Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • 4 Musa 9
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

4 Musa kitabynyň mazmuny

      • Wagtynda taýýarlanmadyk Pasha üçin görkezme (1—14)

      • Mukaddes çadyryň depesindäki ot we bulut (15—23)

4 Musa 9:1

Parallel aýatlar

  • +2Ms 40:2; 4Ms 1:1

4 Musa 9:2

Parallel aýatlar

  • +2Ms 12:27
  • +2Ms 12:3, 6; 3Ms 23:5; 5Ms 16:1; 1Kr 5:7

4 Musa 9:3

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: Gün ýaşansoň; garaňky düşüp barýarka.

Parallel aýatlar

  • +2Ms 12:8

4 Musa 9:5

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: Gün ýaşansoň; garaňky düşüp barýarka.

4 Musa 9:6

Parallel aýatlar

  • +4Ms 5:2; 19:14, 16
  • +2Ms 18:15; 4Ms 15:33; 27:1, 2

4 Musa 9:7

Parallel aýatlar

  • +3Ms 7:21; 5Ms 16:2

4 Musa 9:8

Parallel aýatlar

  • +2Ms 25:22; 3Ms 16:2; Zb 99:6

4 Musa 9:10

Parallel aýatlar

  • +4Ms 5:2

4 Musa 9:11

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: Gün ýaşansoň; garaňky düşüp barýarka.

  • *

    Ýa-da: hamyrmaýasyz çörek.

Parallel aýatlar

  • +2Tr 30:2, 15
  • +2Ms 12:8

4 Musa 9:12

Parallel aýatlar

  • +2Ms 12:10
  • +2Ms 12:46; Zb 34:20; Ýah 19:36

4 Musa 9:13

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: öldürilsin.

Parallel aýatlar

  • +2Ms 12:15

4 Musa 9:14

Parallel aýatlar

  • +2Ms 12:8
  • +2Ms 12:19, 48
  • +3Ms 24:22; 5Ms 31:12

4 Musa 9:15

Çykgytlar

  • *

    Sözme-söz: şaýatlyk çadyryny.

Parallel aýatlar

  • +2Ms 40:2, 17
  • +2Ms 40:34, 38

4 Musa 9:16

Parallel aýatlar

  • +2Ms 13:22; Neh 9:19

4 Musa 9:17

Parallel aýatlar

  • +4Ms 10:11, 34
  • +2Ms 40:36, 37

4 Musa 9:18

Parallel aýatlar

  • +2Ms 17:1; 4Ms 10:11—13

4 Musa 9:19

Parallel aýatlar

  • +2Ms 40:37

4 Musa 9:21

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: agşamdan irdene çenli.

Parallel aýatlar

  • +2Ms 40:36; Zb 78:14

Umumy salgylar

4 Mus. 9:12Ms 40:2; 4Ms 1:1
4 Mus. 9:22Ms 12:27
4 Mus. 9:22Ms 12:3, 6; 3Ms 23:5; 5Ms 16:1; 1Kr 5:7
4 Mus. 9:32Ms 12:8
4 Mus. 9:64Ms 5:2; 19:14, 16
4 Mus. 9:62Ms 18:15; 4Ms 15:33; 27:1, 2
4 Mus. 9:73Ms 7:21; 5Ms 16:2
4 Mus. 9:82Ms 25:22; 3Ms 16:2; Zb 99:6
4 Mus. 9:104Ms 5:2
4 Mus. 9:112Tr 30:2, 15
4 Mus. 9:112Ms 12:8
4 Mus. 9:122Ms 12:10
4 Mus. 9:122Ms 12:46; Zb 34:20; Ýah 19:36
4 Mus. 9:132Ms 12:15
4 Mus. 9:142Ms 12:8
4 Mus. 9:142Ms 12:19, 48
4 Mus. 9:143Ms 24:22; 5Ms 31:12
4 Mus. 9:152Ms 40:2, 17
4 Mus. 9:152Ms 40:34, 38
4 Mus. 9:162Ms 13:22; Neh 9:19
4 Mus. 9:174Ms 10:11, 34
4 Mus. 9:172Ms 40:36, 37
4 Mus. 9:182Ms 17:1; 4Ms 10:11—13
4 Mus. 9:192Ms 40:37
4 Mus. 9:212Ms 40:36; Zb 78:14
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
  • 16
  • 17
  • 18
  • 19
  • 20
  • 21
  • 22
  • 23
Mukaddes Kitap
4 Musa 9:1—23

Dördünji Musa

9 Ysraýyllar Müsürden çykandan soň, ikinji ýylyň birinji aýynda+ Ýehowa Sinaý çölünde Musa şeýle diýdi: 2 «Ysraýyllar Pasha gurbanlygyny+ wagtynda+ taýynlasyn. 3 Pasha gurbanlygyny şu aýyň 14-i güni agşamara* öz wagtynda taýynlaň, ähli zady berlen kanuna we görkezmä görä ediň»+.

