diýse bolar? Olaryň baýary kim? Pawlus: «Aýalyň baýary erkek» diýdi. Bu ylhamly sözlere aýallar nähili garamaly? Eger äri Hudaýa iman etmeýän bolsa, aýaly oňa tabyn bolmalymy? Ärine tabyn bolýan aýal öz pikirini aýdyp bilermi? Aýal öwgä mynasyp bolmak üçin näme etmeli?
«Oňa özüne laýyk bir kömekçi ýaradaýyn»
3, 4. Näme üçin maşgalada baştutanlyk düzgüni gerek?
3 Hudaý maşgalada kimiň baş bolmalydygyny aýtdy. Adam atany ýaradansoň, Ýehowa Hudaý: «Adama ýekelik ýagşy däl, oňa özüne laýyk kömekçi ýaradaýyn» diýdi. Adam ata özüne şeýle ýanýoldaşyň we kömekçiniň ýaradylandygyna begenip: «Ine, süýegi öz süýegimden, teni öz tenimdendir» diýdi (Gel. çyk. 2:23). Adam ata bilen How ene ýer ýüzünde Jennetde ebedi ýaşajak ähli kämil ynsanlaryň kakasy we ejesi bolmalydy.
4 Adam ata bilen How ene pitne turzup, Erem bagyndaky lezzetli ýaşaýyşdan mahrum boldy (Rimliler 5:12-ni okaň). Emma Hudaý baştutanlyk düzgünini aýyrmady. Erkek adam baştutanlyk düzgünine eýerse, maşgalasyny bagtly eder. Isa gökde ýaşanda Baştutany Ýehowa tabyn bolup, «her wagt Onuň (Ýehowanyň) huzurynda şatlanardy» (Sül. tym. 8:30). Diýmek, erkek adam hem Isadan görelde alsa, köp şatlyk tapar. Ynsan bikämil, şol sebäpli är kämil baýar, aýal hem kämil kömekçi bolup bilmeýär. Emma är-aýal maşgalasy üçin elinden gelenini etseler, olar bagtly bolarlar.
5. Näme üçin är-aýal Rimliler 12:10-daky maslahata eýermeli?
5 Maşgala bagtly bolar ýaly, Mukaddes Ýazgylarda ähli mesihçilere berlen şu maslahata är-aýalyň ikisi-de eýermeli: «Biri-biriňizi doganlyk söýgi bilen ýürekden söýüň, hormatda her kişi beýlekini özünden ýokary saýsyn» (Rim. 12:10). Şeýlelikde, är-de, aýal-da «biri-birine mähriban, gamhor bolup... biri-birini bagyşlamaga» jan etmeli (Efes. 4:32).
Ýanýoldaşyň iman etmese
6, 7. Mesihçi aýal iman etmeýän ärine tabyn bolsa, nähili netije berip biler?
6 Ýanýoldaşyň Ýehowa gulluk etmese näme? Köplenç ärler Ýehowa iman etmeýär. Şeýle ýagdaýda aýal özüni nähili alyp barmaly? Injil şeýle jogap berýär: «Eý hatynlar... öz äriňize tabyn boluň. Şeýdip, eger käbirleri Hudaýyň sözüne boýun bolmaýan bolsa, siziň gorky içindäki päk edim-gylymyňyzy görüp, öz hatynynyň ýaşaýşy arkaly gürrüňsiz Mesihe gazanylsyn» (1 Pet. 3:1, 2).
7 Hudaýyň Sözüne görä, äri iman etmese-de, aýal oňa tabyn bolmaly. Onuň päk edim-gylymyny görüp, belki, äri oýlanar. Şonda är aýalynyň kömegi bilen Hudaýy tanap, hakykaty kabul etmegi mümkin.
8, 9. Iman etmeýän är aýalynyň päk edim-gylymyna üns bermese, aýal näme edip biler?
8 Iman etmeýän är aýalynyň päk edim-gylymyna üns bermese näme? Mukaddes Ýazgylarda aýallara hemişe mesihçi häsiýetlere görä ýaşamalydygy ündelýär. Meselem, 1 Korintoslylar 13:4-de: «Söýgi sabyrlydyr» diýilýär. Mesihçi aýallar «pes göwünli, ýumşaklyk bilen, sabyr hem söýgi bilen... sabyr-takatly bolup», özüni paýhasly alyp barýarlar (Efes. 4:2). Hatda kyn ýagdaýlarda-da, Hudaýyň hereketdäki güýji, ýagny mukaddes ruhy arkaly mesihçi häsiýetleri görkezip bolýar.
