13-NJI HEKAÝA
Ybraýym — Hudaýyň dosty
BÜTINDÜNÝÄ tupanyndan soň, adamlaryň göçüp baran şäherleriniň biri Ur şäheridi. Ol owadan jaýly belli şäherdi. Ýöne onuň ýaşaýjylary ýalan taňrylara sežde edýärdi. Olar edil Babyl şäheriniň ýaşaýjylary ýalydy. Ur hem-de Babyl şäheriniň ýaşaýjylary Ýehowa gulluk eden Nuh we ogly Sam ýaly däldiler.
Hudaýyň wepaly gullukçysy Nuh, tupandan 350 ýyl geçensoň aradan çykdy. Göni iki ýyldan bolsa, şu suratdaky adam doguldy. Hudaý ony gowy görýärdi. Bu adama Ybraýym diýýärdiler. Ol maşgalasy bilen Ur şäherinde ýaşaýardy.
Bir gezek Ýehowa Ybraýyma ýüzlenip: «Ur şäherini, garyndaşlaryňy goýup, meniň görkezjek ýurduma git» diýdi. Ybraýym Ur şäheriniň rahat durmuşyny terk edip, Hudaýa gulak asdymyka? Hawa, ol hut şeýle-de etdi. Ybraýym Hudaýa hemişe gulak asany üçin, Hudaýyň dosty hökmünde tanalýardy.
Ur şäherinden Ybraýym bilen atasy Terah, doganoglany Lut we birnäçe garyndaşy çykdy. Elbetde, Ybraýym bilen bile aýaly Sara-da gitdi. Birnäçe wagt geçensoň, olar Harana geldiler, ol ýerde Terah aradan çykdy. Olar Ur şäherinden uzakdadylar.
Basym Ybraýym maşgalasy bilen Harandan çykyp, Kengan ýurduna gitdi. Ol ýerde Ýehowa olara: «Men bu ýurdy seniň nesliňe berjek» diýdi. Ybraýym Kengan ýurdunda galyp çadyrda ýaşady.
Hudaý Ybraýyma kömek etdi. Şeýdip onuň goýun we beýleki mallardan uly sürüsi hem-de ýüzlerçe hyzmatkäri boldy. Emma Ybraýym bilen Saranyň çagasy ýokdy.
Ybraýym 99 ýaşyndaka Ýehowa oňa: «Sen köp halklaryň atasy bolarsyň» diýip wada berdi. Ýöne bu nädip ýerine ýeterkä, çünki olar çaga edinerden garrydylar?