Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Hyzkyl 21
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

Hyzkyl kitabynyň mazmuny

      • Hudaý gylyjyny gynyndan çykarýar (1—17)

      • Wawilon patyşasy Iýerusalime hüjüm eder (18—24)

      • Ysraýylyň erbet baştutany ýok ediler (25—27)

        • «Täjiňi çykar» (26)

        • «Hak eýesi gelýänçä» (27)

      • Ammonlaryň üstünden gylyç iner (28—32)

Hyzkyl 21:2

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Arassa sežde», sah. 53

Hyzkyl 21:3

Parallel aýatlar

  • +3Ms 26:33

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Arassa sežde», sah. 53

    «Garawul diňi»,

    1/7/2007, sah. 14

Hyzkyl 21:5

Parallel aýatlar

  • +Ýer 23:20

Hyzkyl 21:6

Parallel aýatlar

  • +Işa 22:4; Ýer 4:19; Hyz 9:8

Hyzkyl 21:7

Parallel aýatlar

  • +Hyz 7:15—17

Hyzkyl 21:9

Parallel aýatlar

  • +Işa 66:16; Ýer 12:12; Ams 9:4

Hyzkyl 21:10

Çykgytlar

  • *

    Ýagny Ýehowanyň gylyjy.

Parallel aýatlar

  • +1Ms 49:10; 2Şm 7:12, 14

Hyzkyl 21:11

Parallel aýatlar

  • +Ýer 25:9; 51:20

Hyzkyl 21:12

Parallel aýatlar

  • +Hyz 9:8; Mik 1:8
  • +Hyz 19:1

Hyzkyl 21:13

Parallel aýatlar

  • +Ýer 6:27
  • +2Pa 25:7; Hyz 19:14; 21:26

Hyzkyl 21:14

Çykgytlar

  • *

    Käbir gündogar halklarynda el çarpmak gahar-gazaby aňladýar.

Parallel aýatlar

  • +2Pa 25:1, 2

Hyzkyl 21:15

Parallel aýatlar

  • +Hyz 21:7

Hyzkyl 21:17

Çykgytlar

  • *

    Sözme-söz: elimi çarpyp.

Parallel aýatlar

  • +Işa 1:24; Hyz 5:13; 16:42

Hyzkyl 21:20

Parallel aýatlar

  • +Ýer 49:2; Hyz 25:5; Ams 1:14
  • +2Şm 5:9; 2Tr 26:9; 32:2, 5; 33:1, 14

Hyzkyl 21:21

Çykgytlar

  • *

    Sözlüge serediň: Maşgala butlary.

Hyzkyl 21:22

Parallel aýatlar

  • +Ýer 32:24; 52:4

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Garawul diňi»,

    1/7/2007, sah. 14

Hyzkyl 21:23

Çykgytlar

  • *

    Wawilonlylar göz öňünde tutulýan bolmaly.

  • *

    Ýagny Iýerusalimiň ilaty.

Parallel aýatlar

  • +2Tr 36:11, 13; Hyz 17:13
  • +2Pa 25:6, 7

Hyzkyl 21:25

Parallel aýatlar

  • +2Tr 36:11, 13; Ýer 24:8; 52:1, 2; Hyz 17:19

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Arassa sežde», sah. 80

Hyzkyl 21:26

Parallel aýatlar

  • +2Pa 25:5—7; Ýer 52:8, 11; Hyz 12:12, 13
  • +Hyz 21:13
  • +Zb 75:7; Dan 4:17
  • +Dan 4:37; Luk 21:24

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Arassa sežde», sah. 88, 89

Hyzkyl 21:27

Parallel aýatlar

  • +1Ms 49:10; Zb 89:3, 4; 110:1; Işa 9:6; 11:10; Luk 1:32, 33; Ylh 5:5
  • +Zb 2:6, 8; Dan 7:13, 14; Luk 22:29

