Habakuk
1 Habakuk* pygambere görnüş* arkaly aýdylan habar:
Zalymlardan haçan halas edersiň?
Haçana çenli senden kömek soraýyn?+
3 Erbetligi näme üçin görmeli bolýaryn?
Zulum-süteme näme üçin seredip durýarsyň?
Gözümiň alnynda zorluk-sütem bolýar,
Daş-töweregimde dawa-jenjel turýar.
4 Şonuň üçin kanun öz güýjüni ýitirdi,
Adalat zym-zyýat boldy.
Erbetler dogruçyllary ezýär,
Şonuň üçin adalat ýoýulýar+.
5 «Halklara serediň, ünsli serediň!
Haýran galyp, aňk-taňk boluň.
Sebäbi siziň döwrüňizde şeýle wakalar bolar,
Olar hakda eşideniňizde, öz gulagyňyza ynanmarsyňyz+.
Olar köp ýurtlary basyp almak üçin+,
Ýer ýüzüne aýlanyp çykar.
7 Olar aýylgançdyr, gorkunçdyr.
Olar öz kanunlaryny, düzgünlerini girizer+.
8 Atlary alajabarsdan hem çakgandyr.
Olar gijelerine awa çykan möjek ýalydyr+.
Söweş atlary uzak ýurtlary söküp,
Badyny gowşatman çapyp geler.
Ol halk awuna topulýan bürgüt kimindir+.
9 Zalymlyk olaryň ganyna siňendir+.
Olar başyny birikdirse, gündogar tüweleýi kimindir+,
Ýesirleri çäge ýaly üýşürýändir.
10 Olar patyşalary kemsiderler,
Emeldarlaryň üstünden gülerler+.
Galalary hiç zatça görmezler+.
Olar diwaryň ýanynda gum üýşürip, galany basyp alarlar.
11 Olar ýel kimin öwsüp, ýurduň içinden geçip giderler.
Emma olara zalym işleri üçin jeza berler+.
12 Ýehowa, sen gadymdan bäri barsyň!+
Mukaddes Hudaýym, sen hiç haçan ölümi datmarsyň*+.
Ýehowa, olary hökümleriňi ýerine ýetirmek üçin saýladyň.
Onda nädip hilegärlere çydaýarsyň?+
Erbetler özünden gowurak adama azar berse,
Sen nädip dymyp bilýärsiň?+
14 Adamlar balyk kimin tutulýar,
Deňiz jandarlary kimin tora düşýär.
Sen muňa näme üçin ýol berýärsiň?
15 Duşman* olary çeňňegi bilen tutýar,
Tory bilen awlaýar,
Tory balykdan dolýar,
Ýüregi şatlykdan dolýar+.
16 Tory üçin sadaka berýär,
Toruna gurbanlyk getirýär.
Sebäbi toruna köp balyk düşýär,
Saçagy näz-nygmatdan dolýar.
17 Ol haçana çenli toruny dolduryp-boşadyp durar?*
Milletleri haçana çenli zalymlyk bilen gyrar?+