4 Musa ysraýyllara Pasha gurbanlygyny taýýarlamagy tabşyrdy. 5 Olar Sinaý çölünde birinji aýyň 14-i güni agşamara* Pasha gurbanlygyny taýynladylar. Halk ähli zady Ýehowanyň Musa tabşyryşy ýaly etdi.

6 Halkyň arasynda jesede degip haram bolan adamlar+ bardy. Şonuň üçin olar Pasha gurbanlygyny taýynlap bilmediler. Şol gün olar Musa bilen Harunyň ýanyna gelip+: 7 «Biz jesede degip haram bolduk. Indi bellenilen wagtda beýleki ysraýyllar bilen Ýehowa gurban berip bilmerismi?»+ diýdiler. 8 Şonda Musa: «Hany, garaşyň, Ýehowadan sorap göreýin»+ diýdi.

9 Ýehowa Musa: 10 «Ysraýyllara aýt: „Siz ýa geljekki nesilleriňizden biri jesede degip haram bolsa-da+, ýa uzak ýola gitse-de, Ýehowa üçin Pasha gurbanlygyny taýynlasyn. 11 Gurbanlygy ikinji aýyň+ 14-i güni agşamara* taýynlap, petir çörek* we ajy otlar+ bilen iýsinler. 12 Ertesi irdene çenli gurbanlykdan hiç zat galmasyn+. Gurbanlyk malynyň ýekeje süňküni hem döwmesinler+. Ony Pasha baradaky kanuna görä taýynlasynlar. 13 Eger tämiz ýa-da uzak ýola gitmedik adam Pasha gurbanlygyny taýynlamasa, onda ol halkyň arasyndan ýok edilsin*+, sebäbi ol adam Ýehowa üçin gurbanlygy wagtynda taýynlamady. Ol günäsi üçin jogap berer.

14 Araňyzdaky gelmişekler hem Pasha baradaky kanuna we görkezmä eýerip+, Ýehowa üçin Pasha gurbanlygyny taýynlasyn+. Gelmişek üçinem, ýerli halk üçinem bir kanun bolsun“»+ diýdi.

15 Mukaddes çadyr gurlan güni+ äht sandygy duran çadyry* bulut örtdi. Çadyryň üstündäki bulut gijelerine oda meňzäp, irdene çenli ýanyp durardy+. 16 Her gün şeýle bolardy: gündizine çadyryň depesinde bulut, gijesine bolsa ot durardy+. 17 Bulut çadyrdan ýokary göterilende, ysraýyllar dessine ýola düşerdiler+. Ol nirede saklansa, ysraýyllar hem şol ýerde düşlärdiler+. 18 Olar Ýehowanyň buýrugy bilen ýola düşerdiler, Ýehowanyň buýrugy bilen hem düşlärdiler+. Bulut çadyryň üstünden göterilýänçä, ýola düşmezdiler. 19 Bulut çadyryň depesinde köp wagt dursa-da, ysraýyllar Ýehowa gulak asyp, hiç ýere gitmezdiler+. 20 Käte bulut çadyryň depesinde sanlyja gün durardy. Olar Ýehowanyň buýrugy bilen düşlärdiler, Ýehowanyň buýrugy bilen hem ýola düşerdiler. 21 Käwagt bulut çadyryň üstünde ýekeje gije* durup, irden ýokary göterilerdi. Şonda halk ýola düşerdi. Gündiz bolsun, gije bolsun, bulut haçan göterilse, ýola düşerdiler+. 22 Bulut çadyryň depesinde iki gün, bir aý ýa-da uzak wagt dursa-da, ysraýyllar hiç ýere gitmän, düşelgede ýaşardylar. Bulut göterilende bolsa ýola düşerdiler. 23 Olar Ýehowanyň buýrugy bilen düşlärdiler, Ýehowanyň buýrugy bilen hem ýola düşerdiler. Ähli zady Ýehowanyň Musa tabşyryşy ýaly edip, Ýehowa gulak asardylar.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş