Ýunus
1 Ýehowa Emitaýyň ogly Ýunusa*+ şeýle diýdi: 2 «Tur, beýik şäher Ninewiýa+ ýola düş. Olara meniň hökümlerimi yglan et, sebäbi halkyň erbet işlerini gördüm».
3 Emma Ýunus Ýehowadan gaçyp, Tarşyşa tarap ugrady. Ol Ýafa gelip, Tarşyşa gidýän bir gämini tapdy. Ýol tölegini berip, gämä mündi. Ýehowadan gaçmak üçin deňizçiler bilen Tarşyşa tarap ýola düşdi.
4 Şonda Ýehowa deňizde apy-tupan turuzdy. Tolkunlar şeýle bir güýçlüdi welin, gämi döwlere geldi. 5 Deňizçiler gorkudan ýaňa öz taňrylaryny çagyrdylar. Olar gäminiň ýüküni ýeňletmek üçin, ähli zatlary deňze taşlap başladylar+. Ýunus bolsa gäminiň ammaryna* düşüp, agyr uka gidipdi. 6 Gäminiň gözegçisi onuň ýanyna baryp: «Nämä ýatyrsyň? Tur ýeriňden, öz taňryňy çagyr! Belki, hak Hudaý rehim edip, başymyzy gutarar»+ diýdi.
7 Olar biri-birine: «Geliň, bije atalyň+. Haýsymyz sebäpli apy-tupanyň turýandygyny bileliň» diýişdiler. Olar bije atdylar, bije Ýunusa düşdi+. 8 Olar Ýunusdan: «Hany aýt, apy-tupan sen sebäpli turdumy? Käriň näme? Nireden gelýärsiň? Nireli bolarsyň? Milletiň näme?» diýip soradylar.
9 Ýunus olara: «Men ýewreý. Deňzi we gury ýeri ýaradan gökleriň Hudaýy Ýehowa sežde edýärin» diýip jogap berdi.
10 Olar öňküsinden-de beter gorkup: «Sen näme günä etdiň?» diýip soradylar. (Ýunus olara özüniň Ýehowadan gaçyp barýandygyny aýdypdy). 11 Deňiz tolkunlary barha möwç urýardy. Deňizçiler Ýunusa: «Deňiz köşeşer ýaly, saňa näme etmeli?» diýdiler. 12 Ol: «Meni göteriň-de, deňze taşlaň, şonda deňiz köşeşer. Apy-tupan men sebäpli turýar» diýdi. 13 Emma deňizçiler bar güýçleri bilen gämini kürekläp, kenara çykarjak boldular, ýöne başarmadylar. Sebäbi deňiz tolkunlary has-da güýjeýärdi.
14 Olar Ýehowa ýalbaryp şeýle diýdiler: «Eý Ýehowa, bir adam üçin bizi heläk etme! Bizi nähak gana galdyrma. Eý Ýehowa, ähli zat seniň islegiň bilen bolýar». 15 Soňra olar Ýunusy göterip, deňze okladylar welin, deňiz köşeşdi. 16 Muny gören deňizçiler Ýehowadan örän gorkdular+. Olar Ýehowa gurbanlyk berip, gulluk etmegi wada berdiler.
17 Ýehowa Ýunusy ýuwudar ýaly bir uly balygy iberdi. Ýunus üç gije-gündiz balygyň garnynda boldy+.