1 Şamuwel
15 Soňra Şamuwel Şawula: «Ýehowa seni ysraýyl halkyna patyşa bellemek üçin, meni ýanyňa iberdi+. Ýehowanyň sözüni diňle+. 2 Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Amalekler ysraýyllara eden ýamanlyklary üçin jogap berer. Ysraýyllar Müsürden çykyp gelýärkä, amalekler olaryň üstüne çozdular+. 3 Git-de, amalekleri derbi-dagyn edip+, mal-mülki bilen bütinleý ýok et+. Birine-de haýpyň gelmesin, aýal-erkek, çaga, öküz, goýun, düýe ýa eşek diýmän, baryny gyr“»+ diýdi. 4 Şawul Telaýymda goşuny ýygnap sanady. Ýahudadan 10 000 esger, ysraýylyň galan taýpalaryndan bolsa 200 000 pyýada esger çykdy+.
5 Şawul amalekleriň şäherine ýetip, jülgäniň ýanynda nökerleri bilen bukuda ýatdy. 6 Ol kenlere+: «Amalekler bilen heläk bolmaz ýaly, olaryň ýanyndan aýrylyň+. Ysraýyl halky Müsürden çykyp gelýärkä, siz olara ýagşylyk edipdiňiz*»+ diýdi. Olaram amalekleriň ýanyndan aýryldy. 7 Şawul amalekleri+ Hawyladan+ Müsüriň gabadyndaky Şura+ çenli derbi-dagyn etdi. 8 Ol amalek patyşasy Agagy+ diriligine ele saldy, galanlaryny gylyçdan geçirdi+. 9 Şawul bilen nökerleri dözmezçilik edip, Agagy öldürmediler, maýda mallaryň, sygyrlaryň iň gowusyny, semiz mallary, goçlary we başga-da gowy zatlary ýok etmediler+, diňe derde ýaramaýan zatlary ýok etdiler.
10 Ýehowa Şamuwele: 11 «Şawuly patyşa edenime ökünýärin*, ol sözümi berjaý etmän, ýolumdan sowuldy»+ diýdi. Muny eşidip, Şamuwel gaty gynandy. Ol uzak gije Ýehowany çagyryp, dady-perýat etdi+. 12 Ertesi ir bilen Şawuly görmäge gitjek bolanda, Şamuwele: «Şawul Karmele+ baryp, özüne ýadygärlik oturtdy+, soňam aşak Gilgala gitdi» diýip habar berdiler. 13 Şamuwel baranda, Şawul: «Ýehowa seni ýalkasyn! Men Ýehowanyň aýdyşy ýaly etdim» diýdi. 14 Şamuwel bolsa: «Gulagyma goýunlaryň, sygyrlaryň sesi eşidilýär-le»+ diýdi. 15 Şawul: «Olary amaleklerden alyp gaýtdyk. Nökerlerim goýunlaryň, sygyrlaryň iň gowusyny öldürmäge dözmedi, olary Ýehowa Hudaýyňa gurbanlyk bermäge getirdik, galanlaryny öldürdik» diýdi. 16 Şonda Şamuwel: «Besdir! Saňa Ýehowanyň öten agşam diýen zadyny aýdaýyn»+ diýdi. Şawul: «Aýdyber!» diýdi.
17 Şamuwel sözüni dowam edip: «Ýehowa seni patyşa belläp+, ysraýyl taýpalaryna baş etdi, şonda özüňi mynasybam görmändiň+. 18 Ýehowa saňa: „Git-de, azgyn amalekleri derbi-dagyn et+. Olaryň üstüne çozup, baryny gyr“+ diýip tabşyrdy. 19 Ýehowanyň sözüne näme üçin gulak asmadyň? Olja göz gyzdyryp+, Ýehowanyň ýigrenýän işini etdiň» diýdi.
20 Şawul bolsa: «Men Ýehowanyň sözüne gulak asdym-a! Ýehowanyň tabşyryşy ýaly gidip, amalek patyşasy Agagy ýesir aldym. Amalekleri derbi-dagyn etdim+. 21 Ýöne adamlar oljadan goýunlaryň, sygyrlaryň iň gowusyny Gilgalda Ýehowa Hudaýyňa gurbanlyk bermäge alyp gaýtdylar»+ diýdi.
22 Şonda Şamuwel: «Ýehowa nämäni has gowy görýändir öýdýäň: ýakma gurbanlyk bilen sadakalarymy+ ýa-da sözüne gulak asmagy? Ýehowa gulak asmak gurbanlykdan gowudyr, Hudaýa tabyn bolmak goçlaryň ýagyndan gowudyr+. 23 Boýnuýogynlyk etmek*+ palçylyk+ ýaly, gopbamsylyk etmek jadygöýlik bilen butparazlyk* ýaly günädir. Sen Ýehowanyň sözüne gulak asmadyň+, şonuň üçin ol hem seni patyşalykdan aýyrýar»+ diýdi.
24 Şawul bolsa: «Men günä etdim, Ýehowanyň tabşyrygyny bozdum, saňa-da gulak asmadym. Adamlardan gorkup, olaryň aýdanyny etdim. 25 Ýalbarýaryn, günämi geç. Ýör, bile yzymyza gaýdaly, men Ýehowa tagzym etjek»+ diýdi. 26 Emma Şamuwel: «Ýok, men seniň bilen gitjek däl, sen Ýehowanyň tabşyrygyna gulak asmak islemediň, indi Ýehowa-da seniň Ysraýylyň patyşasy bolmagyňy islemeýär»+ diýdi. 27 Şamuwel gitjek bolup yzyna öwrülende, Şawul onuň donunyň etegine ýapyşdy, ýöne don elinden sypyp gitdi. 28 Şonda Şamuwel: «Şu gün Ýehowa Ysraýyl patyşalygyny eliňden gaňryp aldy. Ol patyşalygy senden has gowy birine berer+. 29 Onsoňam, Ysraýylyň Şöhratlysy+ ýalan sözlemez+ ýa pikirini üýtgetmez*. Ol pikirini üýtgeder ýaly ynsan däldir»+ diýdi.
30 Şawul: «Men günä etdim. Ýalbarýaryn, meni ýaşulularyň, halkyň öňünde masgara etme. Ýör, bile yzymyza gaýdaly, Ýehowa Hudaýyňa tagzym edeýin»+ diýdi. 31 Şonda Şamuwel onuň bilen gitdi. Şawul Ýehowa tagzym etdi. 32 Soňra Şamuwel: «Amalek patyşasy Agagy getiriň» diýdi. Agag onuň ýanyna ýaýdana-ýaýdana* bardy, sebäbi ol içinden: «Indi-hä meni öldürmeseler gerek*» diýip otyrdy. 33 Şamuwel Agaga: «Sen gylyjyň bilen eneleri çagalaryndan mahrum etdiň. Indi öz ejeň hem perzendinden mahrum bolup, bagtygara aýal bolsun» diýip, ony Gilgalda Ýehowanyň huzurynda gylyçdan geçirdi+.
34 Soňra Şamuwel Rama gitdi, Şawul bolsa öýüne Gibeýa gaýtdy. 35 Şamuwel galan ömrüne Şawuly görmedi, ol Şawul sebäpli hasrat çekip gezdi+. Ýehowa-da Şawuly Ysraýyla patyşa bellänine ökündi+.