9 Pawlus: «Özümi güýçlendirýän Mesih arkaly her zady etmegi başarýaryn» diýdi (Flp. 4:13). Hudaýyň ruhy mesihçi aýallara başarmajak zatlaryny hem etmäge ýardam berýär. Meselem, är özüni gödek alyp barsa, aýal hem gödeklik bilen jogap beresi geler. Emma Injilde şeýle diýilýär: «Ýamanlyk deregine hiç kime ýamanlyk etmäň... Çünki: «Reb diýýär: Öç Meniňkidir, öwezini men bererin» (Rim. 12:17—19). Şeýle maslahat 1 Selanikliler 5:15-de hem berilýär: «Habardar boluň, hiç kim ýamanlyga ýamanlyk bilen gaýtargy bermesin. Gaýtam biri-biriňize, ähli adamlara ýagşylyk etjek bolup hemişe tagalla ediň». Ýehowanyň mukaddes ruhunyň kömegi bilen, biziň başarmajak zadymyz bolmaz. Geliň, hemişe Hudaýyň mukaddes ruhuny diläliň, şonda ol ýogumyzy bar eder!
10. Adamlar Isa sögüp, ýamanlyk edenlerinde, ol özüni nähili alyp bardy?
10 Sögenlerinde, ýamanlyk edenlerinde özüňi nähili alyp barmalydygy barada Isa gowy görelde görkezdi. 1 Petrus 2:23-de Isa barada şeýle diýilýär: «Sögülende sögmän, görgi görende gorky salman, Özüni adyl höküm çykarýan Hudaýa tabşyrdy». Biz onuň ajaýyp göreldesine eýermeli. Başga adamlar özüni erbet alyp baranda, biz olara gaharlanmaly däl. Ähli mesihçiler «rehimdar, kiçigöwünli bolup, ýamanlyga ýamanlyk, sögünje sögünç bilen gaýtargy bermeli däl» (1 Pet. 3:8, 9).
Aýallar hemişe dymmalymy?
11. Mesihçi aýallaryň käbiri nähili hormatly ýumşy ýerine ýetirer?
11 Aýalyň ýanýoldaşyna tabyn bolmagy onuň maşgalada diňe dymmalydygyny, ýagny öz pikirini aýtmaly däldigini aňladýarmy? Ýok. Ýehowa erkek adama berşi ýaly, aýala-da köp jogapkärçilik ynandy. Mesih bilen gökde patyşalar we ruhanylar boljak 144 müň adama berlen hormatly ýumuş barada oýlanyp görüň! Olaryň arasynda aýallar hem bar (Gal. 3:26—29). Hawa, Ýehowa aýallara-da ygtyýar berdi; olar wajyp ýumşy ýerine ýetirer.
12, 13. Aýallaryň hem pygamberlik edendigi barada mysal getiriň.
12 Geçmişde aýallar hem pygamberlik edipdir. Ýowel 2:28, 29-njy aýatlarda şeýle pygamberlik bar: «Men bütin adamzat üstüne Ruhumy dökerin, ogullaryňyz, gyzlaryňyz pygamberlik eder... gullaryň we gyrnaklaryň üstüne-de Ruhumdan dökerin» (MKS).
13 B. e. 33-nji ýylynyň Pentikost güni Iýerusalimdäki bir jaýyň ýokarky otagynda Isanyň 120-ä golaý şägirdi ýygnandy; olaryň arasynda aýallar hem bardy. Hudaýyň ruhy olaryň ählisine indi. Şonda Petrus Ýowel pygamberiň sözlerine salgylanyp, onuň hem erkeklere, hem aýallara degişlidigini aýtdy. Petrus şeýle diýdi: «Hudaý diýýär: soňky günlerde şeýle bolar, Men Ruhumdan bütin adamzat üstüne dökerin; ogullaryňyz, gyzlaryňyz pygamberlik eder... Ruhumdan gullarymyň, gyrnaklarymyň üstüne dökerin, olar hem pygamberlik eder» (Res. iş. 2:16—18).