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Arassa sežde», sah. 88, 89

Hyzkyl 21:31

Parallel aýatlar

  • +Hyz 25:5

Hyzkyl 21:32

Parallel aýatlar

  • +Ýer 49:2, 3

Umumy salgylar

Hyz. 21:33Ms 26:33
Hyz. 21:5Ýer 23:20
Hyz. 21:6Işa 22:4; Ýer 4:19; Hyz 9:8
Hyz. 21:7Hyz 7:15—17
Hyz. 21:9Işa 66:16; Ýer 12:12; Ams 9:4
Hyz. 21:101Ms 49:10; 2Şm 7:12, 14
Hyz. 21:11Ýer 25:9; 51:20
Hyz. 21:12Hyz 9:8; Mik 1:8
Hyz. 21:12Hyz 19:1
Hyz. 21:13Ýer 6:27
Hyz. 21:132Pa 25:7; Hyz 19:14; 21:26
Hyz. 21:142Pa 25:1, 2
Hyz. 21:15Hyz 21:7
Hyz. 21:17Işa 1:24; Hyz 5:13; 16:42
Hyz. 21:20Ýer 49:2; Hyz 25:5; Ams 1:14
Hyz. 21:202Şm 5:9; 2Tr 26:9; 32:2, 5; 33:1, 14
Hyz. 21:22Ýer 32:24; 52:4
Hyz. 21:232Tr 36:11, 13; Hyz 17:13
Hyz. 21:232Pa 25:6, 7
Hyz. 21:252Tr 36:11, 13; Ýer 24:8; 52:1, 2; Hyz 17:19
Hyz. 21:262Pa 25:5—7; Ýer 52:8, 11; Hyz 12:12, 13
Hyz. 21:26Hyz 21:13
Hyz. 21:26Zb 75:7; Dan 4:17
Hyz. 21:26Dan 4:37; Luk 21:24
Hyz. 21:271Ms 49:10; Zb 89:3, 4; 110:1; Işa 9:6; 11:10; Luk 1:32, 33; Ylh 5:5
Hyz. 21:27Zb 2:6, 8; Dan 7:13, 14; Luk 22:29
Hyz. 21:31Hyz 25:5
Hyz. 21:32Ýer 49:2, 3
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
  • 16
  • 17
  • 18
  • 19
  • 20
  • 21
  • 22
  • 23
  • 24
  • 25
  • 26
  • 27
  • 28
  • 29
  • 30
  • 31
  • 32
Mukaddes Kitap
Hyzkyl 21:1—32

Hyzkyl

21 Ýehowa meniň bilen ýene-de gepleşdi: 2 «Ynsan ogly, Iýerusalime bakyp, mukaddes ýerlere garşy hökümi yglan et. Ysraýyla garşy pygamberlik et. 3 Ysraýyl ýurduna Ýehowa şeýle aýdýar diý: „Men saňa garşy çykaryn. Gylyjymy gynyndan çykaryp+, ýagşylary-da, erbetleri-de ýok ederin. 4 Araňyzdaky ýagşy hem erbet adamyň janyny alaryn. Günortadan demirgazyga çenli ähli adamlary gyrmak üçin gylyjymy gynyndan çykararyn. 5 Tutuş halk meniň, Ýehowanyň gylyjymy gynyndan çykarandygymy biler. Indi gylyç gynyna girmez“+.

6 Ynsan ogly, gorky içinde ahy-nala çek. Olaryň gözüniň alnynda dady-perýat et+. 7 Olar senden: „Näme üçin ahy-nala çekýärsiň?“ diýip sorasa, sen: „Ajy habar eşitdim“ diýersiň. Ol hökman ýerine ýeter. Gorkudan ýaňa her kesiň ýüregi ýarylara geler, gollarynyň ysgyny gaçar, her bir adam gaýgy-gama batar, balagyna goýberer+. Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Heläkçilik hökman geler, başyňyzdan iner“».

8 Ýehowa meniň bilen ýene-de gepleşdi: 9 «Ynsan ogly, pygamberlik et. Ýehowa şeýle aýdýar diý: „Gylyç! Gylyjy+ ýiteltdiler, çarhladylar. 10 Ol köp adamlary gyrar ýaly ýiteldildi, ýyldyrym kimin ýylpyldar ýaly çarhlandy“».

Şonda halk: «Biz begenmeli dälmi näme?!» diýdi.

Emma Hudaý şeýle diýdi: «Ol* ähli agaçlary çapyşy deý, oglumyň şa hasasyny hem çapar+.

11 Gylyç çarhlanmaga, adamlary öldürmäge berildi. Gylyjy jelladyň eline bermek üçin+ ýiteltdiler, çarhladylar.

12 Ynsan ogly, dady-perýat et, zar-zar agla+. Sebäbi gylyç halkymyň başyndan iner. Ysraýylyň ähli baştutanlaryny gyrar+. Olar halkym bilen bile gylyjyň pidasy bolarlar. Şonuň üçin ahy-nala çekip, dyzyňa ur. 13 Synag tamamlandy+. Gylyç şa hasasyny çapsa näme bolar? Ondan nam-nyşan galmaz+ — muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar.

