Haran — ady belli gadymy şäher
HARAN şäheriniň ady agzalanda, Mukaddes Ýazgylary bilýän adamlaryň ýadyna Ybraýym pygamber düşýär. Ybraýym, aýaly Sara, kakasy Tera we doganoglany Lut Ur galasyndan çykyp, Kengan topragyna barýarkalar, Haranda düşleýärler. Şol ýerde Ybraýym köp baýlyk toplaýar. Kakasy Tera aradan çyksa-da, Ybraýym hak Hudaýyň wada beren ýurduna tarap ýola düşýär (Gel. çyk. 11:31, 32; 12:4, 5; Res. iş. 7:2—4). Şeýle-de Ybraýym ogly Yshaga gelinlik tapmak üçin uly hyzmatkärini Harana ýa-da onuň golaýynda ýerleşýän bir şähere iberýär. Ybraýymyň agtygy Ýakup hem ençeme ýyl Haranda ýaşaýar (Gel. çyk. 24:1—4, 10; 27:42—45; 28:1, 2, 10).
Aşur patyşasy Sanherip Ýahudanyň patyşasy Hizkiýa haýbat atyp, köp «halklary», şol sanda Harany hem basyp alandygyny aýdýar. «Haran» diýlende, diňe bir şäheri däl-de, onuň daş-töweregindäki ýerleri hem aňladýar (2 Pat. 19:11, 12). Ezekiýeliň pygamberliginde Haran şäheri Tir şäheriniň esasy söwda hyzmatdaşy hökmünde agzalýar. Diýmek, Haran belli söwda merkezi bolupdyr (Ezek. 27:1, 2, 23).
Häzir Haran Türkiýäniň gündogaryndaky Şanlyurfa şäherine golaý ýerleşýän şäherçe. Emma birwagtlar ol, dogrudan-da, ady belli şäherdi. Haran Mukaddes Ýazgylardaky gadymy adyny şu günlere çenli ýitirmedik şäherleriň biridir. Onuň aşur dilindäki «Harranuw» ady «ýol» ýa-da «kerwen ýoly» diýmegi aňladýar. Bu bolsa onuň uly şäherleriň arasyndaky söwda ýollaryň ugrunda ýerleşendigini görkezýär. Harandan tapylan golýazmalara görä, ol ýerde Aý taňrysy Siniň ybadathanasy bolupdyr. Ol ybadathananyň baş ruhanysy Babyl patyşasy Nabonidiň ejesidi. Aýtmaklaryna görä, ybadathanany Nabonid dikeldipdir. Şeýlelikde, Haran şäheri birnäçe imperiýalaryň döreýşiniň we ýykylyşynyň şaýady boldy.
Şu günler Haran öňki Harandan düýbünden tapawutlanýar. Gadymy Haran aýratynam belli bir döwürde ösen we ady belli şäher bolupdyr. Emma häzirki Haran gümmezli jaýlardan ybarat ýer. Onuň töwereginde gadymy medeniýetden galan harabaçylyk bar. Hudaýyň berjek täze dünýäsinde Haranda ýaşanlaryň köpüsi, şol sanda: Ybraýym, Sara we Lut direler. Hawa, olar bize ady belli Haran şäheri barada köp zatlary gürrüň bererler.