14. Irki mesihçiler dininiň ýaýramagyna aýallar nähili kömek etdi?
14 I asyrda mesihçiler dininiň ýaýramagyna aýallar köp goşant goşdy. Olar Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz edip, onuň bilen bagly başga-da köp zatlary etdiler (Luka 8:1—3). Meselem, Pawlus resul Fibi atly uýanyň «Kenreadaky ýygnagyň gullukçysydygyny» aýtdy. Şeýle-de ol işdeş ýoldaşlaryna salam ýollanda, Hudaýa wepaly ençeme aýallaryň adyny tutup, «Rebde zähmet çekýän Trifena, Trifosa» hem-de «Rebde köp zähmet çeken söýgüli Persise salam aýdýar» (Rim. 16:1, 12).
15. Şu günler hoş habaryň ýaýramagyna aýallar nähili kömek edýär?
15 Şu günler Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habary ýer ýüzünde ýedi milliondan gowrak wagyzçy wagyz edýär. Olaryň arasynda dürli ýaşdaky aýal-gyzlar hem bar (Mat. 24:14). Mesihçi uýalaryň köpüsi pioner, missioner we Beýtel maşgalasynyň agzalary bolup gulluk edýärler. Mezmurçy Dawut şeýle nagma aýtdy: «Sözi beren Rebdi, ony jar edenler (aýallar) bolsa uly goşundy» (Zeb. 68:11). Bu sözler, dogrudan-da, ýerine ýetýär! Ýehowa isleginiň amala aşmagynda we hoş habaryň yglan edilmeginde aýallara uly orun berdi. Görşümiz ýaly, mesihçi aýallardan tabyn bolmagyň talap edilmegi olaryň dymmalydygyny aňlatmaýar.
Pikirini aýdan aýallar
16, 17. Maşgalada aýalyň dymmaly däldigini Sara bilen bolan waka nädip görkezýär?
16 Eger Ýehowa aýallara uly borçlary ynanan bolsa, onda bir mesele çözülmeli bolanda, ärler aýaly bilen maslahatlaşmalymy? Şeýle etse, paýhasly bolardy. Meselem, Mukaddes Ýazgylarda ärler aýalynyň pikirini soramasa-da, olaryň dymman, hereket edendigi barada birnäçe wakalar ýazylan. Geliň, olaryň ikisine seredeliň.
17 Ybraýymyň gyrnagy we onuň ogly Sarany sylamaýardy. Şol sebäpli Sara ärinden olary kowmagy haýyş edýär. «Ogly baradaky bu mesele Ybraýyma juda agyr degýär», ýöne Hudaý Sarany goldaýar. Ýehowa Ybraýyma şeýle diýýär: «Sen ogluň we gyrnagyň üçin gamlanma. Sara näme et diýse, şony-da et» (Gel. çyk. 21:8—12). Ybraýym Ýehowa gulak asyp, Saranyň diýenini edýär.
18. Abigail nähili paýhasly hereket edýär?
18 Geliň, Nabalyň aýaly Abigaili ýada salalyň. Dawut görip patyşa Sauldan gaçyp ýörkä, Nabalyň sürüsiniň golaýynda düşleýär. Dawut we onuň adamlary bu baý adamyň hiç zadyna degmän, gaýtam, onuň emlägini goraýarlar. Emma Nabal «gödek we zalym» adamdy, ol Dawudyň iberen adamlarynyň hem göwnüne degýär. Ol «ýaramaz adam» bolany üçin akylsyz hereket edýär. Dawudyň adamlary iýere azyk sorap gelende, Nabal olary kowup goýberýär. Abigail muny eşidende näme edýär? Ol ärine hiç zat aýtman, «howlukmaçlyk bilen: iki ýüz çörek, iki uly küýze şerap, eti böleklenen bäş goýun, bäş ölçeg gowrulan däne, ýüz sany kişmişli çörek we iki ýüz sany çörek görnüşli injir kişdesini alyp», Dawut bilen onuň adamlaryna eltip berýär. Abigail dogry hereket etdimi? Şondan soňky bolan wakalar onuň dogry hereket edendigini görkezýär. Mukaddes Ýazgylarda: «Ýehowa Nabaly urdy we ol öldi» diýilýär. Soňra Abigail Dawudyň aýaly bolýar (1 Sam. 25:3, 14—19, 23—25, 38—42).
Öwgä mynasyp aýal
19, 20. Aýal öwgä mynasyp bolmak üçin näme etmeli?