14 Sen bolsa, ynsan ogly, pygamberlik et we eliňi çarpyp*, üç gezek: „Gylyç!“ diýip gygyr. Gylyç adamlaryň başyny alar, uly gyrgynçylyk bolar, gylyç olary gabar+. 15 Gorkudan ýaňa her kesiň ýüregi ýarylara geler+ we şäher derwezesinde öldürilenler köp bolar. Men gylyç bilen gyraryn. Hawa, adamlary gyrmak üçin gylyç ýyldyrym deý ýylpyldaýar, onuň ujy çarhlanýar. 16 Eý kesgir gylyç! Sagyňdakyny çap, soluňdakyny ur! Ugruň nirä bolsa, şol tarapa eň! 17 Men ýeňimi çermäp*, olary höküm ederin. Şonda meniň gaharym köşeşer+. Muny men, Ýehowa aýdýaryn».

18 Ýehowa meniň bilen ýene-de gepleşdi: 19 «Ynsan ogly, Wawilon patyşasy eli gylyçly geler ýaly iki ýol çyz. Ikisi hem bir ýurtdan çykyp gaýtsyn. Soňra ýol iki şähere tarap bölünsin, bölünýän ýerinde ýol belgisini goý. 20 Gylyç üçin ýollaryň birini „ammonlaryň Rapa+ galasy“ diýip belle. Beýlekisini „Ýahudanyň Iýerusalim+ şäheri“ diýip belle. 21 Wawilon patyşasy ýoluň çatrygynda, ikä bölünýän ýerinde durup, pal atar. Ol oklary silkelär, butlaryndan* maslahat sorar, malyň bagryna seredip, pal atar. 22 Sag elindäki pal atýan zady Iýerusalimi görkezer. Ol şäheriň diwaryny ýykýan enjamlary dikmegi, ölüm permanyny çykarmagy, söweş surnaýyny çalmagy, derwezeleri ýykýan enjamlary gurmagy, gabaw depesini dikmegi we gabaw diwaryny gurmagy aňladýar+. 23 Olara* ant içenler* muny ýalan pygamberlik hasaplar+. Emma Wawilon patyşasy halkyň günäsini ýatlar we olary ýesir alar+.

24 Şonuň üçin Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Sen günäli hem erbet işleri edip, ýazyklaryňy mese-mälim etdiň. Şeýdip, öz aýybyňy özüň açdyň. Günäleriň äşgär boldy, indi duşmanlaryň seni zor bilen alyp gider“.

25 Ysraýylyň agyr ýaralanan erbet baştutany+, seniň hasabat bermeli sagadyň geldi. 26 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Selläňi aýyr, başyňdan täjiňi çykar+. Indi öňküsi ýaly bolmaz+. Pesler beýgeldiler+, beýikler peseldiler+. 27 Men heläkçilik, heläkçilik we heläkçilik indererin. Täç hak eýesi gelýänçä+ hiç kime berilmez. Men täji eýesine bererin“+.

28 Ynsan ogly, pygamberlik edip şeýle diý: „Kemsidiji sözleri aýdýan ammonlar hakda Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Gylyç gelýär! Gyrmak üçin gynyndan çykdy. Ol gan dökmek üçin çarhlandy, ýyldyrym kimin ýagty saçdy. 29 Pygamberleriň we palçylaryň aýdan sözleri ýalan bolup çykar. Olaryň hasabat bermeli sagady geldi, olaryň jesetleriniň üstüne siziň hem jesetleriňiz taşlanar. 30 Gylyç gynyna girer. Men sizi eneden doglan ýeriňizde, göbek ganyňyzyň daman ýerinde höküm ederin. 31 Üstüňize gazabymy dökerin. Lowlaýan gaharym bilen kül ederin. Sizi zalym adamlaryň, kellekeserleriň eline tabşyraryn+. 32 Siz odun kimin oda taşlanarsyňyz+. Ýurtda ganyňyz sil deý akar. Gaýdyp hiç haçan ýatlanmarsyňyz. Muny men, Ýehowa aýdýaryn“».

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş