Syrkawyň aladasyny edende, ruhy taýdan berk boluň
ÝEHOWANYŇ GÜWÄÇISI Kimiň oňurgasynda çiş dörände, oňa rak keseliniň bardygyny aýdýarlara. Onuň ýanýoldaşy Stiw şeýle diýýär: «Aýalymyň oňurgasyndaky çişi operasiýa edip aýyrdylar, soňra ol şöhle we himiki dermanlar bilen bejergi aldy. Şol bejergiler sebäpli onuň ýöremesi kynlaşyp, haly has-da agyrlaşdy».
Aýalynyň gözüniň alnynda solup barýanyny görmek Stiwe nähili agyr düşendigi barada oýlanyp görüň. Mümkin, siziň hem maşgala agzalaryňyzdan biri agyr keselden ýa-da garrylyk zerarly ejir çekýändir (Wag. 12:1—7). Şeýle ýagdaýda, syrkawyň gowy aladasyny etmek üçin, özüň barada-da unutmaly däl. Eger siz ruhy taýdan gowşasaňyz, onda ýüregiňize agram salarsyňyz, jan-saglygyňyzyň hem ugry bolmaz, syrkawa-da gowy seredip bilmersiňiz. Siz maşgalaňyzdaky syrkawyň ýa-da garrynyň aladasyny edeniňizde, nädip ruhy taýdan berk bolup bilersiňiz? Ýygnakdaky dogan-uýalar oňa nädip kömek edip biler?
Paýhasly boluň
Syrkawa seredilende, ruhy taýdan we jan-saglygyň barada alada edip, ýagdaýa görä bolmaly, wagtyňy hem güýjüňi paýhasly sarp etmeli. Süleýmanyň tymsallary 11:2-de: «Akyldarlyk... pes göwünliler bilendir» diýilýär. Bu aýatdaky «pes göwünli» diýen söz mümkinçiligiň çägini bilmekligi aňladýar. Siz gün tertibiňiz we borçlaryňyz barada oýlansaňyz, güýjüňizden artyk işi etmejek bolarsyňyz.
Stiw özüne agram salýandygyny bilip, pes göwünlilik bilen paýhasly hereket etdi. Ol işinden daşary Irlandiýada mesihçiler ýygnagynyň ýaşulular maslahatynyň koordinatory, wagyz gözegçisi we keselhanalar bilen hyzmatdaşlyk edýän komitetiň agzasy bolup gulluk edýärdi. Stiw şeýle gürrüň berýär: «Ýygnakdaky borçlaryma köp üns bersem-de, aýalym maňa hiç haçan zeýrenmeýärdi, ýöne men özüme agram salýanyma düşünýärdim». Stiw nähili çykalga tapýar? Ol gürrüňini şeýle dowam edýär: «Men Ýehowa doga edip, öz ýagdaýym barada köp oýlandym. Soňra koordinatorlyk borjumy tabşyrdym. Ýaşuly bolup gulluk etsem-de, ýygnakdaky ýerine ýetirmeli käbir borçlarymy başga doganlara berdim. Şeýdip, men Kimiň ýanynda bolmaga we onuň aladasyny etmäge mümkinçilik döretdim».
Wagtyň geçmegi bilen, Kimiň ýagdaýy ganymatlaşdy. Är-aýal öz ýagdaýlary barada oýlandylar. Stiw aýalynyň goldawy bilen ýygnakdaky borçlaryny ýene-de berjaý edip başlady. «Biziň ikimiz hem keselçilik sebäpli dörän ýagdaýa görä hereket etmegi öwrendik. Men Ýehowanyň kömegine we aýalymyň ýarawsyzlygyna garamazdan maňa beren goldawyna çäksiz minnetdar» diýip, Stiw gürrüň berýär.
Geliň, indi aýlanýan gözegçi Jerri we aýaly Mariýa bilen bolan waka seredeliň. Olar garry ata-enesine seretmek üçin durmuşyny üýtgetdiler. Mariýa şeýle gürrüň berýär: «Biziň daşary ýurtda missioner bolup gulluk etmek maksadymyz bardy. Emma Jerri ata-enesiniň ýeke perzendi bolany üçin, olaryň aladasyny etmelidi. Şol sebäpli biz Irlandiýada galmagy makul bildik. Jerriniň kakasy keselhanada ölüm ýassygynda ýatanda, biz elmydama onuň ýanynda bolduk. Häzir biz Jerriniň ejesiniň öýüne golaý ýerde gulluk edýändigimiz üçin, onuň bilen her gün habarlaşyp durýarys we kömege ýetişmäge mydama taýyn. Jerriniň ejesiniň barýan ýygnagyndaky dogan-uýalar hem köp kömek we goldaw berýärler, şonuň üçin biz etrap gözegçisi bolup gulluk edip bilýäris».