19 Mukaddes Ýazgylarda Ýehowanyň islegine görä ýaşaýan aýallar öwülýär. Süleýmanyň tymsallary kitabynda «başarjaň aýal» barada şeýle diýilýär: «Onuň bahasy ýakutdan ýokarydyr. Äri oňa ýürekden bil baglaýandyr, onuň gazanjy kemlik edýän däldir. Aýal öz ömrüniň ähli günlerinde oňa ýamanlyk däl, ýagşylyk edýändir». Şeýle-de ol «agzyny hikmet bilen açýandyr, dilinde merhemet kanuny bardyr. Içerisiniň işlerine gözegçilik edýändir, ýaltalyk çöregini iýýän däldir. Çagalary-da oňa alkyş aýdýandyr, äri turup, ony öwýändir» (Sül. tym. 31:10—12, 26—28).
20 Aýal öwgä mynasyp bolmak üçin näme etmeli? Süleýmanyň tymsallary 31:30-da şeýle diýilýär: «Näziklik aldawçydyr, owadanlyk puçdur; diňe Rebden gorkýan aýal öwülýändir». Ýehowadan gorkmak baştutanlyk düzgünine höwes bilen tabyn bolmagy hem aňladýar. Çünki «her erkegiň baýarynyň Mesih» bolşy ýaly, «aýalyň baýary erkek, Mesihiň baýary hem Hudaýdyr» (1 Kor. 11:3).
Hudaýyň sylagyna minnetdar boluň
21, 22. a) Är-aýal maşgalany Döreden Hudaýa näme üçin minnetdar bolup biler? b) Biz näme üçin baştutanlyk düzgünini beren Ýehowa hormat goýmaly? (Çarçuwa serediň).
21 Maşgalaly mesihçilerde Hudaýa minnetdar bolmaga ençeme sebäpler bar. Är-aýal eginme-egin işleşip, bagtly maşgala bolup bilýär. Esasanam, olar Hudaýyň beren sowgadyna, ýagny döreden maşgalasyna minnetdarlyk görkezip bilýär. Sebäbi olaryň Ýehowa bilen bile ýöremäge mümkinçiligi bar (Rut 1:9; Mika 6:8). Maşgalany Döreden Ýehowa olaryň bagtly bolmagy üçin näme etmelidigini gowy bilýär. Şol sebäpli hemişe Ýehowanyň islegine görä ýaşaň, şonda häzirki kyn günlerde-de, «Ýehowanyň şatlygy siziň kuwwatyňyz bolar» (Neh. 8:10).
22 Är özüni söýşi ýaly aýalyny söýse, mähirli maşgalabaşy bolup, onuň aladasyny eder. Şonda onuň hudaýhon aýaly mylaýym bolup, ärini goldar we oňa çuňňur hormat goýar. Esasanam, olaryň göreldeli maşgalasy öwgä mynasyp Hudaýymyz Ýehowany şöhratlandyrar.
Ýadyňyzdamy?
• Ýehowanyň baştutanlyk we tabynlyk düzgüni nämäni aňladýar?
• Näme üçin är-aýal biri-birini sylamaly?
• Mesihçi aýal iman etmeýän äri bilen özüni nähili alyp barmaly?
• Bir meseläni çözmeli bolanda, är näme üçin aýaly bilen maslahatlaşmaly?
[17 sahypadaky çarçuwa]
Häkimiýete näme üçin hormat goýmaly?
Ýehowa perişdeler we adamlar üçin tertip-düzgüni ýola goýdy. Bu düzgün olaryň ählisine-de peýdaly. Bu olary erkin bolmaga, Hudaýyň islegine görä agzybir gulluk etmäge we oňa hormat bildirmäge mümkinçilik berýär (Zeb. 133:1).
Mesh edilen mesihçileriň ýygnagy Isa Mesihiň häkimiýetine we baştutanlygyna tabyn bolýar (Efes. 1:22, 23). Ýehowanyň häkimiýetine hormat goýup, «Ogluň özi hem, Hudaý hem ähli zatda höküm sürer ýaly, Oňa ähli zady tabyn etdirene tabyn bolar» (1 Kor. 15:28). Şeýlelikde, özüni Hudaýa bagyş eden adamlar ýygnakdaky we maşgaladaky baştutanlyga tabyn bolup, paýhasly hereket edýär (1 Kor. 11:3; Ýew. 13:17). Biz hem şeýle etsek, Ýehowanyň göwnünden turup, köp bereket alarys! (Iş. 48:17).