Dogan-uýalaryň kömegi
Ýygnakdaky garry dul aýallara kömek bermek barada Pawlus resul şeýle ýazdy: «Biri öz ýakynlarynyň, ylaýta-da, öz maşgalasynyň aladasyny etmeýän bolsa, onda ol imany inkär edip, imansyzdan beter bolandyr». Pawlus Hudaýy razy etmek isleýän mesihçä garry kakasynyň, ejesiniň, atasynyň we enesiniň maddy taýdan aladasyny etmelidigini ýatlatdy (1 Tim. 5:4, 8). Emma ýygnakdaky dogan-uýalar olara başga tarapdan kömek berip bilerler.
Şwesiýada ýaşaýan gartaşan är-aýal Hakan bilen Ingeriň başdan geçirenlerine seredeliň. Hakan şeýle gürrüň berýär: «Aýalymda rak keseliniň dörändigini bilende, bu maňa-da, aýalyma-da agyr urgy boldy. Inger özüni hemişe sagdyn duýýardy. Biz şu günler bejergi almak üçin we onuň erbet täsirinden goranmak üçin her gün keselhana barmaly bolýarys. Inger bejergi alýan döwri hemişe öýde bolýardy; men hem onuň aladasyny etmek üçin ýanynda galmaly bolýardym». Dogan-uýalar Hakan bilen Ingere nähili kömek berdiler?
Ýaşulular bu är-aýalyň telefon arkaly ýygnak duşuşyklaryny diňläp biler ýaly aladasyny etdiler. Dogan-uýalar hem olaryň öýüne baryp ýa-da telefon arkaly habarlaşýardylar. Şeýle-de olara hat we otkrytka ýazýardylar. Hakan şeýle gürrüň berýär: «Biz ähli dogan-uýalaryň kömegini we Ýehowanyň goldawyny duýduk. Ruhy taýdan gowşamazlyk üçin, biz şeýle kömege mätäçdik. Hudaýa şükür, indi Ingeriň ýagdaýy gowulaşdy, biz ýene-de Patyşalyk zalynda geçirilýän ýygnaklara gatnaşyp başladyk». Ýygnak ýaşululary we dogan-uýalar syrkawa kömek edenlerinde, «dost her wagt söýýändir; dogan bolsa aladaly gün üçin doglandyr» diýen sözleriň dogrudygyny subut edýärler (Sül. tym. 17:17).
Ýehowa siziň tagallaňyzy görýär
Hawa, syrkawyň aladasyny etmek aňsat däl. Emma Dawut patyşa: «Garyplara paýhasly garaýan nähili bagtly!» diýdi. Kömege mätäç syrkaw adama «garyp» diýse bolar (Zeb. 41:1).
Syrkawyň aladasyny edýän adama näme üçin bagtly diýilýär? Süleýmanyň tymsallary 19:17-de: «Garyba haýpy gelýän Hudaýa karz berýändir; Reb bolsa oňa öwezini dolar» diýilýär. Hak Hudaý keselden ejir çekýän wepaly gullukçysynyň aladasyny edýär we Ony razy etmek isleýän adama bereket berýär. Mezmurçy Dawut şeýle nagma aýdýar: «Hassalyk düşeginde Reb ony söýgetlär, syrkawlygynda Sen onuň ýorgan-düşegini bütinleý çalşyrarsyň» (Zeb. 41:3). Dogan-garyndaşymyzdan biri syrkawlasa, biz Ýehowanyň kömek etjekdigine doly ynanyp bileris.
Syrkaw adamyň aladasyny edýändigimizi Ýehowa Hudaý görýär we begenýär! Şeýle kömek köp tagallany talap etse-de, Mukaddes Ýazgylarda: «Hudaý şu hili gurbanlary halaýandyr» diýilýär (Ýew. 13:16).
a Atlary üýtgedilen.